Hindistanyň fatyhy Soltan Mahmyt Gaznaly


Gaznaly Türkmen döwletini altyn eýýama ýetiren asly oguzlaryň Gaýy taýpasyndan bolan Soltan Mahmyt Gaznalydyr. Ol 971-nji ýylyň Noýabryň 2-sine /Akrap ýyldyz/ Buharada dünýä gelýär.
Kakasy Türkmen asylly Memluk serkerdesi Söbük Tekin, ejesi Zabulystan etrabynda Pars dinastiýasyna degişli şagyzdy.
Şol sebäpden şahyrlar Mahmyt Gaznala ''Mahmudy Zabuly'' diýip hormatlaýar ekenler. Kiçilikden döwlet işlerine taýynlanmaga getirilen Mahmyda Gazna şäherinden daşary ilkinji berilen ýeri Zemindawer etrabydy.
994-nji ýylda Samanogullary Horasan häkiminiň aýaga galmagyndan soň Nuh I ogly Söbük Teginden harby esgerleri kömege çagyryp gozgalaňy basyp ýatyrýar.
Samanlylar hökümdary tarapyndan Söbük Tegine Nasreddin Wed-Dunýa /Dine we Dünýewilige goldaw beriji/, onuň özüne bolsa Seýfeddewle /Döwletiň gylyjy/ unwanyny beripdir. Söbük Tekin ölmäňkä ogly Ysmaýyl tagta geçipdi, ýöne 997-nji ýylda Söbük Tekin öleninden soň Balha gelip hökümdarlygyny yglan edýär. Şol wagtlarda Nyşapurda Horasan emiri bolan Mahmyt, jigsiniň hökdarlygyny äsgermän goşun toplap Gazna tarap ýörüş edip jigsine uruş yglan etdi. 998-nji ýylda Gaznadaky bolan şol söweşde Ysmaýyl ýeňilýär we bir gala gaçyp baryp belli bir wagtdan soňam agasyna boýun bolýar. Takmynan 7 aýlyk soltanlyk süreninden soň Mahmyt tarapyndan 998-nji ýylda öldürildi.
Mahmyt Gaznaly tagta 998-nji ýylda geçýär we 1030-njy ýyla çenli 32 ýyllap höküm sürýär. Şol ep-esli wagtyň içinde görkezen edermenlikleri bilen Orta Aziýanyň güýçli döwletine hökümdarlyk edýär. Ilkinji ýörüýşini 1000-nji ýylda Sistanda höküm süren Saparylaryň üstüne amala aşyrýar. Yzly-yzyna alyp baran taýýarlyksyz ýörüýşleri bilen tanalan Emir Halef ibn Ahmedi ýeňlişe sezewar edýär we etrabyny aňsatlyk bilen ele geçirýär. Güýçli Gazna goşunynyň garşysynda alaçsyz galan Halef salgyt tölemek we soltan Mahmyt Gaznalynyň adyna hutba okadyp zikke kakdyrýar. 999-njy ýylda Garahanlylaryň Samanly döwletini ýykmagyndan soň garaşsyzlygyny yglan edýär. 1000-nji ýylda Abbasy halyfy Ahmet ''El-Kadyr billähe'' ilçi ugradyp garaşsyzlygyny yglan edýär. Halyf Mahmyt Gaznalynyň soltanlygyny kabul edip täç we sylag bilen ilçi ýollaýar. Şol wakadan soňra Samanogullary döwletiniň mirasdüşeri bolandygy hakyndaky syýasaty öňe sürüp Garahanlylaryň üstüne ýörüşe çykdy.
Köp wagta çeken söweşlerden soň Garahanlylar ýeňlişe sezewar boldylar. Iki döwlet arasynda baglaşylan şertnamalardan soň ogly Masut I bilen birlikde Garhanaly kaganyň gyzlaryna öýlenip ataly-ogul Garahanlylara giýew bolupdylar.
Mahmyt Gaznaly döwletiň demirgazygyny berkideninden soňra Hindistandaky butparazlara yslamy ýaýmak üçin. 1001-1027-nji ýyllar aralygynda 17 sapar ýörüýşe çykýar.
Hindistana garşy:
Hindistana tarap ilki 1001-njy ýylda ýörüşe çykan Mahmyt Gaznaly Hindistanyň demirgazygynda ýerleşen baý we bereketli topraklara eýe bolan Kabul Şahnalygyna tarap ilerledi.
Peşaweriň ýakynynda bolan söweşde 30.000 pyýada, 12.000 suwaryş we 300 söweş piline Hindi goşunyny ýeňip Penjap etrabynda höküm süren Raja Jaýpaly we serkerdelerini ýesir aldy. Bu ýerde oljalary oňan Mahmyt Gaznaly pidýe hökmünde ep-esli mukdarda altyn we 50 pil berildi we ol Jaýpaly azat etdi. Ýesirlikden sag-salamat halas bolan Raja tutulandygy üçin halkyň gözünden düşüp oda ýakylmaly edildi. Bu Raja üçin gaty agyr degdi we ol özüni heläkledi.
