Başga planetalylar dolanyp geldilermi?
BAŞGA PLANETALYLAR DOLANYP GELDILERMI?
Başga planetalylaryñ bardygy ýa ýokdugy hakynda adamlar iki topara bölünýärler. Ýagny bir tarap ''Başga planetalylaryñ'' bardygyna ynananok we başga planetalylar hakdaky toslamalar sähelçe ulaldygysaýyn derrew ''Komplimasiýaçylar'' diýip gowur turuzýandyrlar.
Bir tarap bolsa başga planetalylary öz gözleri bilen görüp olaryñ hakykatdanam bardygyna we ösen siwilizasiýa eýedigine ynanýarlar.
Maksadymyz ''Başga planetalylaryñ'' bardygyny giñ okyjylar köpçüligine ynandyrmak däl-de başga planetalylar bilen gyzyklanýan Erik Won Daniken bilen geçirilen reporta£da onuñ täze pikirleri bilen sizi tanyşdyrmakdan ybarat.
Erik Won Daniken bilen geçirlen reporta£y türkleriñ odatv4.com internet sahypasy 2015-nji ýyllarda öz makalasyny hödürläpdir.
''Tañrylaryñ ulaglary'' kitabynyñ ýazyjysy meşhur Erik won Daniken 2015-nji ýylda Stambulda syýahat edýärdi. Başga planetalylar hakyndaky kitaby bilen synçylary özüne çeken Daniken Türkhabaryndan (Habertürk) Gülenaý Börekçi bilen gürrüñdeş boldy. Şol reportajdan gysgaça şeýle gürrüñler bolup geçdi: ㅡ Çagakak Erik Von Daniken ady biziñ üçin syýahatçylyga iterýärdi. Şwessariýaly ýazyjydy. Akyl-pikiri başga planetalylar bilen baglanyşyklydy we dünýäniñ çar künjüne syýahat edip başga planetalylaryñ barlygyna degişli subutnamalary gözleşdirýärdi.
Bu subutnamalary näme üçin gözländigini sorap bilersiñiz. Danikena görä bizden has ösen tehnologiýa eýe bolan başga planetalylar wagtal-wagtal Ýer şaryna aýlanyp gidýärler, hatda ata-babalarymyz olary ''Tañry'' hasaplapdyrlar. Bu syýahatçylara (başga planetalylara) degişli maglumatlar her ýerde bardy. Sumer we Wawiloniýanyñ papiruslarynda, piramidadaky köne Müsür suratlarynda, Günorta Amerikadaky ybadathanalarynda... Ýöne hyýal güýji çaklendirilen barlyklar bolanymyz üçin we özümizi älemiñ merkezi hasap edenimiz üçin bu subutnamalara aklymyz çatanok. Hiç kimem şu ''Ybadathanadaky müsür astronawtyna meñzeş köne Müsürli ybadathana kim?'' diýip sorag bermeýär.
''Älem gämisini ýada salýan şu heýkele näme diýersiñiz?'' diýip soraýan ýok. Gulaga ýüzleý gelýändir, men muny duýýaryn. Netijede adamzat bularyñ barsyny düşündirmek üçin jilt-jilt kitaplary ýazypdyrlar. Ah hawada garşylyk görkezenem, ganly uruşlara ýa:zanam bolupdyr.
Dini düşünjeler başga planetalylaryñ hudaý hasaplanmagyna garşylyk görkezipdir; ylymly adamlar bolsa Danikeniñ aýdyşy ýaly toslamalardygyny ýa-da ýalñyş teswirländiklerini öñe sürüpdirler. Kitapda kellämiziñ bulaşýandygy ýetmeýän ýaly Daniken indi Artemis neşirýatyndan çykan täze kitabynda ''Tañrylaryñ Ala-Garañkylygynda'' teoriýalaryny öñe sürýär we şol tañrylaryñ dolanyp geljekdigini öñe sürýär.
Onuñ bilen geçiren geçen hepdedäki reporta£ymyzyñ bir bölegi 30-njy sentýabr Çarşenbe güni HT gazeda çykdy. Reporta£yñ yzygiderliligi aşakda dowam edýär:
MIF HASAPLAÝANYMYZDAKY HAKYKATLAR
ㅡ Teoriýañyzy gysgaça edip ýatladaýyn ''Tañrylaryñ Arabalary'' kitabynda hasaplaýan taryhymyzyñ gutarnykly ýalñyşdygy öñe sürüpdiñiz...
