Gaznaly türkmenleriniň döwleti
Gaznalylar döwleti 963-1186-njy ýyllar aralygynda Horasan, Owganystan we Demirgazyk Hindistanda höküm süren türkmen hökümdarlygydyr.
Döwletiñ ady Gazna şäherinden galypdyr. Taryhy çeşmelerde ýatlanmagyna görä döwletiñ adyna, Mahmyt Gaznalynyñ Ýemineddöwle lakamy mybasybetli ''Ýeminiler'', kakasynyñ ady mynasybetli hem ''Sebukteginiler'' hem diýlipdir. IX ㅡ X asyrlarda Samaniler döwletiniñ iñ parlak döwründe Mawerannahryñ ýoly bilen Yslam dünýäsine giren Türkmen Oguzlaryñ köp bölegi Abbasy halyflaryñ we welaýatdaky Arap we Eýranly häkimleriñ hyzmatynda harby üpjünçiligi ýerine ýetirýärdiler. Şol döwürler Buweýhiler we Samanlylar her bir harby söweşlerde oguzlar bilen ýeñiş gazanýardylar. Oguzsyz harby çaknyşyklar şowsuz diýen ýalydy. 912-nji ýyldan soñ Samanly döwletinde Türkmen serkerdeleri, häkimleri hem bardy. Merkezi hökümetiñ dolandyrylyşy gowşap başlanda serkerdeleri döwleti ýuwaş-ýuwaşdan eýeläp, dolandyrylşygy ele alyp resmi taýdan garaşsyzlygy almasalarda özbaşdaklygy yglan eder ekenler. Samanly döwletinde Horasanyñ goşunlarynyñ serkerdesi bolan Alp Tegin 961-nji ýylda wezir Abu Aly el-Betami bilen birleşip Samanly tagtyny eýelejek boldy. Ýöne bu başa barmady. Alp Tegin uruşda ýeñilensoñ az sanly goşuny bilen birlikde Gündogar Owganystandaky Gazna şäherine çekilmäge mejbur boldy, özem Lewikler dinastiýasyny tozduryp bu ýerleri eýeleýär. Bu sene 963-nji ýylyñ Dekabr (ocak) aýynda bolup geçipdi. Şeýdip Gaznaly döwletiniñ şineleri pyntyklap ugraýar. Gaznaly döwletinde diñe Alp-Tekiniñ baştutanlygynda gelen türkmenlerden düzülen däl-de bu ýerlere öñem göçüp gelen Türkiler hem bardy. Lewik dinastiýasy Gaznany Alp Teginiñ ýerine geçen ogly Abu Yshak Ybraýymyñ (963-966) döwründe eýeläpdiler. Ýöne Abu Yshak Samanly emiriniñ kömegi bilen Gaznany täzeden eýeleýär. Şeýdip Samanylar hem öz ýerlerini giñeltdiler. Abu Yshak Ybraýymyñ ogly bolmandy. Onuñ ýerine türkmen serkerdeleri geçdi. Bularyñ birinjisi Bilge Tegindi. Bilge Tegin Gerdiz Galasyny gaban wagty dünýeden ötdi (947-75), onuñ ýerine-de Böri Tegin geçdi. Ýöne Böriteginem Gaznada köp wagtlap höküm sürmedi. 977-nji ýylda onuñ ýerine Alp Teginiñ iñ ynamdar egindeşi Söbük Tegin geçdi. Häzirki Gyrgyzystanyñ çäklerinde ýerleşen Yssyk kölüñ kenaryndaky Barshan etrabynda dünýä inen Söbük Teginiñ Garlyk türkilerine bagly taýpadan bolandygy çak edilýär. Söbük Teginiñ tagta geçmegi bilen şondan soñ Gaznaly döwleti hökümdarlygynyñ kakasyndan ogula geçme nesilşalygyny gazandy. Aslyna seredeniñde Samanlylaryñ bir häkimi ýaly bolup gezendigine garamazdan özygtyýarly Gaznaly döwletiniñ hakyky gurujusy Söbük Tegindir. Köp wagt geçmezden Türkmen oguzlaryñ göçleri Gaznadan Gündogar Owganystandaky Zabulystan etraplaryna çenli ýaýrady. Söbük Tegin Zabulystan asylly biriniñ gyzyna öýlenip oba halkyny öz tarapyna çekmäge synandy. Ýöne 977-nji ýylda Türki gulam toparlarynyñ ýerleşen ýeri bolan Büst şäherine ýörüş edip bu ýerini ele saldy. Demirgazyk gündogar Bulujystandaky Kusdar etrabyny Gaznaly topraklaryna goşdy we häkimýetini Toharystan we Zemindawara çenli giñeltdi. Soñra ugruny Hindistana tarap gönükdirdi. X asyrda Lamagan we Kabula çenli, Aşagy Kabul deresinde güýçli Waýhand Hindi hökümdarlarynyñ eýeçiligindedi.
