Soltan Mesut Gaznaly hakynda
Mahmyt Gaznaly 1030-njy ýylyň 30-njy aprelinde dünýeden öteninden soňra döwlet adamlary 33 ýaşly Muhammet Gaznalyny tagta geçirdiler. Muhammet tagta geçip-geçmänka köşkde düşünişmezlikler orta çykdy we käbir serkerdeler we hyzmatkärler Mesudyň ýanyna gaçyp bardylar.
Şol wagtlar Yspyhanda oturýan Mesut kakasynyň öldi habaryny 1030-njy ýylyň 26-njy maýynda eşidýär. Jigsi bilen bolup geçjek tagt söweşi üçin döwletiň günbatar bölegini wekiline galdyryp Reýe bardy. Jigsine bir hat ýollap hutbalarda adyny agzadyp, pullarda öz adynyň geçmegini teklip etdi. Ýöne Muhammet onuň diýeni bilen bolmaýar.
Abbasy halyfy El-Kadyr we Horasanyň harby goşunlar serkerdeleri Muhammet Gaznalyny hökümdar diýip yglan edýärler, Garahanly hökümdary hem ony goldaýarlar. Muhammet Gaznalynyň kakasy Mahmyt Gaznalynyň döwründe ýurtdan kowulan Türkmenleriň hem ýurduna gelmeklerine rugsat beripdir. Muhammet Gaznaly soltan bolanyndan 4 aý geçenden soň Mesut Gaznaly onuň üstüne goşun toplap ýola çykdy. Goşun serkerdeleri Reýe barmanka eýýäm ýolda Muhammet Gaznala Mesut Gaznala taýyndyklaryny aýdýarlar we Muhammet Gaznalyny ýol ugrundaky galalaryň birinde tussag etdiler.
Muhammet Gaznalyny tussag eden serkerdeler 1030-njy ýylyň Oktýabr aýynda Mesut Gaznaly I adyna hutba okatdylar we şondan soň Mesut hökümdar boldy. Soltan Mesut Gaznaly tussaglykda ýatan jigsiniň gözüne sim basdyrýar. Soňra agasy Ýusuby Kusdar häkimi edip belleýär. Mesut Balhdaka Kirmandan gelen jansyzlar bu ýerleriň bulaşyklyk içindedigini habar berdiler.
Sistana goňşy bolup oturanlara strategik ýagdaýda bolan Kirman 1031-nji ýylda Gaznalynyň häkimiýetine birikdirilýär.
Garahanlylar bilen 1032-nji ýylda bolan Debusiýe söweşinde ýeňiş gazanmadyk Mesud Mahmyt Gaznalynyň oglydygyny aýdan Ahmet Ýynaltegini öldürtýär we Seljukly türkmenlere garşy birnäçe gezek goşun çekýär. 1040-njy ýylyň 24-nji maýynda Daňdanakan söweşinde Seljukly türkmenlerden ýeňileninden soňra Hindistana çekilmegi ýüregine düwdi. Soňra ol ogluny we hazynalaryny ýany bilen alyp Hindistana tarap ýola çykdy. Söweşlerde ýeňiş gazanmaýan Mesut Türkmen we Hindi gulamlarynyň goluna düşýär we 1040-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ikinji gezek Muhammet Gaznaly soltan diýilip yglan edilýär we Mesut zyndana atylýar. Soňra bolsa 1041-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda galada öldürilýär.
Y. E. Bayur (1987). Hindistan Tarihi, Cilt I, TTK Basımevi, Ankara. (türkçe)
C. E. Bosworth (1963). The Ghaznavids: Their Empire in Afghanistan and Eastern Iran 994–1040 Edinburgh University Press, Edinburgh. OCLC 360143614 (iňlisçe)
E. Merçil (1989). Gazneliler Devleti Tarihi, TTK Yayınevi, Ankara, ISBN 975-16-0189-4. (türkçe)
Gerdizi(1347/1928). Zeynül-ahbar, nşr. Abdülhaýy Habibi Tahran. (parsça)
M. A. Köymen (1993). Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi. Cilt 1. Kuruluş Devri, Türk Tarih Kurumu Yayınları, Ankara. ISBN 975-16-0117-7. (türkçe)
Taýýarlan we terjime eden: @Jeksparro
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.