Görogly we Gerakl
Dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly edermenliklerde ady belli gahrymanlar hakynda rowaýatlar, hekaýatlar döredilipdir. Buýsanja ýugrulan gyzykly kitaplar ýazylypdyr. Olardan ylham, gujur-gaýrat, nusga almaga meýilliler hemişe tapylypdyr. Biziň gürrüňini etmek isleýän eserlerimiziň ikisiniň hem süňňi gahrymançylykly hereketlere ýugrulandyr. Gündogarda, aýratynam, türkmen halkynyň arasynda Görogly hakydaky şöhratlylyga, edermenlige eýlenen rowaýatlaryň meşhur bolşy ýaly, Günbatarda grek topragynyň şöhratly gahrymany Gerakl baradaky rowaýatlar diýseň meşhurdyr. Türkmeniň «Göroglusynyň» Günbatardaky söhrat derejesi hakynda üýtgeşik zat aýdara maglumatym bolmasa-da, Gerakl baradaky meşhur rowaýatlar bilen türkmen okyjylarynyň aglabasy tanyşdygyny aýdyp biljek. Biziň bu başlan gürrüňimiz bolsa, «Göroglynyň» mertebesini mertebesi dünýä dolan Gerakl bilen deňeşdirip öwrenmäge synanyşykdyr. Dünýäniň buýsançly gahrymanlarynyň ýene-de biriniň bardygyna öz ýanymyzdan has anyk göz ýetirmekdir. Eýsem, Görogly bilen Geraklyň arasynda nähili umumylyklar we nähili aýratynlyklar barka?! Ine, biziň şu günki gürrüňimiziň baş maksady şu sowallaryň agtarylýan çözgüdinde jemlenen. Şeýle-de bolsa, biz turuwbaşdan bir zady mälim etmek isleýäris. Biziň «Ol eser beýleki eserden täsirlenipdir ýa-da ol eser beýleki bir esere seredeniňde has gadymydyr ýa şöhratlydyr» diýen köre-kör netijäni ýüze çykarmak meýlimiz ýok. Biziň maksadymyz başga bir zatda jemlenendir. Biz süňňi gahrymançylyga we edermenlige eýlenen «Göroglynyň» tema we ideýa taýdan näderejede wajypdygyny şöhratlylygy bilen dünýäniň köp ýerlerinde meşhurlyk gazanan «Geraklyň» şol jähetdäki hyzmaty bilen deňeşdirip görmek isleýäris.
Biz hakykatdanam, dünýä siwilizasiýasyna ägirt goşant goşan edebiýatymyzy, taryhymyzy, sungatymyzy – eposlarymyzy, dessanlarymyzy we beýleki edebi miraslarymyzy täze ruh bilen öwrenmeli. Pederlerimiziň döredijilik dünýäsindäki başarnygynyň dünýä dejesindäki ähmiýetini aýdyňlaşdyrmaly. «Görogly» eposy hem hut şeýle çemeleşmeler bilen öwrenilmegini talap edýän eserdir.
Gürrüň «Görogly» we «Gerakl» barada barýarka biz bir zady bellemeli. Ol bolsa bu iki gahrymanyň hem öz şöhratlaryny edermenlikleri we batyrgaýlyklary bilen gazananlygydyr. Hut şol sebäpli-de bu iki eser biri-biri bilen ýanaşdyrylyp öwrenilmäge mynasypdyr. Okyjylarymyzyň ünsüni, ilki bilen bu iki eseriň arasyndaky bar bolan umumylyklara çekesimiz gelýär.
Ynha, ol umumylyklar ine şulardyr:
› Eserleriň ikisiniň hem gahrymanlarynyň döreýşi adaty adamlaryňka seredeniňde göz-görtele tapawutlanýar.
› Gahrymanlaryň ikisi hem bar bolan şöhratlaryny gazanmak üçin özleriniň gaýduwsyzlygyny, gözsüz batyrlygyny, garadangaýtmazlygyny subut edýän birnäçe edermenlikleri amala aşyrmaly bolýarlar.
