Ispaniýa

Doly ady: Ispaniýa Patyşalygy (Reino de España).
Paýtagty: Madrid
Meýdany: 504,030 kw. km.
Ilaty: 46,505,963 adam (Iýul 2010 ý.)
Gimn: Marcha Real (“Patyşa marşy”)
Resmi dili: Ispan
Hökümet baştutanlary: Huan Karlos I (Patyşa), Hose Luis Rodrigo Zapatero (premýer-ministr)
Milli baýram: 12-nji oktýabr – Ispan milletiniň güni
Pul birligi: Ýewro
Iň belent nokady: Teýde wulkany (3718 m)
Agalyk ediji dini: katolisizm

UMUMY MAGLUMATY. Ispaniýa Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolup, Ýewropanyň çet günorta-günbataryndaky ýerleşýän döwletdir. Ol Pireneý ýarym adasynyň 5/6 bölegini, Ortaýer deňzindäki Balear we Pitius adalaryny, Atlantik okeanynda Kanar adalaryny tutýar. Meýdany 504,030 kw. km. Tutýan meýdany boýunça Dünýäde 51-nji, Ýewropada bolsa dördünji ýerde durýar. (Rossiýa, Ukraina we Fransiýadan soňra). Ilaty 46,5 mln. adam (2010). Ispaniýa Ortaýer deňziniň, Atlantik okeanynyň we Biskaý aýlagynyň aralygynda ýerleşip, gündogarda Fransiýa, Andorra, günbatarda Portugaliýa bilen araçäkleşýär. Paýtagty – Madrid şäheri. Ispaniýa administratiw taýdan 50 welaýata (47-si ýarym adada) bölünip, 17 sany awtonom oblasta birleşýär. Ispaniýanyň Afrikadaky awtonom şäherleri Seuta we Melilýadyr. Şeýle hem Afrikada Welesde-la-Gomera, Alusemas we Çafarinas adalary bar.

Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde on ikinji orny eýeleýär. Ispaniýa BMG-niň, ÝB-niň, NATO-nyň, YÖHG-niň (Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy) we BSG-niň (Bütindünýä Söwda Guramasy) agzasydyr.

Ispaniýa konstitusion monarhiýa döwleti bolmak bilen, Huan Karlos I 1975-nji ýylyň 22-nji noýabryndan bäri Ispaniýanyň patyşasydyr.

DÖWLET GURLUŞY. 1978-nji ýylyň 29 dekabrynda güýje giren konstitusiýa laýyklykda, Ispaniýa – “parlament monarhiýa”. Döwlet baştutany — patyşa. Kanun çykaryjy häkimiýeti kortesler (parlament) amala aşyrýar. Olar patyşa tarapyndan tassyklanmaly bolan kanunlary işläp düzýärler we olary kabul edýärler, hökümetiň işine gözegçilik edýärler. Kortesler iki palatadan – deputatlar kongresinden we senatdan ybaratdyr. 18 ýaşyna ýeten ähli graždanlara saýlaw hukugy berilýär. Ýokary ýerine ýetiriji organy — hökümet.

