Erkekler barada faktlar.

Edil gyzlaryň öwgini halaýşy ýaly erkek adamlarada öwgüli sözler gaty gowy täsir edýär. Esasanam aýal-gyzlar öwse)) Boýun almak gerek). Erkekleriň köpüsi gyzlaryň öwgüli sözlerinden ereýär ahyry.)(Janym, mähribanym, arkadagym, sen hemme zady başarýaň, sensiz näme ederdim we ş.m.) Bu bolsa şeýle usul arkaly aýal gyzlaryň ýeňillik bilen erkek adamy dolandyryp bilmeklerine getirýär.) .







Erkek adamlar her bir zatda esasy, başgaça aýdanyňda ýokarda bolmagy halaýarlar. Işde-de maşgalada-da. Emma maşgala meselesinde köp aýal-gyzlara ýokardaky aýdan usulymyň kömegi arkaly erkegi ýokarda goýup ony dolandyrmagy başardýar.)







Gyzlara näçe şeýle sözler "maňa seň ýüz keşbiň owadanlygyň möhüm däl, möhüm zat seň ýüregiň" diýselerem erkekleriň köpüsi barybir ilki bilen ýüze, göze, ýagny owadanlyga seredýärler.







Şeýle hem erkekler kakdyrma (намёк) düşbi bolmaýarlar. Köplenç halatlarda gyzlaryň inçelik bilen kakdyrmasy düşünilmän galýar. Bu bolsa elbetde aýal maşgalaň gaharyny getirýär.







Ýene bir gyzykly fakt) Häzirki döwürde gyzlaryň geýmegi halaýan uly ökjeli köwüşlerini gadymy döwürde erkekler geýipdirler. Ýagny, gelin-gyzlar geýip başlamazyndan öňürti erkekler geýipdirler. Atyň üstünde oturanyňda aýagyň üzeňňiden gymyldamaz ýaly köwüşlere ýörite ökjeler kakylypdyr.







Erkek adamlar sögüşleri, aýal maşgala bilen bolan goh galmagallary, özlerine diýilen paýyş sözleri içinde saklamaýarlar. Derrew unudýarlar. Aýal-gyzlar tersine) Hatda köp ýyl geçeninden soňam siziň oňa diýip soňra bolsa düýpgöter ýatdan çykaran sözüňizi ýatladyp ýüzüňize basyp bilerler). Aýal-gyzlar şeýleräk).







Şeýle hem erkek adamlar ýaşlarynyň näçeligine garamazdan oýnamagy gowy görýärler. Ynanmasaňyz pultda ýöreýän maşyn ýa kompýuteriňize gyzyklyja oýun salyp beriň, siziň özüňiz bu faktyň dogrulygyna göz ýetirersiňiz). Şo sebäpdenem erkeklere "edil kiçijik çaga ýaly" diýilýär.







Erkek adamlar bäsleşigi halamaýarlar. Eger siz aýal bolup maşgalada esasy bolmak isleseňiz ýanýoldaşyňyz bilen bäsleşmegiň geregi ýok. Barybir utularsyňyz ýa-da mazalyja almytyňyzy alarsyňyz. Ýöne başga ýol bar) O ýoly bilmek üçin ýokardaky ýazylan ilkinji fakty düşünip okamagyňyz ýeterlik).







Erkek adamyň fiziologiýasy barada gyzykly fakta ünsüňizi çekesim gelýär. Eger erkek adam doguran bolsa, onda agyra çydaman ölerdi. Sebäbi erkekleriň agyra çydamlylyk derejesi aýal-gyzlaryňka garanyňda juda pes.







Aýal-gyzlaryň öz söýýän ýa-da ýanýoldaşy bolan erkege haýsydyr birzat babatda başga bir erkegiň gowudygyny aýtmagy söýýän erkeklerine gaty agyr degýär, hatda psihiki taýdan zeper ýetmegine-de getirip biler. Şoň üçin mähribanlar, şu babatda gaty seresap boluň.




Şeýle hem erkek adamlar aýal-gyzlardan tapawutlylykda 1 alan köýneklerini birnäçe ýylyň dowamynda toýlara, we şuňa meňzeş çärelere utanman, çekinmän hiç hili närahatlanman geýip bilerler.) Sebäbi erkek adamlarda her toýa 1 köýnek alyp geýmeli diýen düşünje ýok.)



Ýazan : Mayichka
18 лайков 693 просмотров
45комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merdan
04 янв 2022, 14:03
Hemmesi dogry [+]
Enesh
04 янв 2022, 14:07
hmmm
dogry
aika
04 янв 2022, 14:07
like
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 14:09
Kakamyradowna,
hmmm


näme ?! okamuny
Enesh
04 янв 2022, 14:11
Ejegyz,
namee
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 14:13
Kakamyradowna,
"hmm dogry " diýseler birhili duýýan özümi
Merdan
04 янв 2022, 14:15
Цитата: Ejegyz
Kakamyradowna,
"hmm dogry " diýseler birhili duýýan özümi

Gyzlar kakdyryp aýdýar, diýýäler welin maňa diýdigiň bolýamy ýa ?
Kalp doctory
04 янв 2022, 14:15
bolup biler mening bir tanayanym bar ol tersine,ol nahar bishirmegi halaya,we hakyky gozelligi halaya yuz owadanlygy dal .bashga tasin yeram elmydama pikirlermi goldaya hawa oyny halaya yone gezmelemegi ondan kop gow gorya hehe ine sheyle ...
Enesh
04 янв 2022, 14:16
Цитата: Ejegyz
Kakamyradowna,
"hmm dogry " diýseler birhili duýýan özümi

bolýa bagyşla
indikide
dogryyyy diýern
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 14:29
MerdanGeldiyevv,
Gyzlar kakdyryp aýdýar, diýýäler welin maňa diýdigiň bolýamy ýa ?