› Gahrymanlaryň ikisiniň hem ady goşa, ýagny Geraklyň ilkinji doglan wagtynda dakylan ady Alkid. Gerakl adyna ol soň ýe bolýar. Göroglynyň ilkinji ady, hemmämiziň bilşimiz ýaly, Röwşen. Görogly adyna ol soň eýe bolýar.
Şu ýerde biz ýene-de bir zady belläp geçmeli bolýarys. Ol hem gahrymanlaryň şol wakalary amala aşyrmagyna sebäp bolýan wakalar. Olaryň şol edermenliklere başlamazynyň öňüsyrasyndaky ahwallar we zerurlyklar. Çünki, nähilidir bir zerurlyk ýüze çykmasa hiç kimiň başyny aňyrsynda ölüm howpy ýatan işlere goşasy gelmez. Şeýlelikde, gahrymanlaryň umumylyklary olaryň döreýişleri, edermenlikleriň öňüsyrasyndaky zerurlyklar, edermenlikleriň özi, ahyrsoňunda hem gahrymanlaryň ölümi bilen baglanyşykly wakalarda has aýdyň ýaýbaňlanýar. Bulardan başga-da, gahrymanlaryň ölüminden soňky orunlary baradaky pelsepäni hem agzalan umumylyklara goşsa bolar.
Eserler hakyndaky anyk gürrüňlere girişmezden öň hemmämize mälim bolan bir hakykaty, ylmy hakykaty ýatlap geçesim gelýär. Edebiýatyň baş temasy adamdyr. Edebiýat adamlar barasyndaky ylymdyr. Bu ýönekeý hakykaty edebiýat mugallymymyz sadaja sözler bilen örän gowy düşündiripdi: «Islendik çeper eserlerde näme hakynda gürrüň edilýänem bolsa, ol gürrüň gürrüňsiz adam hakyndadyr we adamlar barasyndadyr. Çünki, öz bilşiňiz ýaly, ýolbarslaram, tilkilerem, ýylanlaram, atlardyr beýleki haýwanlar, ýagny janly-jemendeleriň hiç haýsysy çeper eserleri okamaýar. Şonuň üçinem, haýsy eseri okasaňyzam, ilki bilen, onuň adamlar üçin näme ähmiýetiniň bolup biljekdigine üns beriň».
Ýöne bu iki eseriňem dörän döwürleriniň, olary döreden halklaryň dini ynançlarynyň we dünýewi ýörelgeleriniň, häsiýet we durmuşy aýratynlyklarynyň bardygyny göz öňüne tutmagyň zerurdygyny bellemelidiris.
Indi bize öz başarnygymyza we ukybymyza görä bu iki eser baradaky gürrüňimize girişibermek galdy. Biz eserlerdäki umumylyklar barada gürrüň edýän wagtymyzda olaryň aýratynlyklaryny ýüzugra belläp geçmegi maksat edinýäris. Ilki bilen gahrymanlaryň döreýişleri barasynda. Okyjylarymyzyň köpüsiniň «Görogly» bilen tanyşdygyny nazarda tutup, gürrüňi «Geraklyň» döreýşinden başlamagy ýerlikli hasap edýäris. Gürrüňimiziň giň okyjylar köpçüligine-de düşnükli bolmagy üçin Geraklyň döreýşi we terbiýelenişi baradaky bölümi mümkingadar dolulygyna getirmegi makul bildik.