TEBIGATY. Ispaniýa GO-GB Ýewropada, subtropiki guşaklykda, esasan, Pireneý ýarym adasynda ýerleşýär. Kenar ýakasynyň uzynlygy (adalar bilen bilelikde) 5 müň km-den gowrak. Meýdanynyň 65%-inden gowragyny beýikligi 500 m-den geçýän daglyklar tutýar. Pireneý ýarym adasynyň iň beýik nokady Sýerra-Newada gerşindäki Mulasen dagydyr (3478 m). Ispaniýanyň iň beýik nokady bolsa Kanariýa adasyndaky Teýde wulkanydyr (3718 m). Ýurduň DG-GB, GB we merkezi böleklerini platolar, orta belentlikdäki gerişler, tekiz daglyklar tutýar. Olar epigersin platformasynyň ornunda emele gelipdir; DG, GD we GO çetlerini bolsa epinli daglar we dag etegindäki bükülmeleriň akkumulýatiw düzlükleri tutýar. Tekiz daglyklar we platolar giň ýaýran. Ispaniýanyň geologik gurluşynda esasy orny proterozoýda we paleozoýda dörän Iberiýa Mesetasynyň epinli toplumy eýeleýär. Onuň üsti GD-da mezozoý-kaýnozoýyň çökündileri bilen örtülendir. Ispaniýada mis, simap, gurşun, sink, demir, altyn, kümüş, uran we beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlar bar. Ýurduň DG-GB we DG çetleriniň ygally (1000—2000 mm),ýumşak gyşly, maýyl tomusly aram okean klimaty bar. Ýanwaryň ortaça temperaturasy +7-9°, iýulyňky +18-20°. Pireneý daglarynda gyşyna sowuk, tomsuna +10-12°. Galan raýonlarynda yssy, gurak tomusly we ýumşak çygly gyşly subtropiki, Ortaýer deňiz klimaty bolup, ýanwaryň ortaça temperaturasy 4-13°, iýulyňky +23-29°. Ýyllyk ygalyň mukdary 200—500 mm. Ispaniýanyň derýalary ýaz, gyş aýlary mesäp, tomus aýlary olaryň suwy azalýar. Atlantik okeanynyň howdanyndaky iň uly derýalary: Taho,Duero, Gwadiana, Gwadalkwiwir. Ortaýer deňziniň howdanyndaky derýalary: Ebro, Hukar, Segura. Onçakly uly bolmadyk köller hem bar. Ýurduň DG we DG-GB raýonlarynda ýapragyny dökýän ýasy ýaprakly tokaýlar (buk, dub, kaştan), eňňitleriň ýokary böleklerinde pürli tokaýlar (sosna, pihta) ösýär. Pireneýlerde tokaýlaryň ýokary araçägi 1800-2100 m belentlikden geçýär, ondan ýokarda subalp we alp ösümlikleri ösýär. Ispaniýanyň galan raýonlarynda Ortaýer deňziniň ösümlik tipleri ösýär. Ýurduň çet günortasynda Ýewropanyň başga ýerlerinde bitmeýän ýabany hamerops palmasy ösýär. Ispaniýada, esasan, goňur tokaý, dag küljümekleşen, dag çemen, çal-goňur topraklar we şorluklar ýaýrandyr. Ispaniýanyň faunasy Orta Ýewropanyňka (tilki, kunisa, goňur aýy, torsuk, aýrak) ýakyndyr. Mundan başga-da Ortaýer deňziniň (aglaba endemik görnüşleri) faunasy we DG Afrikanyň faunasynyň wekilleri (wiwerra, ispan towşany, alžir kirpisi) bar. Gibraltaryň golaýynda Ýewropada maýmynlaryň ýeke-täk wekili bolan makaka duşýar. Guşlaryň 400-e golaý görnüşi bar. Suwulgan we ýylan örän köp. Ispaniýa ýanaşýan deňizlerde awçylyk ähmiýetli balyklaryň dürli görnüşleri tutulýar.

ILATY. Ispaniýanyň ilatynyň 88%-inden gowragy ispanlar (2010). Ondan başga-da katalonlar, galisiler, basklar, syganlar, portugallar we başgalar ýaşaýarlar. Resmi dili ispan dilidir. Ilatyň gürlügi 1 kw.km-de 91 adam. Ilatynyň 77%-i (2008) şäherde ýaşaýar. Esasy şäherleri: Madrid (6.1 mln.), Barselona (4.8 mln.) Walensiýa (1.5 mln.), Sewilýa (1.2 mln.) we ş.m.

