Başga planetalylar tarapyndan alynyp gidilen adamlar
Başga planetalylar hakyndaky her dürli ylmy-populýar eserleri, makalalary, geñ-tañsy wakalary ünsden düşürmeýän okyjylarda gyzyklanma döredýär.
Başga planetalylar hakynda eşidilýän geñ-tañsy habarlaryñ biri hem gumanoidleriñ Ýerdäki adamlary alyp gidýändiklerinden ybarat.
Meşhur iñlis alymy Ufolog Jenny Randlesiñ kitabynda gürrüñ berilýän wakalarda esasan başga planetalylaryñ adamlary alyp gidýändikleri hakynda gidýär. Bu hakda http://www.starkibris internet sahypasy habar berýär.
Näme üçindir olar soñky 300 ýylyñ dowamynda adamlary alyp gidýärler. Olar adamlary näme üçin alyp gidýärlerkä? Munuñ sebäbi nämedekä!?
Çaklamalara görä käbir adamlar Ýer planetasynyñ daşyndan gelýän gelmişek, akylly jandarlar tarapyndan alynyp gidilýändigi barada ýazgyly dokumentlerde saklanyp galypdyr.
Ufolog J. Randlesiñ ýazan ''The Complete Book of Aliens and Abductions'' (Başga planetalylar we alynyp gidilenler hakynda kitap) atly eserinde giñişleýin maglumatlar bar. J. Randlesiñ şol kitabyndaky gürrüñi edilýän käbir alynyp gidilenler hakynda iniñi tikeneklediji maglumatlar bilen tanyş bolmak isleýärsiñizmi??? Olar her-dürli ýurtlarda, her ýerlerde bolup geçen wakalar esasynda ýazga geçirilen
1. Teath, Angliýa (1645 ý): Başga planetalylaryñ alyp giden adamlarynyñ biri hem Pitt maşgalasynyñ ýanynda hyzatkär bolup işlän 15 ýaşlaryndaky Anna Jeffries Jaýyñ bakjalygynda birden añyny ýitiripdir we kösenip, ejir çekip ýatypdyr. Ýaş gyz özüne gelende öý eýelerine bir näçe boýy kiçi adama meñzeş jandarlaryñ gelendigini, özüni öpmäge başlandyklaryny şondan soñam gyzjagaz başy aýlanyp özünden gidendigini aýdyp berýär. Hyzmatkär gyzyñ aýdyp bermegine görä ol özüni ýagtylyk ýerde, töwereginde ''Kiçeñiräk periler'' bilen durandygyny, soñ bolsa keltejik boýly adamlar ýaş gyzy derñemek üçin tejribe işlerine başlapdyrlar we onuñ jyns organlaryna uly üns beripdirler.
Soñ bolsa hyzmatkär howlynyñ bakjalygynda özüne gelipdir.
2. Song-Zi Xian, Hytaý, Ýene başga planetalylar tarapyndan alynyp gidilen adamlaryñ biri hem Ýu Tendir. Ol 1880-nji ýylda tokaý baglarynyñ arasynda parlak jisimi görüpdir. Ol şol wagt öýüne dolanyp barýar eken. Birden üýtgeşikligiñ bolandygyny duýdy we şuwwuldyly ses eşidendigini we özünden gidendigini, soñam, özüne gelen wagty dagyñ üstünde gözüni açandygyny gürrüñ beripdir. Şol wakadan iki hepde wagt geçipdir we öýünden 450 km uzaklykdaky Guizhou welaýatyndadygyna göz ýetiripdir.
3. Paarl, Günorta Afrika. Ýene bir alynyp gidilen adamlaryñ biri hem ady bellenilmedik iñlis guramaçysy dag ýolunda maşynly gelýärkä kelteje boýly adama meñzeş jandar ony saklaýar we içimlik suw soraýar. Başga planetala kömek etmekçi bolan guramaçy iñlis oña suw bereninden soñ ýañky kelteje adam ony yzyna düşürip alyp gidýär. Soñra bu ikisi padnos görnüşli UNO-nyñ (uçan näbelli obýektiw) içinde ýüzün ýaraly ýatan başga bir keltejik adamyñ ýanyna barýarlar. Bu näbelli jandar Asmany görkezip Ýeriñ dartyş güýjüne sezwar bolmaýan tehnologik enjamy bilen gelendigini gürrüñ beripdir.
