Orazgül Agajanowa: Sosialistik zähmetiň gahrymany bolan ilkinji türkmen zenanydyr

Başy dik gezip ýören bolsady, Sosialistik zähmetiň gahrymany bolan ilkinji türkmen zenany Orazgül Agajanowa şu ýyl 100 ýaşyny toýlardy.

Sylaglanýanlaryň beýleki hünärlere garanyňda, şeýle köp bolmagy ilkinji garaýyşda birneme geň görünse-de, hünärmenler we bu işe gönüden-göni öz zähmetini maýa goýýanlar üçin bu gaty mantykly we düşnüklidir.

Hasaplamalara görä, Türkmenistanyň dürli döwürlerde Sosialistik zähmetiň gahrymany diýen ada eýe bolan üç ýüzden gowrak raýatynyň azyndan ýarysyndan gowragy oba hojalyk işgärleridir. Has takygy, bular Gündogarda “Ak altyn” diýlip atlandyrylýan pagtany ösdürip ýetişdirmäge we ýygmaga dahylly adamlardyr.

“Ak altyny” aýal eliniň has gowy ýygýandygy-da tötänden däldir. Şonuň üçin-de respublikanyň gahryman-pagtaçylarynyň arasynda näzik jynsyň wekilleri-de azlyk etmeýär. Pagta ýygmagyň agyr zähmeti aýratyn çydamlylygy, sabyrlylygy we erjelligi talap edýär. Eýsem, bu häsiýetler aýaldan başga kimde bolup biler?!

Türkmenistanyň geljekki zähmet gahrymany pagtaçylyga ýaşlygyndan içgin girişdi. Onuň dogduk ýeri bolan Tagtabazar etrabynyň Sonaly obasynyň ýaşaýjylary üçin pagta esasy ekindi. Şonuň üçin-de uly ýaşly ilatyň ählisi diýen ýaly ony ösdürip ýetişdirmek we ýygmak bilen meşguldy. Bu Orazgül üçinem tebigy zat boldy.

Pagtaçy zähmeti onuň üçin del zat däldi. Ilkibatlaryna olaryň pagtasyna “Müsür pagtasy” diýilmegi biraz geň galdyrýardy. Soň garrylar ösdürip ýetişdirýän görnüşleriniň uzak ýurtlardan getirilendigini düşündirdiler. Müsür sortunyň bäsdeşlik häsiýeti onuň ýylmanaklygy, ýumşaklygy we ýalpyldawuklygydy. Dürli dykyzlykly we usulda dokalan pagta süýümlerinden öndürilen matalar ýumşak hem çydamly bolýardy. Soňlar gymmatlygy we zolaklar boýunça seçilip alnan täze görnüşleriň ýüze çykmagy sebäpli, müsür pagtasy terk edildi.

Komsomol ýaşlar zwenosyna düşen Orazgül 26 ýaşynda öz toparynyň baştutany bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de ilkinji üstünliklerini gazanýar. Onuň zwenosy rekord derejede – her gektardan 65,65 sentner hasyl alýar. Orazgül we onuň brigadasy diňe bir goňşy etraplarda däl, eýsem tutuş respublikada-da tanalyp başlaýar.

Record üstüne rekord gazanylýar. Indi Agajanowa barada tutuş respublika bilýär. Ol “öňdebaryjy-stahanowçylar” hataryna girýär. Gazanylan iş depgini 1948-nji ýylyň 5-nji aprelinde pagtadan ýokary hasyl alandygy üçin, O. Agajanowa SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň karary bilen Lenin ordenini we “Orak we Çekiç” altyn medaly gowşurmak bilen, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at berilmegine alyp barýar. Şol wagt ol 27 ýaşyndady. Bir ýyldan soň edermenlikli işi üçin oňa ikinji Lenin Ordeni berilýär.

Otuz iki ýaşyndaka, obadaşlary ony Sonaly oba geňeşiniň başlygy, biraz soňra bolsa kolhoz başlygynyň medeniýet boýunça orunbasary edip saýlaýarlar.

Şeýlelik bilen, Orazgül üçin jemgyýetçilik işi başlanýar. Ol bu işde esasy wezipesini adamlar, şol sanda obadaşlary barada aladada görýär. Ol hemmelere kömek edýärdi – birlerine anyk kömek we alada, başga birine hoş sözdür maslahat bilen. Muňa, elbetde, biperwaý garalmady. 1961-nji ýylda ony Moskwa iberýärler. Önümçiligiň beýleki saýlama öňdebaryjylary bilen bilelikde ol SSKP-niň 22-nji gurultaýynyň işine gatnaşýar.

Soňlugy bilen, O. Agajanowa respublikanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzalygyna, Türkmenistanyň Ýokary Geňeşiniň (Mejlisiniň) deputatlygyna saýlanýar. Emma ol ähli meseleler boýunça özüne ýüz tutan her bir adam üçin elmydama sada we açykgöwünliligine galypdy.

Hormatly dynç alşa çykandan soň hem, Orazgül adamlardan daşlaşman, dogduk obasynda galypdy. Köp ýyllaryň dowamynda ildeşleri maslahat we goldaw sorap, onuň ýanyna gelýärdiler. Ol – häli-häzire çenlem halkyň hatyrasynda. Halk üçin ol diňe giň göwünli, açyk ýürekli, mähirli we olaryň aladasyny edýän adamdy, şeýle bolmagynda-da galýardy.
0 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.