ㅡ Men ony gaty köp wagtlardan bäri aýdyp gelýärin. Gün geçdigi-çe täze tapyndylar tapylyp dur. Müñlerçe ýyl mundan ozallar Ýeriñ daşyndaky başga barlyklar, has dogrusy başga bir planetanyñ adamlary, uçýan tarelkalar bilen ýer ýüzüne geldiler.
Ata-babalarymyz heniz hiç zada öwrenişenokdylar, hiç zat başaranokdylar, tehnologika tarapdanam ösmedikdiler, şol sebäpden gören zatlaryna akyllary ýetmezdi we olardan bir az hem bolsa ösen añ-düşünjeli bolan başga planetalylary ''Tañry'' hasapladylar. Ýöne bu beýle däldi... Elbetde bu beýle däldi. Uçýan tarelkalary bilen ýer ýüzüne gelen bu barlyklary ''Tañry'' diýip hasaplamak (biziñ gözümiz bilen seredeniñde) örän lyk. Ýöne Ata-babalarymyz şol akyla gulluk etdiler we her dürli medeniýetlerden çykan adamlar dünýäniñ çar ýanyna ýaýrap her dürli mifleri döretdiler...
ㅡ Ata-babalarymyzyñ başga planetalylary Tañry hasaplandyklaryny nädip bilip bildiñiz?
ㅡ Men bir katolik okuwynda okadym, ýagny teologik ylymyny aldym, Latynça we gadymy grek dilini öwrendim. Siz soramazdan öñ jogap bereýin: Tañra bolan ynanjym bardy. Tañra... her gije ondan doga dileýärdim. Çagalygymda maşgalam Tañrydan dileýän dogalary bardy. Günä iş etmezdiler. Ol (Ýagny Hudaý) hiç ýere gidenok, ol her ýerde bar. Wagt diýilýän zada mätäçlik çekenokdy. Geçmişde nähili bolan bolsa geljekde-de ol şeýledi. Okuwda öwredilen Hudaý bolsa meni bir az düşünmezlige saldy. Sebäbi tapawudy ýer bilen gök ýalydy.
ㅡ Nähili tapawutly?
ㅡ Okuwda mukaddes ýazgylary okap, Injilden terjimeler edýärdik. Injili okadyñyzmy, ol kitapda Ezekiýeliñ düşündirişleri maña has ýarady. Ezekiýel bir gün düýşünde Hudaýy görýär. Tañry Gök asmanda bir ulag bilen gelýär. Uçýan tarelka meñzeýäb bu ulagyñ ganatlary, tigirleri bar, gorkunç şuwwuldysy eşidilýär. Muña düşünip bilmedim. Şol wagt her ýerde bolup bilen Tañrynyñ bir planetadan başga planeta gitmek üçin tehnologik ulagy ulanmak we uçýan tarelkada gelmek nämä gerek!? Meñ pikirimçe okaýan kitaplarymyzdaky düşündirilen Hudaý däl, ortada bir düşünişmezlik bar. Injildäki şolar ýaly bölümleri Latynça we Grekçe ýazgylar bilen okanyñda, köp hudaýly dinlerde-de şolar ýaly meñzeşliklerden söz edilýändigine düşünip galdym. Şeýlelikde (men ony) okamaga başladym; gadymy ýazgylardan kellämi galdyrmadym. Sumer we Wawilon ýazgylary, Hindi efsanalary; gyşarnyksyz şol bir zady aýdýardylar.
ㅡ Adamzadyñ ortaça zähmet işlerinden gürrüñ edýändigiñizi aýdyp bilerinmi?
ㅡ Hawa, Tañrylaryñ, has dogrusy Tañry hasaplanylan barlyklaryñ atlary üýtgeşikdi, ýöne gelişleri, inişleri, münüp gelýän ulaglary şol bir zatdy. Bilip-bilmeden şübhä gapyldym, dini soraglamaga başladym. Ýene aýdýaryn. Hudaýa integem ynanýaryn, üýtgeýän zat ýok.
Ýöne meñ her gije ýalbarýan Tañrym, bize okuwda öwredilen Tañry däl.
