Ilon Mask adamlary çipleşdirmegiň artykmaçlyklary hakynda gürrüň berdi
Maý aýynda SpaceX we Tesla Motors kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask bir ýylyň içinde implantyň döredilmegini göz öňünde tutýan taslamasy boýunça işini tamamlamakçydygyny aýdypdy. Bu implanty Neuralink kompaniýasynyň hünärmenleri adamyň beýnisine girizmekçi bolýarlar. Gürrüň beýniniň zeper ýeten böleklerini çalşyrmaga ukyply bolan implant barada gidýär. Bu barada astera.ru habar berýär.
Aýratynam, girizilen çip adama göreji, eşidişi ýa-da beýni böleklerine zeper ýetmegi bilen “ýitirilen” ellere, aýaklara hereketi gaýtaryp bermeli. Maskyň aýtmagyna görä, implant beýnide sagdyn adam üçin häsiýetli bolmadyk ähli zatlary düzetmäge ukyply bolar. Ýakynda Mask çipleşdirmäniň üstünliginiň nämede boljakdygyny gürrüň berdi. Ýagny, Neuralink atly beýni implanty gormonlaryň derejesini sazlamaga ukyply bolar, ýene bir tarapdan ol dartgynlylygy aýryp ýa-da ünsi jemlemäge kömek edip biler.
Onuň ýene bir artykmaçlygy çibiň göni beýnä ugratjak aýdymyny diňlemek mümkinçiliginden ybarat diýip belleýärler. Şeýle-de, Ilon Mask Neuralink gurluşynyň zerur bolan ýagdaýynda serotonini, oksitosini ýa-da beýleki himiki maddalary aýyrmaga ukyply boljakdygyny tassyklady. Täze önüm barada has köpräk maglumat 28-nji awgustda tanyşdyrylyş dabarasynda aýdylar.
Neuralink kompaniýasy 2016-njy ýylda döredildi we ol häzirlikçe tehnologiýalaryň işi barada diňe bir uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.