Gün ulgamynda dokuzynjy planeta ýüze çykaryldy
Hünärmenler Koýper guşagynyň aňyrsynda bolup geçýän wakalary öwrenýärler. Olaryň toplan maglumatlaryna görä, şol ýerde ullakan planetanyň bardygyny görkezip biljek alamatlar bar. Muny käbir ownuk jisimleriň uzyn orbitalary görkezýär. Olaryň käbiriniň ýarymoky 250 astronomiki birligine çenli ýetýär. Bu kosmos obýektlerine entek açylmadyk uly planetanyň dartyşynyň täsir edýän bolmagy-da ähtimal diýip, çeşme belleýär.
Alymlar obýektiň ýerleşýän ýerini takyk aýdyp bilmeýärler. Şeýle hem, onuň takmynan orbitasy barada-da maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, astronomlar Gün ulgamyndaky täze kosmiki jisimiň - dokuzynjy planetanyň ululygynyň Ýeriň görkezijilerinden 6,2 esse artykdygyna ynanýarlar. Häzirki wagtda alymlaryň bu çaklamany subut etmek üçin ýeterlik gurallary ýok. Munuň üçin zerur bolan obserwatoriýa diňe 2023-nji ýylda astronomlaryň ygtyýarynda bolar.

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.