Jyns gatnaşygyň kadalary (Yslam).

Yslamda jyns gatnaşygyň kadalary - jyns gatnaşygy diňe nikadan geçip, mähr tölenip, maşgala bolan är - aýala rugsat berilýär.[1] Mundan beýlekilere bu uly günä hasaplanýar. Oňa zyna diýilýär. Ýene-de aýbaşy döwründe, çaga doglandan soňky döwürde, kesellä, oraza tutulanda we uly meýdan edilýän deşige jyns gatnaşyk etmek bütinleý gadagan edilýär. Bular hem uly günäleriň hasabynda durýar.

Birinji gijede erkek musulman öz zenanyna hüdür-kerem etmeli (mysal üçin: süýt, ary baly, we şuňa meňzeşler. Ýöne himikatly, iýmitlik goşundylary goşulan, spirtli içgileri we şuňa meňzeş emeli ýasalan önümler iýmek, içmek gadagan. Sebäbi bular geljekki çaganyň ruhy we beden saglygyna zyýan ýetirýär. Süýdi hüdr etmek sünnet). Täze gelniň aladasyny etmeli we onuň bilen namaz okamaly, bile doga okamaly, jyns gatnaşygynda üstüňi ýapmaly ondan soň birikmeli. Jyns gatnaşykdan öň mümkin bolsa, gowy edip arassalanmak gerek. Jyns gatnaşygynda är öz aýalyna örän mylaýym, çendenaşa ýumşak, mähirli bolmalydyr, zenan hem (jynsy) doly kanagatlanýança onuň ýanyndan gitmeli däl. Zenana köpräk hurma we şuňa meňzeş tebigatyň tebigy süýji tagamly önümleri iýmek, arassa howaly bolmak, erbet endikleri etmezlik, gaharjaň bolmazlyk maslahat berilýär.[2] Birigip bolunandan soň gusl almak sünnet, namaz wagty başlanda bolsa farz (suw ýok bolsa teýemmum). Eger ikinji gezek birikmek islenilse, onda gusul alyp ondan soň birikmeli. Bu birikmek iň azyndan 4 aýda 1 gezek bolmaly. Eger aýaly 1-den köp bolsa, (şeriatda 4-den köp aýal almak bolanok) olara deň garamagy gerek. Eger durmuşa çykan zenan ozal äre çykmadyk bolsa, onda äri onuň bilen 7 gije bile bolmaly, eger-de ol zenanyň ozal äri bolan bolsa, onda 3 gije hem ýeterlikdir. Yslamda ene göwresindäki çagany aýyrtmak gadagan edilýär (eger-de göwredäki çaga 4 aý bolup geçen bolsa aýyrmak gadagan, sebäbi 4 aý dolansoň çaga ruh üflenýär, ýagny aýyrmak üçin 45 günden geçmedik bolsa gowy).
8 лайков 668 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gokhan Durdyyew
09 фев 2022, 22:15
bahaber ....
Gokhan Durdyyew
09 фев 2022, 22:17
bahaber ....
IDEALLIDER
09 фев 2022, 22:19
Herkim kalbyna golaý post goýar!
nejisje
09 фев 2022, 22:26
Hawa okapdym men shuny brawo
Hiayres
09 фев 2022, 22:49
Цитата: IDEALLIDER
Herkim kalbyna golaý post goýar!


Goýdaýt.