Ilon Mask rekordy tãzeledi

Tesla-nyň we Twitter-iň baş direktory soňky bir ýylda baýlygynyň şeýlebir köp bölegini ýitirdi welin, Ginnesiň rekordlar kitaby ony ebedileşdirmek kararyna geldi. Guramanyň metbugat beýanatyna görä, Ilon Mask "taryhda iň uly şahsy baýlygy ýitirmek" boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Maskdan ozalky rekordy 2000-nji ýylda şahsy baýlyk ýitgileri 58,6 milliard dollar bolan Softbank -yň esaslandyryjysy we baş direktory Masaýosi Son goýupdy.
Dekabr aýynyň ahyrynda Teslanyň baş direktorynyň taryhda 200 milliard dollardan gowrak baýlygyny ýitiren ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk adamdygy habar berlipdi.
Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, Maskyň sap baýlygy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 340 milliard dollar bolupdy. Emma Maskyň baýlygynyň esasy bölegini emele getirýän Tesla paýnamalary geçen ýyl 65% arzanlady. Mask oktýabr aýynda Twitter-i satyn alandan soň, olaryň pese gaçmagy çaltlaşdy.
Netijede, Mask indi dünýäniň iň baý adamy hasaplanmaýar. Ol bu derejäni Louis Vuitton-a eýeçilik edýän fransuz kompaniýasynyň başlygy Bernar Arno geçirdi.
Bloomberg-iň soňky hasaplamalaryna görä, Maskyň häzirki baýlygy takmynan 129 milliard dollardyr

Cesme. Tmcars.info/news
4 лайков 140 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
19 янв 2023, 19:35
Ölaga ???
Jeksparro
19 янв 2023, 22:24
@Khanture, hany ol Marsamy nämemi Aýa uçjakdyla how. Puly gutaraýdymyka ????
Nazar
19 янв 2023, 22:25
Masonlara gidaydimika :)
#B.S
19 янв 2023, 23:20
Jekwarabey,
Garaz bahana gerekdi ?
DonMaxx
20 янв 2023, 02:24
azyrak pizdessyra Mask?
Owrenyan
20 янв 2023, 13:57
Wirtual ykdysadyýet - agramly bölegi, adamlaryň nirededir bir ýerde nämedir bir zadyň bardygy, onuňam bahasynyň PYLANÇA-dygy hakyndaky howaýy ynançlarynyň düzüminden emele gelýän düzüm-dä. Onsoň onda bu ýyl ýazylýar: Japbagyň baýlygy - 1 trillion, indiki ýyl ýazylýa: Mapbagyň baýlyg-a - 1,1 trillion, Japbagyňkam azalyp boldy - 0,5 trillion, Ýapbagyňky ösüp barýar - 0,8 trillion, Topbagam şo kadar baýlyk getirjek täze ideýa oýlap tapdy, oňam bahasy - 0,3 trillion, geljekde-de Topbagyň şo ideýasy doly güýjüne girse, oň bahasy bolar - 3 trillion. Şeýlelikde 2030-njy ýylda Ýer ýüzüniň iň baýy "Topbullak indastriz menejment of sekýuriti ände memelek" sindikatynyň geljekki eýesi Topbak Wasko.
Bolany.