Bu hökümdarlar Yslamyýetiñ demirgazyk Hindistana ýaýramagyna böwet bolýardylar. Şeýdip ululy-kiçili söweşlerden soñ (986-987 ý.ý) Hinduşa rajasy ýeñlişe sezewar boldy we Söbük Tegin Kabul derýasy boýunça Peşawere çenli öñe gidip, şol ýerlere-de Yslamyýetiñ tohumlaryny atmagy başardy. Söbük Tegin şondan soñ Samanlylaryñ iç syýasatynda hem esasy orunlary alypdyr. Samanlylaryñ Emiri Nuh II Türkmen serkerdeleri Abu Aly Simjuri we Faýik al-Hassanyñ birleşigine garşy Söbüktegini kömege çagyrdy. 995-nji ýylda Söbüktegin we onuñ ogly Mahmyt Horasana gidip gozgalañçylary derbi-dagyn etdiler. Şondan soñ Samanly emiri olara lakamlar dakdylar, aýratynam Mahmyda Horasan goşunlarynyñ serkerdeligini berdi. Söbük teginiñ 997-nji ýylda dünýeden ötmegi bilen ýerine mirasdüşeri ogly Ysmaýyl tagta çykdy. Ýöne nesilşalygyñ bagty Mahmyda gülüp bakdy. Mahmyt Ysmaýyldan uludy. Şoña görä ol 998-nji ýylda tagt ugrunda jigsi bilen göreşmäge girişdi we ony tagtdan agdardy. Mahmyt Samanly döwletiniñ içerki işlerine goşuldy. Soñra bu ýerde Bagdadyñ Abbasy halyfy Kadyr Billäniñ adyna hutba okatdy. Halyf oña ''Ýemineddöwle we Eminulmille'' lakamyny berdi. 999-njy ýylda Garahanlylar Samanlylar döwletini syndyrdylar. Abu Ybraýym Ysmaýyl al-Muntasyr Samanly döwletini her nähili goramaga çalyşsa-da Gaznalylar we Garahanlylar bu döwletiñ topraklaryny paýlaşdylar. Mahmyt Horasanda häkimýetini berkarar edeninden soñ Samanly döwletiniñ çägi bolan Sistan, Jüzjan, Jaganiýan, Huttel we Harizmi özüniñ topraklaryna birleşdirýär. Mahmyt şol döwürlere çenli butparaz dinine uýýan Gur welaýatyny eýelemäge synanyşdy. Bu ýere birinji gezek 1011-nji ýylda, 1020-nji ýylda bolsa ikinji gezek ýörüş geçirdi. Yslam dininiñ esaslaryny öwretmek üçin ulamalar taýyn edildi. Gur welaýaty Gaznalylar tarapyndan eýelemek we bu ýerlere yslamy ýaýmak gaty kyn boldy. Mahmyt Samanly döwletiniñ topraklarynyñ köp böleklerini eýeläninden soñ Hindistany basyp almaga we bu ýerlere Yslam dinini ýaýmaga başlady. Aýtmaklaryna görä Mahmyt bu ýerlere baýlyk talamak üçin däl-de Yslam dinini ýaýmak üçin Hindistana on ýedi sapar ýörüş etdi. Bularyñ iñ esasylary 1025-1026-njy ýyllarda geçirilen Somnat (Sumenat) ýörüýşidi. Bu ýörüşden soñ gazanan ýeñşiniñ at-owazasy bütin Yslam älemine ýaýrady. Mahmyt Yslamyñ Sünni mezhebiniñ gahrymany hökmünde taryha ýazyldy. Abbasy halyfy tarapyndan özüne ''soltan'' we maşgalasyna täze lakamlar berildi. Soltan Mahmyt käte Garahanly döwleti bilenem söweşip olara üstünlügini kabul etdiripdir. Ýöne günbatar taraplara döwletiniñ çäklerini giñelden Mahmyt Gaznaly Yrakdaky Buweýhileri ýeñip Yrak Ajamy öz imperiýasynyñ çäklerine goşdy. Soltan Mahmyt 1030-njy ýylda
