Gara girdaplar
Eýnşteýniň otnositellik taglymatyna görä, asman gümmezinde bolaýmaly, emma Ýerden gözegçilik edip bolmaýan, täsirine düşen hemme zady özüne çekip ýuwudýan asman jisimi. Onuň dartyş güýjünden sypmak üçin, şöhleden ýokary tizlik bilen hereket etmeli. Olaryň bar ýerleri, diňe gara girdaba gaçýan gazlaryň togtamaklary zerarly şöhläniň gyzyp, gysga rentgen tolkunlaryny goýberýändiklerine gözegçilik etmek bilen anyklanylýar. Eger Ýeriň häzirki massasyndan hiç zat ýitirmän, ony gysyp radiusy 9 mm bolan togalaga öwürseň ýa-da Güni häzirki massasyndan hiç zat ýitirmän, ony 969000 km-den gysyp, radiusy 3 km togalaga öwürseň, onda olaryň hem gara girdaba öwrülip biljekdiklerini görkezýän hasaplar bar. Şol radiusa Şwarsşildiň radiusy diýilýär. Alnan maglumatlara görä, ýyldyzyň massasy Günüň massasyndan 3 esse artyk bolan halatynda, ol ýyldyz ömrüniň ahyryny gara girdaba öwrülmek bilen tamamlaýar diýlip çak edilýär.
Hojamuhammet MELÄÝEW
Syrly Älem.
Asgabat. Ylym. 2004 ý.
Hojamuhammet MELÄÝEW
Syrly Älem.
Asgabat. Ylym. 2004 ý.
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.