2-nji gezek Hindistana ýörüýşe çykan Mahmyt Gaznaly Jaýpalyň ogly Anand Apalyny 15. 000 suwarysy bilen ýeňlişe sezewar etdi we Hind derýasynyň kenarynda ýerleşen Waýhand şäherini zabt etdi. Soňra bolsa Gazy lakamyny alyp Gazna dolandy.
3-nji Hindistan ýörüşini özüne goşulmadyk Bhariýa Rajasy Beji Raja garşy gönükdirýär. 1004-nji ýylda bolup geçen söweş 4 güne çekýär we ahyry Bhatiýa etraby Gaznalylaryň eline geçýär.
Gabaw wagtynda ele düşerin gorkusy bilen Raja galadan gaçýar we Gaznaly birlikler tarapyndan yzarlanmaga başlanýar. Jaýpal ýaly olam heläklenip öldürilýär.
Mahmyt Gaznaly ele geçiren oljalary we 280 sany pil bilen birlikde 1005-nji ýylda Gazna dolanýar.
Hindistana gurnalan 4-nji ýörüýşde Multan Emiri Abul-Fath Dawudyň sünnülikden aýrylyp Batynylygy ýaýradyp başlandygy üçin 1006-njy ýylda goşuny bilen herekete geçen gazy Mahmyt Gaznaly Multanyň üstüne ýörüýş etdi. Ýöne Sind derýasynyň suwy joşandygy üçin Penjap Rajasy Anandapaldan Multana geçmek üçin kömek sorady. Onuň bu islegi kanagatlandyrylmandyr soň onuň üstüne herekete geçdi we ony ýeňip Kaşmire çenli kowdy.
Gaznalylaryň gelýändigini bilen Dawut ýeňilmekden gorkup gaçdy we Sind derýasyndaky bir ada bardy. Şol ýörüýş bilen birlikde Multana çenli ýerler Gaznalylaryň eline geçýär we Hindistanda kök salan Batynidler öldürilip, halk olaryň ters ýolundan halas bolýar. Multan emirligine Jaýpalyň musulman bolan agtygy Suphal saýlanýar.
5-nji Hindistan ýörüýşinde Multan Emiri Suphalyň 1006-1007-nji ýyllar aralygynda Gaznalylar bilen Garahanlylaryň arasynda ýüze çykan söweşlerden peýdalanyp aýaga galýar. Suphalyň musulmanlygy goý bolsun edip täzeden hindi dinine dönýär. Onuň bu pyrryldygyny duýan Soltan Mahmyt Gaznaly Garahanlylary ýeňinden soň 1008-nji ýylyň gyşynda goşuny bilen birlikde Multanyň üstüne ýörüýş edýär. Suphalyň gozgalaňyny gandöküşikli söweş bilen basyp ýatyran Soltan Mahmyt Anand Apalyň ýanyna gaçmaga synanyşan Suphaly ýesir alýar. Suphal 400. 000 dirhem kümüş pidýe bedeninden soň azatlyga çykaryldy.
Hindistana garşy 6-njy sapar ýörüşe çykanda Penjap Rajasy Anand Apal bilen soýuz baglaşylan Ujjeýn, Gwalior, Kalinjar, Kawenj, Deli we Kaşmir Rajalarynyň Yslam dinine garşy birleşen hindi goşunyny 1008-nji ýylda ýeňýär.
Sany belli bolmadyk hindi goşunyndan az bolan Gaznalylar Waýhand şäherine golaý oba çekilip şol ýerlerde täzeden gaça söweş tilsimini ulanyp Hindi goşunyny paýhynladýar. Ýeňmesi kyn bolan hindi goşuny ahyr ýeňilýär we soltan Mahmyt Gaznaly rajalaryň soýuzyny dargadýar.
Ýeňişden soňra Bhim Nahar galasyny (häzirki Nagaur) 7 günläp gabaýar we soňunda eýeläp bu ýerdäki ýurtlary (hindi taňrylaryny) döwüşdirýär. Ep-esli olja bilen Gazna dolanan Soltan Mahmydyň bu üstünligine gamlanan Anand Apal gussasyna çydap bilmän dünýeden ötýär. Bu başarnygy bilen Soltan Mahmyt Gaznaly Yslam we Hindi älemine güýjüni görkezýär.