• GERAKLYŇ DÖREÝŞI
Miken ýurduny Elektrion diýlen şa dolandyrýardy. Bir gün Ptereleý şanyň ogullarynyň baştutanlyk etmeginde telebolylar onuň sürülerini talaýarlar. Telebolylyar Elektrion şanyň öz sürülerini goramak islän ogullaryny hem öldürýärler. Şondan soň Elektrion şa kim sürülerini gaýtaryp getirse we ogullarynyň aryny alyp berse, oňa özüniň Alkmen atly görmegeý gyzyny berjekdigini yglan edýär. Amfitrion atly gahrymana Elektrion şanyň sürüsini söweşsiz gaýtaryp getirmek başardýar. Şonuň üçinem ol şa gyzy Alkmene öýlenmäge hukuk gazanýar. Emma toý dabarasy wagtynda Amfitrion süri sebäpli emele gelen jedeliň üstünde Elektrion şany öldürýär. Şonuň üçinem ol gelinligi Alkmeni alyp, Mikenden çykyp gaçmaly bolýar. Alkmen Amfitrion bilen gaçmak üçin bir şert goýýar. Amfitrion Ptereleý şanyň ogullaryndan Alkmeniň doganlarynyň aryny alyp bermäge razy bolmaly. Amfitrion bu şerti kabul edýär. Fiw şasy Kreontanyň penasyndan düşelge tapynan Amfitrion telebolylara garşy goşun çekýär.
Ähli waka, Gerakl we onuň dünýä inmegi bilen baglanyşykly wakalaryň özeni şu ýerden başlanýar. Amfitrionyň öýde ýok wagtynda Alkmeniň gözelliginiň bendisine öwrülen (Asmana we Zemine hökümi ýöreýän Hudaý bolan – köphudaýlylykda Hudaýlaryň hem Hudaýy) Zews Amfitrionyň keşbine girip Alkmeniň ýanyna barýar (onuň bilen hylwatda bolýar). Tiz wagtdan Amfitrion hem dolanýar. Alkmeniň Zewsden hem Amfitriondan ekiz ogly bolýar. Has, takygy, olaryň hersinden bir ogly bolýar.
Şol gün – Zews bilen Alkmeniň beýik oglunyň dogulmaly güni Hudaýlar Beýik Olimpde (Arşda, ýagny Hudaýlaryň mesgeninde) ýygnanypdyrlar. Şonda ýakyn wagtda oglunyň boljakdygyna şatlanýan penalaýjy hökümdar Zews Hudaýlara şeýle diýýär: «Hudaýlar we zenan Hudaýlar, gulak asyň, meniň size diýmek isleýän sözüm bar. Ony aýtmagy maňa ýüregim emr edýär. Şu gün beýik gahryman eneden doglar. Ol gözbaşyny meniň beýik oglum Perseýden alyp gaýdýan garyndaşlarynyň ählisine hökümdarlyk eder!»
Emma Zewsiň aýaly bolan (Hudaý aýal) – haýbatly Gera Zewsiň başy ölümli Alkmeni (bu ýerde Alkmeniň ynsan perzendidigi göz öňüne tutulýar. Sebäbi grek düşünjesi boýunça Hudaýlar köpdür we hemmesi ölmez-ýitmezdir. Ynsanlaryň bolsa başy ölümlidir) aýallyga alanlygy (onuň bilen hylwat işini edenligi) üçin gaharlanýandygy sebäpli, mekirlige ýüz urýar, çünki onuň Alkmeniň ogluny Perseýleriň hökümdarlygyndan mahrum edesi gelýär. Şonuň üçinem öz mekirligini ýüreginiň töründe ýerlän Gera Zewse şeýle diýýär:
– Sen ýalan sözleýärsiň, beýik gök gümmürdediji. Sen hiç haçan öz sözüňde durup bilmersiň. Şonuň üçinem maňa Hudaýlaryň hiç haçan synmajak sözüni ber. Goý, şu gün Perseýleriň neslinden bolan ilkinji çaga öz kowumdaşlarynyň hökümdary bolsun.
