Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ taryhy

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 1927-nji ýylda “Daşhowuzyň pedagogik tehnikumy” ady bilen döredildi. Ilki okuwyň möhleti 3 ýyllyk bolup, ilkinji okuw ýylynda 100 adam okuwa kabul edilýär. 1930-njy ýylda “Başlangyç klas mugallymy” hünäri bilen uçurymlaryň ilkinji goýberilşi bolýar.
1941-1942-nji okuw ýylynda okuwyň möhleti 2,5 ýyla çenli gysgaldylýar. Mugallymlaryň uly topary, talyplaryň hem 100-e golaýy 1941-nji ýylyň dekabrynda meýletinlik bilen Watan goragyna ugraýarlar. Olaryň arasynda ömrüniň ahyryna çenli döwletimiziň bilim ulgamynda zähmet çeken biziň Mugallymçylyk mekdebimiziň uçurumy Sowet Soýuzynyň gahrymany Saparmät Hojaýew hem bardy.
Beýik Watançylyk urşundan soňra, dikeldiş ýyllarynyň kynçylyklaryna seretmezden, biziň okuw jaýymyzda başlangyç klas mugallymlaryny taýýarlamak dowam etdirilýär.
Bu baýry okuw mekdebinde döwletimiziň orta mekdeplerine başlangyç synp mugallymlary, mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik edaralaryna çagalar bagynyň terbiýeçisi hünärleri boýunça häzirki wagta çenli 20130-den gowurak hünärmenler taýýarlandy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow, Sowet Soýuzynyň gahrymany Saparmät Hojaýew, sosialistik zähmetiň gahrymanlary Togta Sabirowa, Pirjan Ýegendurdyýew, Türkmenistanyň gahrymanlary Sapyş Çerkezow, Sadulla Rozmetow, taryh ylymlarynyň doktory Sapardurdy Kakabaýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Aman Saryýew, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, belli alym we döwlet işgäri Hangeldi Bekmyradow ýaly tanymal adamlar biziň Mugallymçylyk mekdebimizi tamamladylar.
Biziň Mugallymçylyk mekdebimizde ussat mugallymlardan Ogulnabat Garaýewanyň, Dursun Mahmudowanyň, Ýazmyrat Hojanyýazowyň, Tirkeş Nepesowyň, Suhan Babanowyň, Bibiş Saparowanyň Türkmenistanyň ussat mugallymy Arazmyrat Jumanazarowyň işländiklerini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta we hünärment mekdepleri barada edýän tagallalary netijesinde Mugallymçylyk mekdebizde 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap okuwyň möhleti 2 ýyldan 3 ýyla çenli uzaldyldy. Mugallymçylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalary esasynda mekdebimizde okuwlar umumy, amaly, söhbet we tejribe görnüşinde guralýar. Umumy okuwlar okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bolan proýektorlar bilen üpjün edilen umumy okuwlar otaglarynda guralýar. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersinden tejribe sapaklary interaktiw tagtalar we kompýuterler bilen üpjün edilen otaglarynda we iňlis dili dersinden amaly okuwlar okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen otaglarda guralýar. Talyplarymyz nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde ulanmaklary üçin okuw-önümçilik tejribelik otagyndan peýdalanýarlar.
Mugallymçylyk mekdebimiziň talyplary her ýylda okuw dersleri boýunça Mugallymçylyk mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän Döwlet bäsleşiginde üstünlikli çykyş edýärler.
2 лайков 343 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
28 сен 2021, 11:26
like menin 2 ejekem okaya sonda
Gudrat
28 сен 2021, 12:29
S.Rozmetow hem şony gutardymyka? Bäh. Sps awtor.
Men sho
Автор 28 сен 2021, 12:47
Mona Songz like diyiba yazypsyn w yone yekeje like'de yoga?
Men sho
Автор 28 сен 2021, 12:48
Sps hemmanize
Aýnur
28 сен 2021, 13:16
Indi++++
Men sho
Автор 28 сен 2021, 14:13
Sps
XYIVENIA
28 сен 2021, 14:19
Arman bize uzakda bolmasa sol yere okuwa synanyshardym
Men sho
Автор 28 сен 2021, 14:44
Xyivenia synanshjak diysenem bolyan daldir ol size her welayatyn adamy oz welayatyndaky ped ucilishe girip bilya
Aýnur
28 сен 2021, 15:23
XYIVENIA,
Bize yakyn meselem synansanlar gaudya yzyna belli olan aljaklary belli adamlaryn cagalary girya bilimlilere yok yol sol okuwda
Men sho
Автор 28 сен 2021, 15:26
Mona Songz o zatlary Xyivenia bilyan daldir diyanmi yogsam
Aýnur
28 сен 2021, 15:58
Men sho,
Belki bilmedim yone hemme welde bir dalda bizde seylerak
XYIVENIA
28 сен 2021, 17:03
Mona Songz ony gowy bilyan
Aýnur
28 сен 2021, 17:28
XYIVENIA,
Nireli sen Dz danmy
Men sho
Автор 28 сен 2021, 17:57
Xyivenia Lb dan