Ýer planetasy

Gün Äleminiň 3-nji planetasy Ýerdir. Ol Günden ortaça hasap bilen 149,6 mln km/s sagatda (100 000 km) tizlik bilen hereket edip, bir aýlawy 365,24 günde tamamlaýar. Ýer perigelide 30,27 km/s, afelide 29,27 km/s tizlik bilen hereket edýär. Onuň tebigy hemrasy bar. Ol Aýdyr. Ýeriň ortaça (deňiz derejesi boýunça) kabul edilen radiusy 6371,03 km, ekwatorial radiusy 6378,16 km, polýar radiusy 6356,779 km massasy 5,979 · 10 21 tonna. Ýeriň özeni dört gatlaga bölünýär: demirden we nikelden ybarat bolan we radiusy 1200 km-e ýetýän ýadrosy, ol ýerde temperatura 4000oS gradusa ýetýär. 2-nji gatlagynyň galyňlygy 2300 km-e ýetýär. Oňa ýeriň mantiýasy (ýadrosynyň üstündäki örtügi) diýilýär. 4-nji gatlagynyň galyňlygy bolsa 6-40 km aralykda üýtgeýär diýlip hasap edilýär. 3-4-nji gatlaklara Ýeriň litosferasy (gabygy) diýilýär. Onuň atmosferasy we magnit meýdany bar. Güne iň ýakyn nokady perigeliden, 147 mln km. uzaklykdan Ýanwaryň 3-ne geçýär, iň uzakdaky nokady afeliden, 152 mln. km uzaklykdan Iýulyň 3-ne geçýär. Ýeriň oky onuň hereket edýän tekizligine gyšyklygynyň üýtgemeýändigi üçin, pasyllaryň çalyšmagy ýüze çykýar. Ýeriň howasynyñ düzüminiň 78%-i azotdan, 21%-i kislorotdan, 1%-i bolsa argon we beýleki gazlardan ybaratdyr.


Hojamuhammet MELÄÝEW

''SYRLY ÄLEM''
Aşgabat-2004
3 лайков 360 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Нежная леди
12 июн 2021, 22:06
Gyzykly fakt eken ++++++
#B.S
12 июн 2021, 22:08
Bah bulary kim olcap cykdyka? Nadip olcedika? :))))))))))))
Şamuhammet
Автор 12 июн 2021, 22:08
@Нежная леди, dogrudanam gyzykly faktmy!?
Нежная леди
12 июн 2021, 22:11
Jeksparro,daa...
#B.S
12 июн 2021, 22:14
Fktdygyny nadip bilyaniz, belki yalan maglumatlardyr?! :)))
aymyrat
12 июн 2021, 22:14
Men bularyn ahlisini bilyadim mana gyzyksyz
Şamuhammet
Автор 12 июн 2021, 22:16
@Khanture, akly ýerindäki adama subut etseň düşüner, ýöne sen düşünmezlige salarsyň, şoň üçin düşündirip, subut edip oturmagyň hajaty ýok saňa... Sebäbi Türkmen astronomlaryň /A. Abdylow, D. Amandurdyýew, M. Beghanow, H. Gulmämmedow, M. H. Kadyrow, S. Muhammetnazarow/ hemmesiniň gözleri gapyk sen üçin. Olar masonlyga hyzmat edýärler we Ýeriň ölçegini, tegelekmi ýa togalakmy onam bizden gizleýärler seň pikiriňçe.


???
Albassy
12 июн 2021, 22:21
Hojamuhammet aga köp işleri eden adamdy. Gowy gepleşikleri taýýarlaýardy
Dayanc
12 июн 2021, 22:23
Hihahi
Masonjyk yene başlady
Şamuhammet
Автор 12 июн 2021, 22:24
@Albassy, ol professoram illuminata gulluk edýär şu @khantureniň, pikiriçe.


?
Gudrat
12 июн 2021, 23:23
Khanture,
Minusy sen basdyň gerek ☺?
Şamuhammet
Автор 13 июн 2021, 06:41
@Gudrat, şol basan bolaýmasa! Aslynda minus (-)(+) plýus diýilýän zadyň maňa bildirýän zadam ýok welin... ?