Ýok-la hihi
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 14:29
Kakamyradowna,
pully
noname
04 янв 2022, 15:26
Iñ soñky fakt erkekleriñ esasy artykmaclygynyñ biri.
GuljemilE
04 янв 2022, 15:29
Dogry
Pegas
04 янв 2022, 15:48
Ylalaşýan. cilimkesh
Ötegçi
04 янв 2022, 18:40
Menem nahar bisirmegi halayan. Nahar abermegem halayan. Men ucin gyzlarda esasy zat das kesp dal ic gozelligi. Bu diydigim bedroy bolsun diydigim dal. Das sypat ortaca da bolup biler. Ak gara bugday sary.renk tapawudy yok. Adamyn ici owadan bolanda ozi owadan bolmasa da iciniñ nury yuzine cykyar.
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 18:44
Ötegçi,
Dogry++
Asyrow_Danco
04 янв 2022, 20:03
Mayichka menden like Gyzlar barada fakt gosan biz hem goldardyk bolmayamy
Enejan
04 янв 2022, 20:07
Asyrow_Danco,
Gyzlar barada fakt goý diýýäňizmi ?!
Bentner
04 янв 2022, 20:12
Jaýdar sözler bahaber
DonMaxx
04 янв 2022, 21:11
hm bah cilimkesh
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 21:14
DonMaxx,
???
Ýury
04 янв 2022, 21:17
+++++
Bor onna menä ýöredim...
Hanguly
04 янв 2022, 21:35
Bilýädimle şular ýaly tema açylsa hökman mahowlyk çykýandygyny. Ilki bilenä aýdylanlaryň köpüsi diňe erkek adama dälde her kim üçin geçerli häsýet. Ikinjidenem aýal-gyzlar owadanlyga we ykdysady ýagdaýa has köp üns berýärler.
Hanguly
04 янв 2022, 21:36
Erkek adamlar dogursa öler düşünjä wapşe... Malow awtor
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 21:41
Wlad,
Ilki bilenä aýdylanlaryň köpüsi diňe erkek adama dälde her kim üçin geçerli häsýet


Erkek adamlar sögüşleri, aýal maşgala bilen bolan goh galmagallary, özlerine diýilen paýyş sözleri içinde saklamaýarlar. Derrew unudýarlar
Şeýle hem erkek adamlar aýal-gyzlardan tapawutlylykda 1 alan köýneklerini birnäçe ýylyň dowamynda toýlara, we şuňa meňzeş çärelere utanman, çekinmän hiç hili närahatlanman geýip bilerler.) Sebäbi erkek adamlarda her toýa 1 köýnek alyp geýmeli diýen düşünje ýok

.)

hawa agam beýle zatlar her kim üçin geçerli biz gyzlaram şol bir köýnegimizi utanman hemme ýere geýip ýöreýäs burun
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 21:43
Wlad,
Ikinjidenem aýal-gyzlar owadanlyga we ykdysady ýagdaýa has köp üns berýärler.


Siz aýal bolup gördüňizmi olaryň içindäki duýgularyny biler ýaly ?!
Bäş barmak deň däldir .
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 21:47
Wlad,
Erkek adamlar dogursa öler düşünjä wapşe... Malow awtor


Ine bula dogrudyr.
Thomas Beatie dogurdy
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 21:48
Erkek adamlar dogursa öler düşünjä wapşe...


Doguryň doguryň burun
Hanguly
04 янв 2022, 21:57
Bäş barmak deň däldir ýöne her tarapyňam özüne aýratyn häsýetleri bolýar. Bolman hemmesi deň dälä muny bilmeýän ýok, ýöne aglabasy şeýle.
Özem bäş barmak deň däl diýýäň welin erkekler barada anyk zat (ýalan aslynda) aýdan bolup otyrsyňyzla ? Nädip düşünmeli muňa ?
Ejegyz.
Автор 04 янв 2022, 22:07
Wlad,
Bäş barmak deň däldir ýöne her tarapyňam özüne aýratyn häsýetleri bolýar. Bolman hemmesi deň dälä muny bilmeýän ýok, ýöne aglabasy şeýle


hawa dogry aýtýaň welin, onda näme üçin beýdiýdiň :
aýal-gyzlar owadanlyga we ykdysady ýagdaýa has köp üns berýärler

Özem bäş barmak deň däl diýýäň welin erkekler barada anyk zat (ýalan aslynda) aýdan bolup otyrsyňyzla ? Nädip düşünmeli muňa ?


Jan agam men edil seň görmegiň üçin mowzugyň ahyryna ullakanja edip MAYIÇKA diýip ýazyp goýdum