Anal seks harammy?

ANAL SEKS HARAMMY?

Zenanyñ artbujagyndan (yzyndan) ýanaşyp edilen bu jynsy gatnaşyk lukmanlar tarapyndan delilleri bilen bile ýaramaz netijelere getirjekdigi subut edilen zat. Munuñ zenana berýän zyýanlary diýseñ uludyr. Birinji zyýany - zenan bular ýaly jynsy gatnaşykda erbet yza çekýär. Biziñ Kurandanam bilşimiz ýaly, aýbaşy döwri zenanlar ýaramaýandygy üçin jynsy gatnaşykda bolmak gadagan edilýär. Ýagny, Allatagala bu babatda zenanyñ boljak birahatlygyny fiziki taýdanam bolsa, ruhy taýdanam bolsa, tapawudy ýok, zenany goragyna alypdyr. Ýagdaý şeýle bolansoñ, Kuran biz erkeklere bu işde nähili hereket etmelidigimizi düşündirýär: Erkege öz keýpiñ üçin aýal zyýan berme diýýär. Ýakyn gatnaşykda aýala fiziki taýdan agyry-yza berjek hereketleri etmeli däl. Çünki aýbaşyly aýal jynsy gatnaşyga girende ýarawsyzlygy beter artýar. Şeýle bolmaýanam bar bolmagy mümkin, emma onuñam jynsy agzalary mikrop gapmaga mümkinçilik berýändigi üçin, aýala fiziki taýdan zyýan berildigi bolýar. Anal seks tutuşlygyna alanda aýal-gyzlara fiziki taýdan zyýan berýär. Aýal berýän ikinji zyýany bolsa: aýalyñ artbujagynyñ bogunlaryny üýtgedýär, ownuk damarlaryny üzýär we şeýdibem gelejekde aýal uly täretini saklap bilmän başlaýar. Beýtmek, aýalyñ organyny bozmakdyr. "Bakara" süresiniñ 222-nji aýatynda eger aýalyñyz meýil etmese oña ýanaşmañ diýen Kuran aýala şular ýaly zyýan ýetirýän gatnaşygy oñlar öýdýärsiñizmi? Elbetde, ýok. Anal seks lykdyr, barypýatan azgynlykdyr, haýwanlaşmakdyr. Bu bolgusyzlygyñ şular ýaly giñden ýaýramagynyñ iki dürli sebäbi bar: Birinjisi, çak edişiñiz ýaly pornoindustriýa. Boýdan başa ýalan zatlar. Siziñ gözüñizi boýaýarlar. Dünýäniñ bäri başynda şeýle pornofilmlere açgözlük bilen tomaşa edýän jahyl-düşünjesiz erkekler Günbatar zenanlary muña rugsat berýändir öýdýärler. Akylly-başly aýal muña hijem rugsat bermeýär. Amerikada ýaşaýan aýal-gyzlaram rugsat berenok. Emma pornoindustriýa amerikan zenany muny oñyn garşylaýar diýen pikiri döredýär.
Akylly boluñ, eý musulmanlar! Anal seksiñ geregi ýok. Aýalyñyzyñ yza çekýän gatnaşygynda siz keýp alýan bolsañyz, eglenmän lukmana görnüñ. Çünki siz näsagsyñyz. Pornofilmler bu gödek we bagyşlap bolmajak ýalñyşlygy size dogry we lezzet beriji edip görkezýär. Pornofilmde munuñ aýala ýaraýandygyny gören jahyl erkeklerimiziñ añy soñabaka muny bolaýmaly zat ýaly kabul edýär. Kellesi gowy işlemeýän erkek aldanýandygyna düşünenok. Soñabaka ol bu laç meýline yrza bolmadyk aýalyndan kemçilik gözläp başlaýar. Çünki onuñ tomaşa eden pornofilmindäki aýal anal seksi keýpihonlyk bilen ýerine ýetirýärdi. O erkek şol aýalyñ şeýle ýasama keýp epizodyny görkezmek üçin on müñlerçe dollar alýandygyna düşünenok.
Anal seks "Bakara" süresiniñ 222-nji aýatyna gönüden-göni ters gelýän gatnaşykdyr. Aýal-gyza fiziki yza çekdirmek arkaly edilýän jynsy gatnaşygyñ islendigi ýalñyşdyr. Muña laç porno pudagyñ gamçylama, dañyp ýanaşma ýaly bolar-bolgusyz hereketleri-de degişli. Lezzet almak üçin bu azgynlykly formalary etmegiñ geregi ýok. Pornoindustriýa kapitalist sistemanyñ iñ hapa ýüzüdir. Ol size elini dañmak, gamçylamak... ýaly laç hereketlere höweslendirýär, soñam sizi şol manysyz zatlara pul harçlar ýaly edýär.
Anal seksiñ giñden ýaýramagynyñ ikinji sebäbi-de gyzlyk perdesini deşdirmegiñ gorkusy. Gynansak-da, käbir ýaş gyzlar liseýde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda okap ýörkä, oglan tanşy bilen jynsy gatnaşyga girýär. Ol gyzlyk perdesini deşdirmejek bolup, ýagny, gelejekki ärimiñ we jemgyýetiñ öñünde ýüzügara bolaýmaýyn gorkusy bilen anal seks teklibini kabul edýär. Ýaş gyzlarymyzyñ arasynda şu mesele boýunça hökmany suratda wagyz-nesihat işlerini geçirmeli. Olar oglanlaryñ bu islegine göni "ýok!" diýmegi başarmalydyrlar.