Şol wagt Zewsiň paýhasyna ýalançylygyň Hudaýy (zenan Hudaý) Ata täsir edýändigi üçinem ol (Zews) Geranyň mekirligi barada gümanam etmezden oňa söz berýär. Ant içýär. Şol wagtyň özünde Gera Olimpi terk edýär we altyn tigirli arabasy bilen Argosa tarap ýola düşýär. Ol ýerde Gera Perseýlilerden Hudaýlar bilen deň hukukly bolan aýalyň – Sfenelanyň oglunyň dogulmagynyň tizleşmegine kömek etdi. Şeýlelik bilen, Sfenelanyň ogly bolýar. Ol çagajyga Ewrisfeý diýip at goýýarlar. Ewrisfeý ejiz, keselli, igli bolup dünýä inýär. Ýüregindäki ähli arzuwy hasyl bolan Gera derhal Olimpe gaýdyp gelýär we şöhle bilen urujy Zewse şeý diýýär:
– Eý, ýyldyryma erk ediji Zews-ata, maňa gulak as! Häzir şöhratly Argosda Perseýlilerden Sfenelanyň ogly Ewrisfeý dünýä indi. Ol şu gün ilkinji bolup dünýä indi. Şonuň üçinem Perseýler kowmuna ol hökümdarlyk etmeli bolar.
Hudaýlaryň hiç haçan synmajak sözüni beren Zews gaýga batdy. Geranyň mekirligine ol diňe şondan soň göz ýetirýär. Onuň öz aňyna eýelik eden Ata biçak gahary geldi. Gaharyndan ýaňa Zews onuň saçyndan tutup, Olimpden aşaklygyna oklap goýberipdir. Şondan bäri hem ýalançylygyň Hudaýy Ata adamlaryň arasynda ýaşaýarmyş.
Zews Gera bilen bozulmaz şertnama baglaşýar. Şoňa laýyklykda, onuň ogly tutuş ömrüni Ewrisfeýiň golastynda geçirmelidi. Diňe Ewrisfeýiň görkezmesi esasynda on iki sany edermenligi amal edeninden soň ýöne bir azatlyga çykmak däl, eýsem, ölmez-ýitmezleriň (Hudaýlaryň) hataryna hem kabul edilmelidi (Bu ýerde Geraklyň Hudaýa öwrülmegi barada gürrüň edilýär). Göksarsdyryjy (Zews) öz oglunyň örän uly howplary ýeňip geçmeli boljakdygyny bilýärdi. Şonuň üçinem ol gyzy Afina Pallada Alkmeniň ogluna (Alkmenden bolan ogluna, ýagny Gerakla) gözegçilik etmegi buýurdy. Soňra ol oglunyň ejiz we züwweddin Ewrisfeýiň elinde gullugynda gezýändigini göreninde ýygy-ýygydan gussa batmaly boýardy. Emma Gera beren wadasyny bozup bilmeýardi.
Sfenelanyň ogly bilen bir günde Alkmeniň hem ekiz ogly bolýar. Ulusy Zewsiň ogly, oňa doglan wagtynda Alkid diýip at goýýarlar, kiçisi – Amfitrionyň ogludy, ony Ifikl diýip atlandyrýarlar. Alkid aýdylyşy ýaly Gresianyň beýik gahrymanyna öwrüldi. Soňlugy bilen ol bilen Gerakl diýlip atlandyryldy. Şol at bilenem baky ömrüň (ölümsiz ömrüň) eýesi boldy we Arşdaky Hudaýlaryň düzümine kabul edildi.