Mahmyt Gaznaly Hindistana tarap 7-nji ýörüýşinde uly söwda nokady bolan Naraýanpur şäherini almak üçin 1009-njy ýylda Gaznadan ýola çykýar. Bu ýeriniň Rajasy Gaznaly Mahmydyň meşhurlygyny eşidip uruşsyz-söweşsiz ylalaşyk gazanmaga razy bolýar... Gerek bolsa 2000 esger we 50 sany pil kömegini bermäge taýyndygyny aýdyp ylalaşyga kaýyl bolýar...
Türkmen soltany Mahmyt Gaznaly 8-nji Hindi ýorüýşine 1010-njy ýylda çykýar. Multandaky Karmatylaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin herekete geçen Mahmyt Gaznaly topalaňçylaryň baştutany Abul Fath Dawudy tussag etdirýär.
Soňra bolsa 1011-nji ýylda Hyradyň gündogaryndan geçen kerweni talap baýan Gurlylary ýeňip hemme galalaryny eýeleýär we Emir Muhammet bin Şahynşabany ýesir alýar.
Ýesirlikde özüne kast eden Muhammetden soň onuň ogly Abu Aly ibn Muhammet onuň ýerine geçirilýär. Bu ýerlere Yslam dininiň wagyz-nesihaty ýaýylmagy üçin Dindar adamlary ugradýar.
Mahmyt Gaznaly Hindistana tarap 9-njy gezek ýörüýşe 1014-nji ýylda ýola çykýar. Bu gezekgi ýörüýş Kaşmira tarap bolýar. Ilki bilen goşuny Penjap Rajasy Triloçanpalyň üstüne tarap iberýär, ýöne gyş ir düşeni üçin Gazna dolanýar.
Triloçanpal bolsa Kaşmir Rajasyndan kömek soraýar. Netijede bu söweşde hindiler ýeňlilýärler. Şeýdip Nandana hem eýelenýär. Ýol boýy birnäçe galalary eýeläp barýan Mahmyt Gaznaly Hindileriň birnäçesini musulman edýär. Soňra soltan Mahmyt Zabt eden ýerlerine mesjit bina etdirip, talanan oljalary bilen Gazna dolandy.
Soltan Mahmyt Gaznaly 10-njy saparky ýörüýşinde Deliniň 150 kilometr demirgazygynda ýerleşen Thanesar şäherine barýar. Ol bu ýerdäki ýurtlaryň iň ulusy bolan hindileriň keramatly Çakraswami taňrysyny ýok edip, gowy jynsly tohum pillerini almak isleýär.
Triloçanpalyň garşylyk görkezmezden 50 pili berse-de şertnama gazanylmaýar. Gaznalylar Thanesara golaý geleninde Rajalar gaçýarlar we şäher oka tutulýar. Ady agzalan hindi taňrysy bolsa Gazna äkidilýär we şondan soň hindileriň manawy ruhy sarsylýar.
11-nji gezek gurnalan Hindistan ýörüýşinde Mahmyt Gaznaly 1016-njy ýylda Lakhot galasyny zabt etmek üçin ýola çykýar, ýöne galany alyp bilmeýär. Sebäbi gyşyň sowuk howasy bardy, özem Kaşmir Rajasynyň Triloçanpala kömek edýär we 1016-njy ýylyň martynda Gazna tarap yzyna dolanýar.
12-nji gezek gurnalan Hindistan ýörüýşinde Mahmyt Gaznaly 1017-nji ýylda Horezmde orta çykan içki bulagaýlygy basyp ýatyrandan soň Türkistan goşunyna goşulan 20.000 adamlyk türkmen toparlarynyň kömegi bilen goşunyny köpeldip 1018-nji ýylda täzeden herekete geçýär.
100. 000 adamlyk goşun bilen Gang derýasynyň deresine çenli uzap gidýän birnäçe şäherleri basyp alýar. Takmynan 1.000.000 dirhem kümüş we 30 pil ele salynýar. Barar Rajasy Hardat bolsa Mahmyt Gaznala goşulyp 10.000 adamlyk esgeri bilen musulman boldy. Mathuranyň 10 km günorta gündogaryndaky Mahaban Rajasy Külçend bilen bolan söweşde Hindi goşuny yza serpikdirilýär we Külçend ele düşmejek bolup maşgalasyny heläkleýär.
Bu söweşden soňra 185 pili olja alynýar. Iýerusalim şäheri ýaly keramatly hasaplanylýan Mathurany zabt etdiler. Agaranyň 170 kilometr gündogaryndaky Kanawjda ýerleşen birnäçe buthanalar ýykylýar. Bu ýerdäki hindi taňrysy Wişnunyň watany hasaplanylýan ybadathanalarda ýerleşen hazynalary alyp gaýdyp gelýärkä 1018-nji ýylda Gurlylar gaznalylaryn üstüne döküldi. Köp adam ýitirmezden hem Gazna baryp ýetdiler.