Fehmi UÝAR.

Çeşme:
http://site/news/anal_seks_harammy/2022-01-03-18852
10 лайков 601 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bentner
04 янв 2022, 22:35
Девушки покинули чат
DonMaxx
04 янв 2022, 22:40
sonky dowur moda boldy oza cilimkesh
yyldyz
04 янв 2022, 23:53
18ýaşamadyk gyzlarymyz bar bärde Jek!
Şamuhammet
Автор 05 янв 2022, 00:34
Цитата: yyldyz
18ýaşamadyk gyzlarymyz bar bärde Jek!


Her kim 18 ýaşamazdan öň şu zatlary okamaly bilmeli, hökman oglan okamaly däl!
noname
05 янв 2022, 07:42
Birhilirak oza welin, şondada bilip goysunlar yaslar
Begenç
05 янв 2022, 09:30
Jek barde paylaşmaly daldiň kitapçyda ba bolsa ssylkajygyny goysaňam ýetiga ýone seret seň gyzyň ýada gyz doganyň şu sayta giryan bolsa sen şu blogy acmazdyň şoň un diňe ozuňi duşunme
Merdan
05 янв 2022, 14:00
Şuňada Like goýypdyrlaraý?
Begenç
05 янв 2022, 16:05
MerdanGeldiyevv,
talyplara baryp gor bir samsyga men prostoy telden giryan kopýalap talyplara goýup ber dp blog acsa ýene bir aňy berkemedik talyplarada-da açýa gyz-gelin aýal dogan jigilermiz girip ýor utanç haýany bilenogow bular
IsaXan
05 янв 2022, 18:02
Bardakilerii caga diyas velinn biz caga bolp galdykk bardee???
IsaXan
06 янв 2022, 00:18
Yyjdynaii namelerr yazyannzz sen ozunn nace yasyndaa gyzlarynn ozlerii isleyaa bizde guna yokk doss
IsaXan
06 янв 2022, 00:19
Цитата: IsaXan
Yykdynaii namelerr yazyannzz sen ozunn nace yasyndaa gyzlarynn ozlerii isleyaa bizde guna yokk doss
IsaXan
06 янв 2022, 00:21
yyldyz,
Gyzlar 7 yasynda başlayaa sen 18 diyann ???