DINI ÝOÝÝANDYGYMY ÖÑE SÜRDÜLER
ㅡ Dini çäklendirmeler garşylyk görkezdimi?
ㅡ Garşylyk görmek nirede, büs-bütinleý çykgynsyz güne galdym. Aýdýanlarymyñ biderek zatdygy, ýalandygy, haýsydyr bir däliniñ samramalarydygyny öñe sürdüler.
Kitaplarymyñ köpüsi dini ýoýmak üçin ýazdygymdy. Gaty kän ýola garşylyk görkezdim.
ㅡ Öñ bolan zatlar hakda aýdýarsyñyzmy?
Şol geçen wagtyñ içinde 39 kitaby çap etdirdim. 8.342 sahypalyk kitap.
ㅡ Kitaplaryñyz gaty kän satyldy.
ㅡ Jemi 67 million.
ㅡ Alymlar garşylyk görkezdilermi?
ㅡ Köpüsi red etdi, köpüsem meñ bilen ylalaşyp pikir alyşyp başladylar.
ㅡ Netijede men diñe müñlerçe ýyl öñki döwürlere degişli bolan ýalñyş düşündirişleri düzetmäge synanyşýaryn ýöne adamlaryñ käbiri ýalñyş zatlara ynanýandyklaryny kabul etmäge taýyndylar. Olara düşünmek gerek.
Düşünseñiz-le Tañry diýip ýörenleri aslynda Tañry däldi.
ㅡ Aýdaly siziñki dogry diýeli, näme üýtgär öýdýärsiñiz?
ㅡ Gaty köp zat üýtgär hem-de olary birahat eder ýaly üýtgeşiklik bolmaz.
Sebäbi gözlegine çykyp näçe yza gitseler, soñunda bir başlangyç nokadyna baryp ýeterdiler...
ㅡ Ýagny?
ㅡ Hudaý şol bir ýerde. ''Hakyky'' Tañrydan söz açýaryn. Ýöne şunça ýyllyk zähmetimi göze almadylar. Netijede meñ pikirlerimi kabul eden bolsalar, başga soraglara-da jogap tapmaklary gerek bolar. Meselem birnäçe asyr mundan ozallar Ýere gelip giden başga planetalylar hakykatdanam kimdiler we nireden gelipdiler? Nähili medeniýetleri bardy?
ㅡ O soraglary men sizden soraýyn. Gelip gidýänler (başga planetalylar) bu ýere tötänleýin geldilermi ýa-da bir bitirmeli zatlary barmy? Soñam görnüşleri nähilidi? Şular ýaly soraglara jogabyñyz barmy?
ㅡ Bulara men jogap tapmak üçin tom-tom kitaplar ýazdym. ''Tañrylaryñ ulaglary'' kitapdan başlap beýlekileri hem okaşdyryñ.
BAŞGA PLANETALYLAR BU ÝERE DIÑE BIR SAPAR GELIP GITMEDILER
ㅡ Täze kitabyñyz ''Tañrylaryñ Alagarañkylygynda'' Älemde ýeke-täk däldigimiz, muñ üçin subutnamalar tapandygyñyzy aýdýarsyñyz. Hatda käbir alymlaryñ meselem, Şwessiýaly Swante Awgust Arrheniñ geçmişdäki teoriýalaryna goşulýandygyñyzy ýazypsyñyz. Ençeme ýyl mundan ozallar Arrhen ''Panspermia'' teoriýasyny orta atyp Nobel baýragyna mynasyp boldy. Onuñ pikiriçe ilkinji añy düşünjesi ösen nesil milýonarça ýyl mundan ozal Älemiñ bir nokadyna üns bermäge başladylar. Öz görnüşini äleme ýaýratmak islediler, şo sebäpdenem älemiñ baryp bilen ýerine çenli milýardlarça tohum nusgalaryny ýollady. Tohumlaryñ uly böleginiñ fiziki sebäpler bilen ýok bolup gitjekdigini bilýärdiler, käbirleri bolsa öz planetasyna meñzeş planetalara bardylar. Ýöne şolam ýeterlik.
NASA-nyñ öñe sürýän çaklamalaryny ýatlalyñ: Statistikada diñe tutuş Älemdäki 4 million 500 müñ planetada biziñkä meñzeş Ýaşaýyş durmuş bar bolmagy mümkin. Ýagny özümizi hakyky original hasaplamalyñ. Ýeke däl biz.