TARYHY. Ispaniýanyň çäklerinde ilkinji adam yzlary aşaky paleolitiň şell we aşel döwrüne gabat gelýär (b.e. öň 400 müň – 100 müň ýyllar). Ýokary paleolit eýýamynda Ispaniýanyň çäginiň köp bölegine grawet medeniýeti ýaýraýar. Antik däp-dessura görä Ispaniýanyň çäginde iň gadymy döwlet (b.e. öň 1 müňýyllykda) Tartess bolupdyr. B.e. öň 197-nji ýylda Rim döwleti Ispaniýany özüniň mülki diýip yglan edýär we ony uzak wagtlap gulçulyk ýagdaýynda saklaýar. Westgot koroly Eýrih (466—84 ýyllarda häkimlik süren) V asyryň ikinji ýarymyynda Rim bilen soýuzdaşlygy kesip, Pireneý ýarym adasynyň tas ähli territoriýasyny diýen ýaly öz eline alýar. Şondan soň urug-taýpa-gul eýeçilik gatnaşyklarynyň galyndylary bilen bir hatarda feodal gatnaşyklar ösüp ugraýar, iri mülk eýeleriniň sany köpelýär. 711-718-nji ýyllarda Pireneý ýarym adasynyň ähli ýerlerini diýen ýaly araplar basyp alýarlar. Araplar basyp alan territoriýalarynda Omeýýat halyflygynyň düzümine girýän emirlikleri döredýärler. Omeýýatlar 756-njy ýylda garaşsyz Kardowa emirligini esaslandyrýarlar, 929-njy ýylda ol Kordowa halyflygyna öwrülýär. 1031-nji ýylda bu halyflyk ownuk emirliklere dargaýar. XIV—XV asyrlarda dworýanlaryň ýokary gatlaklarynyň arasynda ýerleriň paýlanylmagy feodal gatnaşyklaryň giňden ösmegine sebäp bolýar. Ferdinand Aragonskiniň (XV asyr) dinastiýasy döwründe iri feodallaryň hukuklary çäklendirilýär, Ispaniýany birbitewi döwlete birleşdirmegiň başlangyjy goýulýar. Ispaniýanyň deňizde uzak aralyklara ýüzüşler geçirmäge girişmegi bilen, onuň üçin täze baýlyk çeşmeleri peýda bolup başlaýar. Amerikanyň (1492) açylmagy we şol ýerlerde (Meksika, Peru, Boliwiýa we ş.m.) Ispaniýanyň öz agalygyny ýöretmegi ony kolonial imperiýa öwürýär. XVI asyrda Ispaniýa Ýewropadaky eýeçiligini ep-esli giňeldýär. Italiýanyň çägindäki ýerleri eýelemek üçin Fransiýa garşy uruşýar. 1588-nji ýylda Ispaniýa Angliýa garşy deňizde alyp baran urşunda ýeňilýär. Şondan soň ol Fransiýa we başga ýurtlar bilen alyp barýan urşundan el çekmäge mejbur bolýar. Ispaniýa XVIII asyryň ahyrlarynda – XIX asyryň başlarynda kapitalistik ösüş ýoluna gadam atýar. 1808-1814-nji ýyllarda ýurtda birinji Ispaniýa rewolýusiýasy bolup geçýär. Ikinji Ispaniýa rewolýusiýasy (1820-1823-nji ýyllar) netijesinde ispan mülkdarlarynyň senýorlyk hukuklary ýatyrylýar, buthana ýerleri çäklendirilýär. Ispaniýada XIX asyryň ortalarynda senagat öwrülişigi başlanýar, dokma, metallurgiýa, dag-magdan senagatlary ösüp başlaýar. 1848-nji ýylda Ispaniýada ilkinji demir ýol gurulýar we Ispaniýa işçileriniň ilkinji guramasy – Barselona dokmaçylarynyň Birleşigi peýda bolýar. 1879-njy ýylda gizlinlikde Ispaniýa sosialistik işçiler partiýasy (ISIP) döredilýär. XX asyryň başlarynda Ispaniýada iri senagat monopoliýalary peýda bolýar. 1914-1918-nji ýyllaryň I Jahan Urşy döwründe bitaraplyk yglan eden Ispaniýanyň senagaty çalt depginde ösüp başlaýar. I Jahan Urşundan son Ispaniýanyň daşary söwdasy gowşaýar, senagatiň köp pudaklarynda önüm öndürmegiň möçberi kemelýär, işçileriň bir bölegi köçä taşlanýar. Bu ýagdaý diňe bir ýylyň içinde (1920) syýasy we ykdysady staçkalaryň müňden gowragynyň bolmagyna getirýär. 1920-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ispaniýa Kommunistik partiýasy (IKP) esaslandyrylýar. 30-njy ýyllarda ýurtdaky ähli antifaşistik güýçler birbitewi güýje birleşýärler. Onuň esasy guramaçysy Ispaniýa Kommunistik partiýasy (baş sekretary H. Dias we D. Ibarruri) bolýar. 1933 ýylyň iýulynda Ispaniýada harby-faşistik pitne tutaşýar. Ol Ispaniýada milli rewolýusion häsiýetli graždanlyk urşunyň başlangyjy bolýar, pitne Germaniýa hem-de Italiýa tarapyndan goldanylýar. 1936-njy ýylyň oktýabrynda pitnä ýolbaşçylyk eden general F. Franko döwletiň we hökümetiň baştutaiy diýlip yglan edilýär.