13-nji gezek Hindistana tarap guralan ýorüýşde Hindi Rajalary Kanawjy täzeden eýelemek üçin herekete geçenlerinde, olara garşy 1019-njy ýylda Mahmyt Gaznaly öz goşunlary bilen Penjap Rajasy Triloçanpalyň toplan 150.000 pyýada we 600 pilden ybarat goşunyny Ramganga derýasynyň kenarynda bolan söweşde ýeňlişe sezewar etdi.
Triloçanpal söweşden ýaralanyp gaçanynda, yzynda 200 pil olja ele geçýär. Şeýdip ýola düşen Mahmyt Gaznaly Kalinjar rajasy Gandanyň birnäçe pillerden düzülen goşunlaryň öz üstüne tarap gelýändiklerini eşitdi.
Öňki sapar garşylaşanda Raja Yslam dinine geçmek hakynda çakylyk alypdy. Ýöne ol kabul etmändi. Gaznalylardan köp bolan hindi goşunynyň öň hatary Gaznalylar tarapyndan paýhynlap başlanda Ganda gorkup goşunyň goşun serenjamlaryny taşlaşdyryp goşuny bilen gijäniň garaňkylygyndan peýdalanyp yza çekilýär.
Hindi goşunynyň gaýdýandygyny duýan Mahmyt Gaznaly galdyrylan goşun serenjamlaryna el goýýar we hindi goşunyny yzarlatmaga başlaýar. Gaçan birnäçe hindi esgerler öldürilýär we 580 pil ele salynyp, gaznalylar Gazna dolanýarlar.
14-nji gezek Hindistana tarap 1021-nji ýylda goşun çeken Mahmyt Gaznaly Kaşmir ýoluny ýapdyrýar we 5 ýyl öň alyp bilmedik galasy Lakhot galasyny zabt etmek üçin ilerleýär. Ýöne gyş geleni üçin yza dolanmaga mejbur bolýar.
15-nji gezek Hindi ýörüýşini 1022-nji ýylda Kalinja bagly Gwalior Rajasy Erjanyň galasyna çozan Mahmyt Gaznaly dag gaýasynyň üstünde ýerleşen galany 4 günläp gabap Rajany ýaraşyga mejbur edýär. Galany bolsa eýeleýär. Raja Mahmyt Gaznala 35 pil berip oňa sadykdygyny bildirýär. Soňra Mahmyt Gaznaly ýene uçut gaýanyň üstünde gurlan Kalinjar galasyny gabaýar we Raja Gandany ýaraşyga mejbur edýär.
Baglaşylan şertnama görä olja hökmünde 300 pil alynýar. Kalinjar galasy bilen oňa bagly 15-e golaý galanyň häkimýetini Raja galdyryp 1023-nji ýylyň bahar aýlarynda Gazna dolanýar.
16-njy gezekgi Hindistana tarap guralan ýörüýşde 30. 000 suwary bilen 1025-nji ýylda iň uly meşhurlyk getiren sapara çykan Mahmyt Gaznaly Multana baran wagty çöli geçmek üçin taýýarlyk gördi. 1 aýda uly Tar çölüni geçip Hindistanyň Günbataryndaky Somnata bardy.
Yslam ýurtlaryndaky butlaryň başyna gelen ýykgynçylyklaryň Şiwa tarapyndan berilen jezadygyny ileri sürülen hindi ynanjyny aradan aýyrmakçy boldy. Şol maksat bilen 1026-njy ýylyň Fewral aýynda 4 güne çeken gabawyndan soň şäheri eýeledi.
Bu ýerdäki Siwa degişli buty hem 4 bölege bölüp Gazna yzyna dolandy. 1026-njy ýylyň aprel aýynda uly oljalar bilen yzyna dolanyp gelýärka Gang derýasynda oturan Jatlaryň çozuşyna sezewar bolup uly ýitgileri bilen Gazna bardy.
17-nji gezekgi Hindistana tarap geçirilen ýörüýşinde Jatlardan ar almak üçin 1027-nji ýylda herekete geçen Mahmyt Gaznaly basypalyşlary bilen hindi musulmanlarynyň arasynda ýeňilmez gahryman hökmünde görülip başlapdy.
1400 golaý gämiler bilen Jat gämilerini suwa gark edýär we olary ýeňýär. Derýanyň ikisi tarapyny tutan suwarylýar we pillerden ybarat goşuny bilen kenara gaçyp baran Jatlary tussag etdirip öldürtýär. Jat hazynalarynyň ýerleşen ýeri bolan ada hem çozup köp oljalary ele saldy. Bu ýerleriň eýeçiligini Ahmet Tekine galdyryp Gazna dolandy.