Gera ilkinji gününden başlap, Gerakly yzarlap ugraýar. Geraklyň dünýä inendigini we onuň dogany Ifikl bilen arlyga dolangy ýatandygyny bileninden soň ol ýaňy doglan gahrymany öldürmek üçin iki sany ýylany goýberýär. Ýylanlar uklap ýatan Alkmeniň ýanyna gözlerini ýaldyradyp giren wagtynda, eýýäm garaňky düşüpdi. Olar ýuwaşlyk bilen süýşüp baryp, ekizleriň ýatan sallançagyna girýärler. Kiçijik Geraklyň daşyna oranyp, ony bogmak islän wagtlarynda Zewsiň ogly oýanýar-da özüniň kiçijik ellerini ýylanlara tarap uzadyp, olary tutýar. Ýylanlaryň boýnundan tutup, olary şeýlebir gysýar welin, ýylanlaryň ysgyn-mydary gitýär. Geraklyň ejesi Alkmen ukusyndan gara basyp oýanýar. Sallançakdaky ýylanlary görüp, rahat ýatan aýal şeýlebir çirkin gygyrýar. Hemmeler Geraklyň sallançagyna tarap ylgaýarlar. Aýallaryň gykylygyna eli ýalaňaç gylyçly Amfitrion hem ylgap gelýär. Hemmeler sallançagyň daşyna egilýärler we adatdan daşary gudraty görýärler: olaryň gözleriniň öňünde kiçijik Gerakl demikdirilen iki sany äpet ýylany ellerinde saklap durdy. Oglunyň güýjüne aňk bolan Amfitrion Tireseý diýlen gurrandazy çagyrýar, ondan bäbegiň täleýine garap bermegi haýyş edýär. Şonda öňdengörüji goja Geraklyň näçe sany beýik edermenlik görkezjekdigini we ömrüniň ölmez-ýitmezlige öwrüljekdigini aýdýar.
Alkmeniň uly ogluna nähili beýik şöhratlaryň garaşýandygyna göz ýetiren Amfitrion oňa gahrymanlara mynasyp terbiýe berýär. Amfitrion Geraklyň diňe bir güýjüniň artmagy barada aladalanman, eýsem, ol onuň bilimi barada hem aladalanýar. Oňa okamagy, ýazmagy, aýdym aýtmagy we Kifarada (saz guraly) saz çalmagy hem öwredýärler. Emma ylymda we sazda Gerakl göreşdäki, ýaýdan ok atmakdaky we ýaraga erk etmekdäki ýaly üstünlik gazanyp bilmeýär. Şonuň üçin hem sazdan sapak berýän mugallym, halypa Orfeý Lin öz okuwçysy üçin ýygy-ýygydan gaharlanmaly bolýardy. Käte oňa temmi hem bermeli bolýardy. Bir gezek Lin Geraklyň okamak ukybynyň ýokdugy bilen gaharyny getirýänligi üçin, sapak wagtynda ony urýar. Gahary gelen Gerakl Kifara saz guraly bilen Liniň kellesine urýar. Ýöne ýaşajyk Gerakl öz urgusynyň güýjüni göz öňünde tutmaýar. Kifaranyň urgusy şeýlebir güýçli degýär welin, hatda Lin ýykylanda, eýýäm, jansyz ýykylýar. Gerakly adam öldürendigi üçin suda çagyrýarlar. Şonda Alkmeniň ogly özüni aklamak üçin şeýle jogap berýär:
– Eýsem, sudýalaryň (kazylaryň) iň adalatlysy hasap edilýan Radamant «Her bir taýak iýýäniň jogap urgusyny urmaga haky bar» diýmeýärmidi näme?!
Sudýalar Gerakly akladylar. Emma şeýle zatlaryň ýene-de bolaýmagyndan çekinen Amfitrion Gerakly Kiferonyň tokaýlygyna mal bakmaga iberýär.
