Ugedeý han hakynda

Ugedeý han (d. 7 Noýabr 1186 - ö. 11 Dekabr 1241) Çingiz hanyñ ogullarynyñ biri we mirasdüşeri. Çingiz handan soñra Mongol hökümdarlygy gurulup kakasynyñ orta ýolda goý bolsun eden basybalyjylygyny doly suratda dowam etdirip, Ýasalary düzgünleşdiripdir.
Ugedeý hanyñ dogulan wagty anyk belli däl. Ýöne ol Aziýa sähralygynyñ iñ uly çöli Gobi çöllüginde dünýä inipdir. Günbatar çeşmelerde Okkodaý (Occoday), Hakota (Hacotha), Etherakan, Ektaýs, Okuwaý, türkçe Oktaý, Ögedaý diýilýär eken. Ol Çingiz hanyñ üçünji ogly bolupdyr. Ugedeý 1203-nji ýylda Kereýitler bilen bolan Halahalkit söweşinde agyr ýaralanýar. 1204-nji ýylda Merkitler Mongol agalygyna girýärler we Merkit hanyñ gyzy Töregene öýlenýär. 1206-njy ýylda başarnykly subaýlardan Iluge we Degoýiniñ ýanynda bolýar. 1211-1216-njy ýyllar aralygynda Hytaýa bolan ýörüýşlere goşuldy.
1219-njy ýylda mirasdüşerlige saýlanan Ugedeý beýleki iki doganlary Juçy we Çagataý bilen birlikde Horezmşalar hökümdarlygyna garşy basybalyjylykly ýörüşlere goşulypdyr. Otrara çozuş edilende özüniñ başarnyklylygyny görkezdi. Çingiz hanyñ ölüminden soñ Ugedeýi han yglan etdiler. Çingiz hanyñ hökümdarlygynyñ serhetlerini giñeltmek üçin täzeçe maglumatlary we pikirdeşleri tapynan Ugedeý han täze Ýasalary (kanun) taýynlady. Jigsi Çagataýa Uýgur ülkesinden Horasana çenli aralykdaky topraklary ýer-ýurt edip berýär. Mongol imperiýasyna garaşly ülkelerden getirilýän ýyllyk salgytlary ýola goýdy. On bäş ýaşdan ýokarda bolan erkek-göbeklileriñ sanyny sanatdyrdy. Çykarylan sanlardan peýdalanyp esger sanyny hem şoña görä köpeltdirdi.
1229-njy ýylda Karmagon Noýany Horezmşalaryñ üstüne basypalyşa ugradýar. Ýeñlişe sezewar bolan Jelaletdin Horezmşanyñ 1231-nji ýylda öldürilmegi bilen Mongol ordasy Eýranyñ günbatarlaryna tarap ýörüşlerini dowam etdirdi. Ugedeý Hytaýa tarap ýörüş etjek bolup ýören wagtlary Subitaý Noýany birnäçe Mongol şazadalary bilen birlikde Gypjaga tarap ugratdy. Beýleki bir mongol goşunlary bolsa Keşmire we Owganystana girdi. Ugedeý hem jigsi Çagataýy ýanyna alyp Hytaýa tarap basypalyşa çykdy. Çaknyşyklarda Hytaý goşunlary ýeñlişe sezewar boldy.Altmyşdanam köpüräk gala we şäherler ele geçirildi. Demirgazyk Hytaýy dolulygyna diýen öz ýaly eýeçiligine geçiren Ugedeý 1234-nji ýylda Garaguruma tarap bardy. Ugedeý bilen Anadolydaky Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubat I dagylaryñ arasynda ýogyn diplomatik gatnaşyklar bolup geçýär. Ugedeý Keýkubady özüne baglanmalydygyny sorap Garaguruma çagyrýar. Keýkubat bolsa oñ çakylygyna barman het dürli bahanalar bilen baryp bilmejekdigini aýdýar.
Şol sebäpdenem Ugedeý Jarmagon Noýany Anadola ugradýar. Mongol goşuny gysga wagtyñ içinde Azerbeýjany eýeleýär. 1236-njy ýylda ogly Kutany Sung patyşalygyna tarap (Günorta Hytaý) ugradan Ugedeý täze ýörüşleriñ planyny düzmek üçin gurultaý geçirdi. Bir milliona golaý mongol esgerleri yzygiderli talañçylykly çozuşlary geçirmegi gerekdi. Tuluýyñ ogly Mengu, Çagataýyñ ogly Baýdar, Ugedeýiñ ogly Güýük we Sudaý Bahadyr, Batunyñ serkerdeliginde Günbatara tarap ýörüş geçirilýär. Bu täze çozuş syýasaty sessiz durgunly ýagdaýdaky Gündogar Günbatar taraplar uly ýitgileri, medeniýet bozgunlygyny başyndan geçirmäge başlady. Gürjüstandan başlanan çozuşlar Batu we talañçy güýçler serkerdesi Bela tarapyndan Günbatara ugrukdyrylyp Başgyr, Gazak, Bolgar ýurtlaryna we Russiýa tarap baryp ýetdi. 1236-njy ýylda Russiýa Mongollara garaşly döwlet bolup galdy. 1239-njy ýylda Kiýewi Batu, Galiçýany eýeläp Wengriýa (Hungariýa) tarap hereket etdi. Bela bolsa Polşa, Sileziýa we Morawýa çozup girdi. Mongol goşunlary Wistul derýasyna çenli birnäçe etrapdyr şäherleri ýykan-ýumran edip geçdiler. Bela Ugedeýiñ buýrugy bilen 1241-nji ýylda Krakowiýa çozup girdi.
Ýewropa döwletleriniñ toplanan goşunlary uly ýeñlişe sezewar boldylar. Batu bolsa ilerläp Budapeştiñ öñüne gelýär. 1240-njy ýylda Tatarystanda milli däp-dessur bolup galan aw-şikarda köp içip serhoş bolup syrkawlaýar. Köp wagtlap syrkawlap ýatýar. 1241-nji ýylda ölüminiñ yz ýany zäherlenendigi hakdaky şübheler döwlet adamlaryny howsala düşürýär. Şondan soñ käbir gyrnaklar we döwlet adamlary öldürilýär. Ölüminden soñ hökümdarlygy bäş ýyllap aýaly Töregene dolandyrdy. Ogly Güýük han 1246-njy ýylda Kaganlyga yglan edilýär. 1249-njy ýylda Güýük öleninde mongol tagtyna Mengü geçýär.
Ugedey Şaman ynanjyna uýandygyna garamazdan Yslamyýete hem hormaty bolupdyr. Hytaýly wezir Ili Çütesaýdan ylym-bilim alypdyr. Imperiýany adalatly dolandyrmagy arzuw eder eken. On üç ýylyñ içinde dünýäniñ ýarysyna barabar topraklarda höküm sürüpdir.




@Jeksparro
1 лайков 154 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
Автор 12 июн 2021, 22:07
Ýer ýüzüniň gara tegmili, wagşy mongollaryň arasyndan gopan zürýat!
Dayanc
12 июн 2021, 22:08
Çukurdada bara olaryn atlary. Seret fantaziya bah