Mask dünýäde baýlygy 300 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy
Dünýäniň iň baý adamy, SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy we Tesla-ny esaslandyryjylaryň biri bolan Ilon Maskyň baýlygy 300 mlrd dollardan geçdi. Şeýle ýagdaý reýtingleriň taryhynda ilkinji gezek boldy. Maskyň baýlygy baradaky maglumatlar “Forbes” we Bloomberg reýtinglerinde berilýär diýip, rbc.ru habar berýär.
Şeýlelikde, “Forbesiň” hasaplamasy boýunça, Maskyň baýlygy 308,5 mlrd dollar, Bloomberg-iň hasaplamasy boýunça, 311 mlrd dollar boldy.
Maskyň baýlygy söwda açylandan soň, NASDAQ biržasynda Tesla-nyň paýnamalarynyň gymmatlamagy bilen ýokarlanyp başlady. Bir gymmatly kagyzyň bahasynyň ösüşi açylyş bahasy bilen deňeşdirilende, 7,53% boldy.
Ilon Mask eýýäm bir hepde bäri dünýäniň iň baý adamydyr. Ol Tesla-nyň paýnamalarynyň ösüşi bilen Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosy birinji orundan düşürmegi başardy. Bu 21-nji oktýabrda kompaniýanyň hasabaty çykandan soň bolup geçdi. Kompaniýa hasabatda arassa girdejiniň, takmynan, bäş esse ýokarlanandygyny, şeýle-de düşewündiň rekord ösüşi barada habar berdi.
25-nji oktýabrda paýnamalaryň bahasy 9,75% ýokarlandy we netijede, Tesla-nyň bazar kapitallaşdyrmasy taryhda ilkinji gezek 1 trln dollara ýetdi. Şondan soň Maskyň baýlygy 25,6 mlrd dollar artyp, 255,2 mlrd dollar boldy (“Forbes” reýtinginiň maglumatlary boýunça).

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.