***
Türkmen okyjylarynyň aglabasy Göroglynyň döreýşi bilen tanyşdyr. Okyjylar bilýän hem bolsa, «Görogly» bilen baglanyşykly öňki makalalarymyzda ýüzlenilen hem bolsa, ol maglumatlaryň ýene-de peýdalynmaly bolmagynyň zerurlygy makalanyň deňeşdirme usulynda ýazylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem biz Görogly baradaky maglumatlary mümkingadar gysby görnüşde peýdalanmagy ýerlikli hasaplaýarys
• GÖROGLYNYŇ DÖREÝŞI
Çardagly Çandybil ýurdunyň Jygalybeg atly soltany bar. Onuň üç ogly bar. Ogullarynyň häsiýetlerini olaryň atlaryndan hem aňlamak bolýar. Uly ogly – Genjim. Ortanjy ogly – Mömin. Körpe ogly – Adybeg. Jygalybegiň ýaşynyň bir çene barandygyny onuň öz tagyny haýsy ogluna miras galdyrsa gowy boljakdygy baradaky oýlaryndan hem bilip bolýar. Uly ogly özüniň baýlygy bilen. Ortanjysynyň özünden başga hiç zat bilen seri ýok. Üçünjisi beg häsiýetli. Şonuň üçinem ol tagtyny Adybege berýär. Emma Jygalybegiň şatlygy uzaga çekmeýär. Ilki bilen Adybegiň hamyladar aýaly hem dünýäden ötýär. Aýy-güni ýetik çaga hem enesiniň garny bilen gidýär. Adybegiň hem kazasy dolup, bu dünýe bilen hoşlaşmaly bolýar. Bu Jygalybege örän agyr degýär. Beg häsiýetli oglunyň ojagynyň biperzent gugaryp galmagy garry soltanyň kalbyna tagma bolup basylýar. Maşgala dowamatsyz, ýurt soltansyz galýar. Emma günlerde bir gün Genjimiň sürüsinden bölünip gaýdýan bir geçiniň Adybegiň aýalynyň mazaryndan çykýan bir çagajygy emdirýändigi mälim bolýar. Ol çagany halk bolup atlandyrýarlar. Oňa Röwşen diýip at goýulýar. Emma bir gojanyň gulaklara ilse-de ýer tutman galan teklibi soňra şol çagajygyň hakyky adyna öwrülýär. Ol at – Görogly. Ýurduň ertirki eýesi bolup, ony dolandyrjak bu çagany howplardan goramak Jygalybege aňsat düşmeýär. Ol tagty wagtlaýyn hem bolsa eýesiz galdyryp, ýaşajyk Röwşeni – Göroglyny terbiýelemegi makul tapýar. Göroglynyň hem garagollugy Geraklyňkydan peslärli däl.
«Päh, söwdagär zaňňarlaryň-da nebsewürlikleri, zandyýamanlyklary özüňize belli. Olar diňe öz bähbitlerini arap gezýärler. Bir salkym üzüm zyýan çekenlerinden, janlarynyň çykanyny gowy görýärler.
Bir gün hemme bakgallar, hannaslar bir ýere ýygnandylar. Özleriniň ýaşulularynyň biriniň öýünde üýşmeleň gurap, maslahat etdiler. Olaryň arasyndan tüýkesme zaňňaryň biri derdinip:
– Ahaw, adamlar, Adybegiň derdinden heleýlerimiz çagalaryny gatyrak agladybilmezdiler. Hyzmatkär çorularymyz ýargyjagyny gatyrak dartabilmeýärdiler. «Salgyt-hyrajyň» diýip, bir alardy. «Terezini ýeňil tartdyň, jerime» diýip, iki alardy. «Süýthorluk etdiňiz, gymmat satdyňyz» diýip, üç alardy. Biz Adybeg diýlen beladan dyndyk diýip ýördük. Emma bu döremän geçeniň ondan bäş beter bela boljagyny görüň içinde ölmän galanlygyndan biliberiň. Ol oglan wagtynda şunuň ýaly. Eger ulalaýsa, biziň kyrkymyzy bir gazyga çatar. Irgözinden mundan dynmak alajyny etmegimiz gerek – diýdi. Oturanlaryň her haýsy bir zat diýişdiler. Ahyrynda «Muny ýaş wagtynda ýitirim etmeli» diýip, dil düwüşdiler.