II Jahan urşy döwründe Ispaniýa özüni bitarap döwletleriň hatarynda diýip yglan etse-de, ol german faşizmine ýarag we adam kömegini berýär. Faşistik Germaniýanyň ýeňilmegi bilen frankoçy Ispaniýanyň halkara pozisiýasy gowşaýar. Ýöne Ispaniýa 1953-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ABŞ bilen harby ylalaşyga gol çekýär. Ispaniýa öz çäklerinde amerikan harby bazalarynyň gür setini gurdurmaga borçly bolýar. 1975-nji ýylyň 20 noýabrynda Franko aradan çykdy we şonuň bilen faşistik diktatura ýykyldy. 1969-njy ýyldakabul edilen “mirasalma kanunyna” laýyklykda patyşalygykabuleden Huan Karlos I döwlet baştutany boldy.

HOJALYGY. Ispaniýa industrial – agrar döwletdir. Senagatyň esasy pudaklary: pirit, simap, kaliý duzyny çykarmak, demir gurluşygy (gämi, awtomobil, stanok, elektron), gara we reňkli metallurgiýa, himiýa, nebiti gaýtadan işleýän, altyn, ýeňil we azyk senagatlary. Oba hojalygynda däneli ekinleri, tehniki ekinleri (gant şugundyry, zeýtun, temmäki), gök ekinleri, miweli baglary we üzümleri ekmek giň gerime eýedir. Maldarçylykda et-süýt maldarçylygy, dowardarçylyk we balykçylyk uly orun tutýar. Ispaniýa ylaýta-da merinos goýunlary bilen bellidir.

Ispaniýada ýokary tizlikli otlular üçin niýetlenen demir ýollaryň uzynlygy 3,5 müň km-e (2011). 2020-nji ýyla çenli bu san 7 müň km-e ýetmeli. Bu otlular 300 km/s tizlik bilen gidýär. Ispaniýada 47 sany howa menzili bar.

SAGLYGY SAKLAÝŞY. 2010-njy ýylda her 1000 adam hasabyna 10.91 çaga doglup, 8.72 adam hem ölüpdir. Ilatyň tebigy ösüşi 0.493% (2010).

YLYM. I-IV asyrlarda L.Seneka, L. Kolumella, Mela Pomponiýa ýaly uly alymlar we filosoflar işleýär. Araplaryğ agalygy döwründe ispan-mawritan medeniýetı emele gelýär. IX-X asyrlarda Kordowadaky uniwersitet uly ylmy merkeze öwrülýär. Medeniýetiň we ylmy pikirleriň gülläp ösmegi XV asyryň ahyrlaryna gabat gelýär. 1492-nji ýylda Kolumb Amerikany açýar. Başga-da ençeme syýahatçylar Amerikanyň geografiýasyny öwrenmek işine uly goşant goşýarlar. XVIII asyryň ikinji ýarymynda Ispaniýada minerologiýa we himiýa ylymlary ösýär, wolframit mineralyndan täze element – wolfram elementi alynýar. Ispaniýada senagatyň ösüp başlamagy (XIX asyryň 20-30 ýyllary) netijesinde ylmy-inženerçilik kadrlaryň zerurlygy ýüze çykýar. 1823-nji ýylda Ispaniýada inženerçilik mekdebi, 1850-nji ýylda Barselonada Industrial mekdep, 1900-nji ýylda Biologik barlaglar instituty we başga ençeme ylmy-barlag edaralary açylýar. XII asyrda ispan-arap filosoflary Ibi Baja, Ibn Tufaýl we Ibn Ruşd Aristoteliň taglymatynyöwrenijileriň in görnükli wekilleri bolýar. Ispaniýa X asyrda filosofiýa ylmy boýunça Ýewropada esasy merkezleriň birine öwrülýär. XIII – XIV asyrlarda arap filosoflarynyň öne süren taglymatlaryny astronom we filosof Gersonid dowam etdirýär. Ispaniýada dil bilimi hem ylmyň özbaşdak pudagy hökmünde XV asyryň ahyrlarynda peýda bolýar. Ispan diliniň ilkinji grammatikasyny (1492) A. de Nebriha diýen meşhur alym ýazýar. Şol wagtlar ispan-latyn we latyn-ispan dilleriniň sözlükleri döredilýär. Ispaniýada häzir ylmyn dürli ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barýan institutlaryň, akademiýalaryn we başga ylmy-barlag edaralarynyň ençemesi bar.