ㅡ Panspermia teoriýasy dogry bolup bilermi siziñ pikiriñizçe?
ㅡ Bolubam biler, bolmanam. Gözlegine çykylmaly başga teoriýalar, başga çaklamalar bar. Belki ilkinji bolup gelen barlyklar hökmünde öñden bäri ýaşaýardyk we aramyzda söwda satyk bolup geçdi, hatda belki öz DNK-alaryny ýerleşdirdiler. Bilemizok, soraglar köp.
ㅡ Ýöne kitaplaryñyzy az bilýänimiz üçin ýazdyñyzmy? Bu aýdýanlaryñyz dogry bolsa başga planetalylary görüp ýazyşdyrjak adamlar heniz ýok.
ㅡ Birinjisi men olaryñ diñe bir sapar gelendiklerini aýdamok, meñ pikirimçe gaty kän geldiler. Hem size bir zat aýdaýynmy, täzeden geljekdiklerini hem bilýärin? Nädip bilýäris? Ýene-de mukaddes ýazgylary yzarlap bilýäris. Hemme medeniýetde we her bir dinde täzeden gelmegine garaşylýan esasy kişiler bardyr we olaryñ bir günde dolanyp geljegine ynanylýar. Şol esasy kişi hem başga planetalylarmy? Ýöne şu wagt aklyma şeýle sorag gelýär:
Edenlerini edip Älemiñ birnäçe ýerlerine tohumlaryny taşlan bolsalar, näme üçin dolanyp gelsinler? Görmek üçin. Perzentleri bilen gatnaşykda bolmak üçin. Hudaý hökmünde görülmeklerini islänoklar meñ pikirimçe, şo sebäpdenem ýakynda, biz hakykaty öwrenmäge taýyn bolan wagtymyzda dolanyp gelerler. We bu sapar nireden, näme maksat bilen gelendiklerini bileris. Birem Dünýäniñ her ýerinde adamlar gyrañ-jyrañ bolup söweşýärler, tapawuda seredilende öñkä görä has öte gidýäris, şuña seredip otursañ adamzadyñ tümlügiñ düýbüne barýandygy düşünilýär, ýöne bu beýle däl, dañ şapagy dogjak bolýar. Garaşyñ: olaryñ dolanyp gelmegi bilen birlikde ýerýüzünde birek-birek bilen ýaraşyk we asudalyk geler.
ÝALANA YNANYLAR, HAKYKAT RED EDILER
Yslam dünýäsine ser salyp geçeliñ: Musulmanlar zulum sütemiñ halasgäri Mätiniñ geljekdigine garaşýarlar. Kabul edilen ynanyja görä ''Remezan aýynyñ 23-i gijesi geler''. Perişdeleriñ gökýüzünden geljek güni, ýagny Gadyr gijesi...
Alymlar bolsa Mätiniñ gelmeli wagtynyñ syrlydygyny, ony diñe Allanyñ bilýändigini aýdýarlar. Bir sapar bir kişi 12 ymamyñ bäşinjisi Muhammet el-Bakyrdan Mäti gelende haýsy alamatlaryñ ýüze çykjakdygyny sorapdyr. Ol jogap beripdir: ''Zenanlar erkek ýaly, erkekler zenan ýaly bolarlar; zenanlar eýerli atlaryñ üstüne açyk aýaklary bilen oturarlar. Ýalan güwälige ynanylar, hakykatlar red ediler. Ynsan ynsanyñ ganyny hiç zat ýok ýerden döker, jynsy gatnaşyk ediler, garyplaryñ pullaryny har urup harman sowurar''. Bu aýdylanlardan çen tutsak Mäti bireýýäm gelipdir. Aýratynam ýene Yslam alymlaryna görä öñ 60 ýalan pygamber geler. Häzire çenli näçe sany ýalan pygamber gelendigi hakynda hiç hili pikirim ýok, uzyn zamanlar öñ 60-dan geçen bolmaly.