* * *

Soltan Mahmyt Gaznaly ömrüniň bir bölegini söweş meýdanlarynda geçiril, aýratynam Hindistana tarap gurnan ýörüýşleri ony kuwwatdan düşürýär we syrkawlamagyna getirýär. Lukmanlaryň aýdanlaryna garamazdan hiç arkaýyn dynç alyp ýassyga ýanyny bermeýär we şol gujur-gaýratyny saklamaga synanyşýar. Ýöne taryhçylar Soltan Mahmydyň syrkawlap ölendiklerini aýdýarlar.
Mahmyt Gaznaly 1029-1030-njy ýylyň gyşyny Balhda geçirdi. Ýöne bu şäheriň howasynyň ýaramazlygy sebäpli Gazna döndi. Bu ýerde hem gowulaşmadyk Soltan Mahmyt 1030-njy ýylyň 30-njy aprelinde 58 ýaşyndaka pany jahan bilen hoşlaşdy.
Türkmen gaýratyny Hindistana tarap alyp giden
bu merdana, gaýratly atamyzyň ýatan ýeri rahat, jaýy Jennetden bolsun...
Soltan Mahmyt Gaznalynyň döwründe uly ösüşe badalga alan Gaznaly türkmen döwleti, beýleki bir türkmenler, ýagny Seljukly türkmenler bilen bolan Daňdanakan söweşinde ýeňlişe sezewar edilýär. Ondan soň Gaznaly türkmen döwleti Owganystanda oturan Gurlylar tarapyndan 1187-nji ýylda syndyrylypdyr.

Peýdalanylan çeşmeler:

Ärdogan Merçil (1989) Gaznalylar döwletiniň taryhy TTK neşirýaty. Ankara. (türkçe) ISBN 975-16-0189-4

Gerdizi (1347/1928). Zeynulahbar, nşr. Abdülhayy Habibi, Tähran. (parsça)

Ferishta, History of the Rise of Mohammedan Power (iňlisçe)

McLeod, John (2002). The History of India. London: Greenwood Press. ISBN 0-313-31459-4. (iňlisçe)

Taýýarlan we terjime eden: @Jeksparro
2 лайков 223 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
09 авг 2021, 00:06
Salam hey jek kapitan ýatañokmy
Menden like[i][/i]
Şamuhammet
Автор 09 авг 2021, 00:28
geçip barýaka sowlan,

Bardyrys kä wagt girýän, iş känlaý...
Ýury
09 авг 2021, 00:32
Jeksparro,
Gaýrat et bratok
Hanguly
09 авг 2021, 00:51
Öwülmeli adam dälde meň pikirimçe, Arslan Ýabguny aldap tussag edip öldürtdi, ýanyndaky Türkmenleri şo ýerde öldürtdi. Beýik Soltan aldap duzak gurmaýar.
Şamuhammet
Автор 09 авг 2021, 07:10
Wlad,

Arslan Ýabgu Mahmyt Gaznalynyň ýanyna baryp döwlet syrlaryny paýlaşany /Soltanyň ýanyna baryp ''peýkam oklaryny pylan ýere iberseň, sen üçin pylan müň goşun geler'' diýip garşyňda biri şeý diýip dursa, pylan müň goşun bilen ýurduň soňuna sogan ekip biljek goşuna eýekä) üçin zyndana atdyrýar...
Umuman Soltan Mahmyt Gaznaly döwrüniň çylşyrymly şahsyýeti bolan. Ony bir taraplaýyn öwrenip bolmaýar. Ýöne ogly Masut bolman özi tagtda köpwagtlap oturan bolsady, Seljukly türkmenlere döwlet gurmak mümkinçiligi hem döretmezdi...

Soltan Mahmyt Gaznaly Hindistana 16-my 17 gezek ýörüýş edip yslam dinini ýaýýar.
''Seljuklar'' romanyny ýazan J. Mülkiýew Soltan Mahmyt Gaznalyny erbet şahsyýet hökmünde keşplendiripdir...
Emma ony bir taraplaýyn öwrenmek bolmaýar. Obýektiw öwrenilmegi şahsyýet...