ARHITEKTURASY WE ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY. Ispaniýanyň çäginde duş gelýän sungat ýadygärlikleriniň iň gadymylary paleolit eýýamyna degişlidir. Olar Kantabri daglarynyň Altamir we başga gowaklarynyň diwarlaryna gelşikli we janly ýaly edilip çekilen haýwan şekillerinden ybaratdyr. Rimlileriň agalyk süren wagtlaryndan galan ýadygärlikleriň arasynda arhitektura taýdan rejeli edilip salnan teatr we ybadathana jaýlarynyň, köprüleriň, suw ötükleriniň galyndylary duş gelýär. XV asyryň ahyrlarynda Ispaniýanyň birbitewi döwlete birleşdirilmegi, Amerika kontinentiniň açylmagy we köp sanly koloniýalaryndan altynyň köp mukdarda getirilmegi ýurtda gurluşyk işleriniň çalt ösmegine ýardam edýär. Ispaniýanyň şekillendiriş sungatynda niderland we italýan sungatynyň täsiri mese-mälim duýulsa-da, bu sungat XVI asyra çenli özüniň orta asyr däpleri bilen ösýär. XVII asyryň birinji ýarymynda ispan žiwopisi uly üstünlikler gazanýar. Bu döwürde ispan hudožnikleri dürli zatlaryň hakyky keşbini, ynsanyň ruhy dünýäsini açyp görkezmäge ýykgyn edýärler. Olar özleriniň beýan edýän predmetleriniň hakyky natural keşbine ýakyn barmaga, adamlaryň gylyk-häsiýetlerini olaryň içki dünýäsi bilen baglanyşykda gerkezmäge, şeýlelikde kemsidilen sada adamlaryň bitewi bir jemleýji obrazyny döretmeklige çalyşýarlar. Bu ýagdaý D. Welaskesiň döredijiliginde öz beýanyny has oňat tapýar. Ispan sungatynyň XVIII- XIX asyrlaryň sepgidindäki ösüşi F.Goýýanyň döredijiligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Onuň döredijiliginde ispan halkynyň azatlyk ugrundaky göreşi wasp edilýär. F.Goýýa bütin dünýä sungatynda ilkinji bolup, durmuşda duş gelýän ýaramaz zatlary, adalatsyzlyklary berk ýazgarýan, hakykatyň hatyrasyna uly hormat goýýan döredijilik adamy hökmünde belli bolýar. Onun döredijiligi butin Ýewropa sungatynyň ösmeginde uly rol oýnaýar. Ispaniýada faşistik diktatura dikeldilenden soň (1939), arhitekturanyň ösüşi üzül-kesil pese gaçýar, Ispaniýanyň birnäçe görnükli arhitektor kadrlary daşary ýurtlara gidýärler. Şekillendiriş sungaty (grafika) hem frankoçy hökümete garşy gönükdirilen ideýalary plakatlaryň, karikaturalaryň, betgelşik we gömelteý çekilen suratlaryň üsti bilen berýärler. Bu ugurda A. Ibarroly we başga hudožnikler köp işleri etdiler.