DANIKENE GÖRÄ BAŞGA PLANETALYLARYÑ GELENDIGINE DEGIŞLI 5 SANY HAKYKY SUBUTNAMA
Erik Von Danikeniñ aýtmagyna görä müñlerçe ýyl öñ heniz daş asyryndan çykmadyk atalarymyz bir wagtlyk Dünýäni aýlanan başga planetalylary ''Tañry'' hasaplamaklarynyñ sebäbi gelenleriñ tehnologik tarapdan öñde bolmaklarydy. Bir az wagtlyk Ýerde galan zyýaratçylar bu ýerde medeniýetiñ şekillenmesini emele getirdiler. ''Elimizde subutnama barmy?'' diýip soraýaryn. Ýazyja görä elimizde iki dürli subutnama bar: Birinjisi, gadymy dini ýazgylar. Ikinjisi arheologik eserler, ýagny mazarlykdaky suratlar, äpet daş heýkelleri we nädip gurulandygy belli bolmadyk piramidalar.
NASKANYÑ ÇYZGYLARY
Inkleriñ Peruda ýerleşen Naska çölündämi 50 millik giñişlikdäki çyzan çekilleri; äpet ganatly guşlar, haýwanlar, adamlar... Käbirleri şeýle bir uly welin ýakyndan nämä meñzeýändigini bilmek mümkin däl, ýöne uzak aralyklardan, ýagny gök asmanda uçar samalýotdan seredilende şekili belli bolýar. Denikeniñ yzarlaýjylaryna görä, bu şekiller bir wagtlar başga planetalylaryñ asuda gonmaklary üçin ýörite taýýarlanan giñişlik bolmaly.
MOAILER
Çiliniñ 3 müñ 600 km günbatarynda tapylan Paskalýa adasyndaky daş heýkeller. Adada uly kelleli heýkellerden 887 sanysy bar. Iñ uzyny 82 ton agyrlygynda. 86 ton agyrlygyndaky ýarym galan bir başga Moainiñ dodagyñdan uçuk çykartjak görnüşi bar. Gutarylan bolsa 21 metr boýy we 270 ton agyrlygynda bolmalydygy çak edilýär. Bu heýkeller ýyllar öñ adada bereket gelmegi üçin peýdalanylypdyr. Şoña görä-de ýylyñ başlarynda Moaileriñ daş-töweregine äpet kümeler düzülýärmiş.
PUMA BUNKY
Boliwiýadaky antik Tiwanaku şäheride ýerleşen äpet ybadathana kompleksi. ''Ussalyk bilen bina edilen we üstüne her hili şekiller oýulan bloklar'' diýip bileris. ''Tañrylaryñ Ala-Garañkylygynda'' bu hakda giñişleýin aýdyp geçen Danikene görã binasy ösen in£enerçilik tehnikasy bilen gurlan bu ybadathanalar modern tehnikalar we makinalar bolmasa bina etmäge mümkinçilik ýokdur.
WIMANALAR
2000 ýyl mundan ozal Hindistanda ýazylan Sanskritçe ýazgylarda sözi edilen uçýan ulaglar. Ulag (maşyn) sözüñ gelişi, başlybarat uçýan tarelka meñzeýärler. Edil ýazyjynyñ reportajymyzdaky aýdyp beren Ezekieliñ görenleri ýaly... Wimanalar ''Mahabarata'' we ''Ramaýana'' atly iki meşhur Hindi dessanlarynda-da dündirilýär (Wimanalaryñ görnüşi ýok, ýöne ''Mahabharatanyñ animasiýasynda şeýle görkezilýär).
EZEKIELIÑ KITABY
Ybrany Injili Tanahyñ içinde ýerlen bu bölümde, Pygamber Ezekiel gökýüzünden ataş otlar we duman çykarýan we ajaýyp güwwüldi çykarýan ulag görýär. Daniken ol ýerde uzak-uzak gürrüñi edilen bu ''Arabanyñ tekerini'' döwrümizdäki uçýan tarelkalarynyñ meñzeş görnüşidigini pikir edýär. Ezekieliñ ulagdan inen: ''Tañra'' ''Kaka'' diýip ýüzlenmegi hem gaty täsin.
Danikene görä Ezekiel biziñ aslynda onuñ ganyndan gelendigimizi bilýär.
UÇÝAN TARELKALARA GUŞ DIÝDILER, ULAG DIÝDILER.
''Tañrykaryñ Alagarañkylygy'' atly kitapda ''kargo kulty'' diýen siwilizasiýadan söz edilýär. Erik Von Danikeniñ aýdýany siwilizasiýa däl elbetde, geçen asyryñ başlarynda Täze Gine, Ýuwaş okean adalary, aýratynam Maleneziýada orta çykypdyr.
