Çingiz han
(hakyky ady – Temujin, Temuçin) (takmynan 1155, Onon derýasynyň boýundaky Delpun – Boldan bölegi – 25.8.1227) – bitewi Mongol döwletini esaslandyryjy, serkerde. Ýesugeý batyryň urugyndan bolan maşgalalaryň birinde dogulýar. 1204-nji ýyla çenli Çingiz han häkimlik ugrundaky esasy bäsdeşlerini ýok edýär we ägirt giň territoriýany basyp alýar. 1206-nji ýylda sähra aristokratiýasynyň gurultaýynda ol mongol taýpalarynyň hemmesiniň beýik hany diýlip yglan edilýär. Çingiz han içeri syýasatda mongol taýpalaryny birleşdirmäge we feodallaşan urug-taýpa baýlarynyň bähbidini goraýan täze döredilen hökümeti dolandyrmagyň merkezleşdirilen usulyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Ol 1206-njy ýylda ýörite karar bilen mongol taýpalaryny harby-administratiw birliklere bölýär. Çingiz han 10 müň adamly şahsy gwardiýa (keşig) döredýär, ol döwlete garşy närazylyklaryň ýüze çykan ýerlerindäki hereketleri basyp ýatyrmakda esasy güýç bolýar. Çingiz han daşary syýasatda öz häkimligindäki territoriýany maksimal giňeltmäge ymtylýar. 1207-1211-nji ýyllarda Çingiz han Sibiriň we Gündogar Türküstanyň halklaryny boýun egdirýär, 1211-nji ýylda bolsa Szin döwletiniň üstüne çozýar. Bu uruşlar döwleti güýçden gaçyrýar, XIII asyryň ahyrlarynda döwlet syýasy, ykdysady we medeni taýdan pese düşýär. Çingiz han 1226-njy ýylda Si-sýa döwletine garşy geçiren ýörişi wagtynda, şonuň territoriýasynda ölýär.
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.