SAZY. Ispaniýada halk sazlarynyň we professional saz sungatynyň gadymy hem-de baý mirasy bar. Saz sungaty özüniň gözbaşyny b. e. öň VI asyrlardan alyp gaýdýar. Ispan saz sungatynda araplaryň we rimlileriň saz sungatynyň täsiri duýulýar. VIII- XV asyrlarda araplaryň agalyk etmegi we sygan taýpalarynyň göçüp barmagy Ispaniýanyň sazyna gündogar äheňini berýär. Ispan saz medeniýeti özüniň stili, ýerine ýetirijilik aýratynlyklary we ş.m. boýunça, esasan, 5 ugra (bask, galisiýa, katalan, kastil, andalusiýa sazlary) bölünýär. Saz gurallary: fleýta, deprek, gitara we başgalar. 1830-njy ýylda Madridde, 1847-nji ýylda Barselonada konserwatoriýanyň açylmagy we şol şäherlerde opera teatrlarynyň döredilmegi Ispaniýanyň saz medeniýetiniň ösmegine ep-esli üstünlik getirýär. XIX asyryň ikinji ýarymynda M. Eslawa, F. Barbýeri, T. Bretony, A. Wiwesa ýaly görnükli kompozitorlar ösüp ýetişýär. Şol döwürde F. Pedreliniň döredijiligi Ispaniýanyň saz medeniýetinde özboluşly yz galdyrdy. Onuň “Pireneý” atly trilogiýa opera eseri öz zamanynda ispan saz sungatynda özboluşly mekdep boldy. F. Pedreliniň şägirdi M. de Falýanyň döredijiligi Ispaniýanyň saz medeniýetiniň, şonuň ýaly-da GB Ýewropa klassyk saz sungatynyň dürdänesi hasaplanýar. Ispaniýada Milli-rewolýusion urşuň (1936-1939) ýyllarynda köpçülik bolup aýdylýan aýdymlar ginden ýaýraýar. Rewolýusion-watançylyk aýdymlaryň belli awtorlary S. Bakarise, E. K. Çapi we K. Palasiodyr. Frankoçy düzgünler dikeldilenden son (1939) ispaniýaly sazandarlaryň ençemesi (M. de Falýa, P. Kasals, H. Bautista, E. K. Çapi, K. Palasio) daşary ýurda gidýärler. II Jahan Urşundan (1939—1945) soň O. Espla Triaý, E. Alfter we başgalar öňe saýlanýarlar. Anonim syýasy antifrankoçy aýdymlaryň giňden ýaýramagy Ispaniýanyň saz sungatynda täze hadysa boldy.

TANSY. Ispan tansy özüniň gadymylygy bilen meşhurdyr. Häzirki zaman tanslarynda ellinizm eýýamynyň tanslarynyň elementleri duşýar. Tanslar ilkinji gezek teatrlarda Lopede Weganyň, P. Kalderonyň we başgalaryň pýesalary goýlanda peýdalanylýar. XIX asyrda ispan tanslarynyň täze formalary: tango, sewillna, habanera döreýär. Ispan tanslary ýerine ýetiriş stili boýunça dört topara: halk tanslaryna, flamenko, klassyk we häzirki zaman (XX asyr) tanslaryna bölünýär. Şularyň iň giň ýaýrany halk tanslarydyr. Dünýäniň köp ýurtlarynda ispan tanslaryna duş gelinýär.

TEATRY WE KINOSY. Ispaniýada teatryň ilkinji ýönekeý görnüşleri bu ýerde rimlileriň agalyk eden zamanyna gabat gelýär. Professional teatr truppalary Ispaniýada XVI asyryň ortalarynda peýda bolýar.Şolar ýaly truppalaryň ilkinjileriniň biri dramaturg hem-de akter Lope de Rueda tarapyndan döredilýär. Soňra Madridde “Korral dela Krus” (1579), “Korral del Prinsipe» (1582) ýaly hemişelik işleýän resmi teatrlar döredilýär. Şol teatrlarda Lope de Weganyň we onuň däplerini ýöredijileriň eserleri giňden görkezilýär. Ispaniýanyň professional teatrlary XX asyryň başlaryna çenli, esasan, XVI-XVII asyr klassyk eserleri sahnalaşdyrmak bilen meşrullanýarlar. XX asyryň ortalarynda Ispaniýanyň teatrlarynda A. P. Çehowyň, A. M. Gorkiniň, B. Brehtiň, J. B. Pristliniň, A. Milleriň, F. Garsia Lorkiniň we ýiti sosial-tankydy ugry ýöredýän A. Buero Walýehonyň, A. Sastreniň, L. Olmonyň we başgalaryň pýesalary agdyklyk edip başlaýar. Teatrlar frankoçy hökümetiň syýasatyna aç-açan garşy durup bilmeseler-de, oppozision häsiýetli oýun goýýan teatrlar az däl. Ispaniýada ilkinji çeper film 1905-nji ýylda döredilýär. 1915-1919-njy ýyllarda Madridde ilkinji iri kino firmasy işläp başlaýar. 1934-nji ýylda ilkinji sesli film — “Yzgarly toprak” (režissýory E. F. Ardawin) döredilýär.

SPORTY: Ispaniýa futbol boýunça 1964 we 2008-nji ýyllara Ýewropanyň kubogy, 2010-njy ýylda bolsa Dünýä kubogyny eýelemegi başardy. Real Madrid we Barselona futbol klublary dünýäde iň üstünlikli klublardyr.
1 лайков 150 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
28 сен 2021, 15:45
like++++
Men sho
Автор 28 сен 2021, 15:46
Sps