Aslynda antropologiýanyñ çägine giren kargo kulty, Danikeniñ dilinde şeýle zada öwrülýär: Ilkidurmuş obşinasy, tehnologiýada öñe giden toplum bilen gatnaşyga geçende, birinji toplum ikinji toplumy ''Tañry'' hökmünde görýär we ikinji grupbadakylar bu ýerde belli wagta çenli bolýançalar olara goş we iýer-içer ýaly ''kargolar'' getirip berýärler.
Soñra olar gidensoñlar yzda galanlar ''Tañrylaryñ gaýdyp gelmegi'' üçin rituallar düzüp başlaýarlar.
Danikene görä, atalarymyz hem şony ýerine ýetiripdirler. Şol sebäpden başga planetaly syýahatçylardan öwrenen in£enerçilik ukyplary bilen ybadathanalar, heýkeller bina edipdirler we ol ybadathanalaryñ töweregindw bereket getirýän rituallary ýasamaga başlapdyrlar.
Antik Astronawt Yzlaryny Gözleg Merkeziniñ direktory Giorgio A. Tsoukalos wakany şeýle dile getirýär: ''Müñlerçe ýyl mundan ozal ýaşaýan adamlaryñ uçýan tarelkalara ''Älem gämisi'' diýer ýaly sebäp ýokdy. Şol sebäpdenem öwrenişip bilmändikleri üçin özlerine ýakyn görülen zatlara meñzedip uçýan tarelkalara ''Guş'' diýdiler, ''Araba'' diýdiler we olary özlerine ýakyn görnüşi ýaly suratlandyrdylar.
BIR GÜN UZAK ÄLEMLERI SYÝAHAT EDERIZ ONDAN SOÑ!?
Antik Astronawt Gözlegleri Merkeziniñ Direktory Jorjio A. Tsoukalos, Denikeniñ täze kitabyna ýazan Sözbaşysynda okyjylara şeýle ýatlama galdyrypdyr... ''Mundan 500 ýyl soñra adamzat, Aýda we Marsda galmak üçin şertlere eýe bolanynda giñ Äleme gözlege çykar we täze nesil Älem gämilerimizden biri öñünde soñunda ýaşaýyşy bar bolan bir planeta duş geler.
Eger duşmaly bolan planetamyzdaky ýaşaýanlar tehnologiýa tarapdan bizden has öñde bolsa? Yza çekilip olary uzakdan synlap derñew we barlag işlerini geçirip göreris. Belkäm birnäçe aýlap şeýle etmeli bolar. Dillerini inçeläp öwrenenimizden soñra olar bilen fiziki baglanyşyga geçip ugrarys.
Sebäbi biz adamlar asyl şeýle, öñemizden kesekiler çyksa özümiz olary barlagdan geçirip göreris.
Yz ýany bolsa bu planetadaşlarymyzyñ medeniýetlerini gurmagy öwredip, olary tehnologik tarapdan üstünlige ýetireris. Ýagny diýjek bolýan zadym olara bilmeýänlerini öwrederis. Soñra ol ýerden aýrylyp dolanyp geleris we nesiller geçip gidensoñ bu gelip gidişimiz olaryñ nesilleri üçin antik mif bolup görüner, sebäbi bu hakdaky ýazgylar, düşündirişler o taýdaky añ-düşünjeliler tarapyndan ''Ylymlar'' kategoriýasyna salynar.
Başga bir tarapdan ol toplum öñe gidişlikler gazanyp ösen tehnologiýa eýe bolarlar we Älem giñişligine syýahat etmäge taýynlyk görerler. Şeýdip dönüş başdan başlar...
ㅡ Bu aýdanlarym size bir zatlary ýatlatdymy?
Ýakyn gelejekde bizem uzak planetanyñ antik astronawtlary bolarys.
Eger şeýle bolsa onda näme üçin müñlerçe ýyl öñ Ýerde hem şeýle zatlar bolup geçmesin? Jogaby gaty açyk...
Ýagny hötjetligimizi bir tarapa atyp kosmik geçmişimizde bolan zatlara üns bermekligimize wagt
gelendirle...
Bellik:
https://odatv4.com/uzaylilar-geri-donuyor-0410151200_m.html
Terjime eden: Jeksparro

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.