pany dünýä bilen hoşlaşanda Gaznaly döwletinde tagt ugrundaky göreşler başlandy. Soñra Mesut jigsi Muhammetden üstünlik gazanyp Gaznaly döwletiniñ tagtyna geçdi we Muhammediñ gözlerine mil çekdirip tussag etdi. Mesut gaýduwsyz we nebisjeñ esgerdi. Ýöne döwlet baştutanlygyna kakasy ýaly halys berlen däldi. Mesut kakasynyñ Hindistandaky üstünliklerini gaýtalamak üçin talañçylykly ýörüşler geçiripdir. Ýöne Garahanlylar bilen Seljuklylar içerki ýagdaýlarda oña päsgel berendikleri üçin ol kän ýörüşler geçiripdir. 1033-nji ýylda bir sapar ýörüş edip Sarsawe galasyny eýeledi. Seljuklylar 1035-nji ýylyñ bahar aýlarynyñ başynda Gaznaly häkimýetinde ýerleşen Horasana göçüp baryp Merw, Sarahs we Paraw aralygybdaky topraklara ýerleşdiler. Soltan Mesut Seljuklylara garşy ugradan Hajyp beg Togdy serkerdeligindäki goşuny 1035-nji ýylda Hisari Täkde agyr ýeñlişe sezewar edildi. Soltan Mesut Seljuklylary Horasandan kowmak üçin köp dyrjaşdy, ýöne 1037ㅡ1038-nji ýyllarda Çagry begiñ syýasaty bilen Gaznaly goşuny iki sapar ýeñlişe sezewar edilýär we Gaznalylaryñ Horasandaky häkimýeti syndyrylýar.
Mesudyñ Hindistana geçiren ýörüşlerde ýeñiş gazanmagyna garamazdan Seljuklylaryñ garşysynda durup bilmedi. 1040-njy ýylda Seljukly Togrul beg bilen Dañdanakanda garşylaşdy we üç güne çeken söweşden soñ agyr ýeñlişe sezewar boldy. Soñra Mesut maşgalasyny we hazynalaryny toplap Hindistana tarap çekildi. Ýöne 1041-nji ýylda gozgalañ turdy we tagtdan agdarylyp jigsi Muhammet ikinji gezek tagta çykdy we Mesut öldürildi.
Mesudy ogly Mewdud agasy Muhammet we onuñ tarapdarlaryny ýok edip şol ýyl Gaznaly döwletiniñ başyna geçdi. Ýöne Mewdud döwleti dolandyryp biljek güýje eýe däldi.
Hindiler we Seljuklylar bilen söweşip Seljukly hereketlerine böwet boldy. 1048-nji ýylda Mewdut goñşy döwletler bilen birleşip Seljuklylaryñ üstüne ýörüş geçiren wagty ýolda öldi. 1049-njy ýylda Mewdutdan soñra gysga wagtyñ içinde ogly Mesut II we Mesut I yñ ogly Aly, soñam Mahmydyñ ogly Abdyrreşit soltan boldy. 1052-nji ýylda Tugrul atly bir türkmen serkerdesi Abyrreşit atly bir şazadany öldürip Gaznaly döwletiniñ başyna geçýär. Ýöne onuñ soltanlyk döwri gysga wagta çekdi. Ol hem türkmen serkerdesi tarapyndan öldürilýär. Soñra Gaznalylar tagtyna Mesut I ogly Ferruhzat geçirildi. Ferruhzat Seljuklylara garşy başarnykly çaknyşyklary gurnady we 1059-njy ýylda öldi. Tagta geçen jigsi Ybraýym döwründe bolsa Seljukly Gaznaly uruşlary bir ýüzli soñlandy. 1059-njy ýtlda uzak ýyllar dowam eden Seljukly-Gaznaly söweşleri ýaraşyk şertnamasy bilen tamamlandy.