4. Wienna, Awstriýa. Ikinji jahan urşy gidip durka Nasistleriñ zulumyna duçar bolan Josef Wanderka tokaýlykdaky bagy seýrek ösen ýerde gri reñkli we ýumurtga şekilli bir enjama gabat geldi. Gäminiñ, ýagny enjamyñ içindäkiler ony garşy aldylar. Olar uzyn boýly, saryýagyz owadan jandarlar eken. Olar ösen siwilizasiýaly planetadan gelendiklerini J. Wanderka gürrüñ berýärler. Wanderka olary diñläp aglap başlaýar we güýçleri bar bolsa Nasistleriñ zulmundan halas edip Ýer şaryny düzeltmegi sorap haýyş edeninde başga planetalylar Dünýädäki bolup geçýän zatlara goşulmajakdyklaryny aýdyp beripdirler.
5. Gronder Pass, Italiýa, 1968-nji ýylda Walter Rizzi hem Gumanoidler tarapyndan alynyp gidilenleriñ hasabyna goşulypdyr. Ol Disk şeklindäki jisimi görüp matorda gelýärkä saklanypdyr. Soñra uçýan tarelkanyñ içinden gri tenli pişik gözli kiçeñiräk gumanoid peýda bolupdyr. Olar W. Rizzi bilen gürleşipdirler we özleriniñ çalt garraýandyklary üçin gysga wagtyñ içinde Ýerde bolýandyklaryny düşündiripdir. Gumanoidler W. Rizzini Ýeriñ üstünde birnäçe keseliñ köpelip, ýaşaýyşyñ ýok boljakdygyny, materikleriñ üýtgejekdigini aýdyp beripdirler.
6. Imjarwi, Finlandiýa. Daýhan Esko Wiljo 1970-nji ýylda Aarno Heinonen bilen hem uçýan tarelkany görýärler. Soñra olar özünden gidipdirler. Çaşmazlaryndan öñ ýap-ýagty parlak yşygy görendiklerini soñ bolsa dag eteginde özüne gelendiklerini, soñra bolsa geñ-tañ adamlara duş gelendiklerini aýdyp berýärler.
Hassahana getirilende lukmanlar olaryñ radiasion ýangynyna sezewar bolandyklaryny çaklaýar. A. Heinonen şol täsin adamlaryñ üýtgeşik otaga salandyklary ýadyna düşýär. Gumanoidler olar bilen aragatnaşyk saklar ýaly kellelerinde bir enjam goýandyklaryny bu oturdylan enjamda güýçli psihiki alamatlaryñ bolup geçýändiklerini hem gürrüñ beripdirler.
7. Gisbone, Täze Zelandiýa. Üç sany zenan belli bir meýdanlykda NUO-laryñ gelip gidýändiklerini yzarlap gumanoidleriñ awyna çykypdyrlar. Şonda zenanlaryñ şol meýdanlykdan gipnozlanan ýaly (gumanoidler tarapyndan) alynyp gidilendigini ýatlaýarlar. Soñra olar gözlerini açanlarynda bir zadyñ üstünde tejribe edilip arkan ýatandyklaryny duýýarlar. Gumanoidler uzyn betgelşik ýüzli ullakan gözli ekenler. Gipnozlanan wagtlary özüne gelen bir zenan ''Meni günüme goýuñ, ýigrenji zady menden uzaklaşdyryñ'' diýip gygyrypdyr.
8. Pyrogowkoýe köli. Russiýa (SSSR) 1978-nji ýylda Anatoliý lakamly general ady agzalan kölüñ kenarynda gözegçilik edip ýörkä iki sany adama meñzeş gumanoidlere gabat gelipdir we olar bilen telepatik gatnaşyga geçipdir. Oña içgi berip ukladypdyrlar we ýene şol kölüñ kenarynda özüne gelipdir. Anatoliniñ aýdyp berýän zatlarynyñ dogrudygyna testden geçirilende alymlar onuñ ýalan sözlemeýändigini çak edýärler.
9. Vancouver, Kanada. 1985-nji ýylda Alwina Skott gumanoidler tarapyndan alynyp gidilendigini, özlerine gerek bolup amaly işlerinde ýumurtgalyklarynyñ biriniñ alynandygyny, böwregindäki agyryny aýyrmak üçin tebipçilik edilendigini aýdyp beripdir. Hakykatdanam Ultrasonik testlerde ýarawsyz böwrekleriniñ sagdynlygyny soñ görüpdirler. Özüni Howa diýip tanadan we adam görnüşinde tekiz kelleli bir gri toparyndaky gumanoidiñ özi şeýle keşpde görünýändigini, bulardan başga-da, başga planetaly we adam DNK-synyñ gatyşdyrýandyklaryny aýdyp beripdir.
10. Nýu-Ýork, N. Ý. 1989-njy ýylda Linda Napolitano atly birini hem uçýan tarelkaly gumanoidleriñ äkidendiklerini kitapda giñişleýin gürrüñ berilýär.
Çeşme:
http://www.starkibris/index.asp?haberID=227686

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.