Soltan Ybraýym kakasynyñ we atasynyb döwründäki Gaznaly döwletiniñ güýjüni täzeden dikeltmäge synanyşdy. Iki döwlet arasyndaky ýaraşyk elli ýyla çenli dowamly resmileşdirildi we garyndaşlyk gatnaşyklary bu ýaraşagy has hem berkidipdi. Soltan Ybraýym Hindistanda käbir galalar zabt edip Gur welaýatyny häkimýeti astyna aldy. Teññe, Zikkeleriñ ýüzüne ilkinji gezek ''soltan'' lakamy görülen Ybraýym kyrk ýyl höküm süreninden soñ 1099-njy ýylda dünýeden ötdi. Soltan Ybraýymyñ ýerine ogullaryndan Mesut III geçdi. Onuñ hökümdarlyk döwrinde döwlet Hindistana ýörüşler geçirip serhetlerini giñeltýärdi. Mesut III 1115-nji ýylda ölümden soñ ogly Şirzat bir ýyla çenli höküm sürdi. Soñra Mesut III beýleki ogullary arasynda tagt ugryndaky göreşler başlandy we Seljuklylar Gaznaly döwletiniñ iç işlerini tertiplemäge girişdiler. Şirzatdan soñ tagta Arslan şa geçdi. Ýöne jigsi Bähram şa Horasan mäligi bolan Sanjaryñ kömegi bilen 1117-nji ýylda Gaznalylar tagtyna geçdi. Arslan şa ilki Hindistana çekildi, soñra hem Gaznaly tagty üçin täzeden göreş alyp bardy. Ýöne ol 1118-nji ýylda dünýeden ötdi. Bähram şa Hindistanda has köp gozgalañçylara sataşdy. Tölemeli 250.000 (1000) dinar bergisini ugratmandygy üçin Seljukly soltany Sanjar onuñ üstüne ýörüş edýär. Soltan Sanjar Gazna çenli hereket etdi we Hindistana gaçan Bähram şany bagyşlady. Bähram şa döwrüniñ üns bermeli zady Gaznalylaryñ Gurlylar bilen ýiti gatnaşyklarydyr. Gitdigiçe kuwwatlanan Gurlylar 1150-1151-nji ýyllarda ar almak üçin Gazna şäherini ýakdylar. 1152-nji ýylda Bähram şa täzeden Gazna häkim boldy. Ýöne şondan soñ Gaznalylar ýuwaş-ýuwaşdan çökmäge başlady. Bähram şa 1157-nji ýylda öldi we ýerine ogly Husrow şa geçdi. Soltan Sanjaryñ Oguzlar tarapyndan ýesir alynmagynyñ döreden zyýany we Gaznalylaryñ bu soltanyñ kömeginden mahrum galmaklary Gurlylaryñ täleýiniñ gün nuruny parlatdy. Pursatdan peýdalanan Gurlylar häkimýetini giñeltmäge başlaýarlar.
Soñra Husrow şa Gaznany terk edip Lahor şäherine ýerleşdi. Gaznalylar şondan soñ Hindistandaky topraklarda höküm sürdiler. Husrow şanyñ 1160-njy ýylda öleninden soñ ýerine Husrow Mälik geçdi. Gurlylar oña duzak gurup ýesir aldylar we Gaznaly döwletini 1186-njy ýylda gutarnykly syndyrdylar.
TDV İslâm Ansiklopedisi
2018 Filozof (türkçe)
Jeksparro

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.