Bu maslahatyň içinde Jygalybege dost bir adam bardy. Ol sesini çykarman, maslahaty diňläp otyrdy. Bu adam maslahat gutarandan soň, Jygalybegiň ýanyna baryp:
– How, Jygalybeg, pylan mähellede söwdagärleriň maslahaty boldy. Şol ýerde şeýle-şeýle gürrüň edildi. Sen şu agtygyň ýetişýänçä başga bir ýurda çykaýsaň, gowy bolardy – diýip, Jygalybege maslahat berdi.
Emma Jygalybeg nirä baryp, kime dadyny aýtsyn. Kim onuň derdine derman etjek?
Çünki onuň duşmanlary güýçli. Aýratyn hem ýedi ýurduň patyşasyndan paç-hyraç alyp oturan Hüňkar atly soltan has hem howpludy.
«Birnäçe wagt aradan ötdi. Adybegiň dünýäden ötüp, töwereginden goç ýigitleriniň hem duw-dagyn bolup gidendigini, Jygalybegiň hem öňki kuwwatynyň ýokdugyny hälki söwdagärler Hüňkaryň goýberen içalysynyň üsti bilen oňa habar berýärler».
Şonuň üçin hernäçe howply hem bolsa, Jygalybeg esasy pikirini onuň ýurduna baryp, onuň hyzmatynda bolmaly diýen maksada gönükdirýär. «Ýagynyň daşyndan içi aman» diýlenini edýär. Ýa-ha Jygalybeg şol nakyla eýeripdir ýa-da şol nakyl Jygalybegiň şol ajaýyp netijesinden soň hut şonuň esasynda döräpdir. Muny ylmy çaklamalary has içgin öwrenjek adamlaryň paýyna goýaly. Ýöne bir hakykat eliň aýasyndaky ýaly aýdyň. Bu pikir onuň üçin Göroglyny aman saklamagyň iň amatly ýoly bolup görünýär. Hernäçe hupbatly hem bolsa, ol ýurduň indiki soltanyny ýetişdirmegiň hatyrasyna Hüňkaryň hyzmatyna barýar.
• GAHRYMANLARYŇ DÜNÝÄ INIŞI BILEN BAGLANYŞYKLY UMUMYLYKLAR WE AÝRATYNLYKLAR
Göroglynyň hem Geraklyň dünýä inişleri bilen tanyş bolanymyzdan soň, biz ilkinji umumylyklaryň olaryň dogulyşynda ekenligini görýäris. Olar bu babatda adaty adamlardan şol bir wagtyň özünde biri-birinden hem tapawutlanýarlar.
Olaryň birisi görden çykýar, beýlekisi asmandan inýär. «Gorogludaky»: «Indi habary Adybegiň aýalyndan eşidiň. Adybegiň aýaly hamyla bolup, göwresinde çaga galdy. Aýdan-aý, günden-gün geçip, dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat dolanda, onuň burgusy tutdy. Aýallar töweregini alyp oturdylar. Emma çagasy göwresinden saýlanmanka, pahyr ýaş üstünde dünýäden ötdi. Ony eltip, gonamçylykda jaýladylar. Aýy-güni ýetik çaga hem enesiniň garnynda gitdi» diýlen sözlerden soň Göroglynyň öldi hasap edilip jaýlanan aýalyň nähilidir bir adaty bolmadyk sebäplere görä diri galan çagadygyna göz ýetirmek kyn däl. Gerakl bolsa, başy ölümli ynsanlaryň biri bolan Alkmen atly zenanyň Zews atly Hudaýdan (rowaýatlaryň dörän ýerinde we döwründe köp Hudaýlylygyň höküm sürýändigini nazara almak zerurdyr) alan perzendi. Deňeşdirmek isleýän iki gahrymanymyzyň hem iň ilkinji aýratynlyklary hem hut şu ýerden başlanýar. Ol aýratynlyklar, ilkinji nobatda iki halkyň dini ynançlarynyň dürli-dürliliginden gözbaş alýar. Şeýle-de bolsa, bir zady aýratyn belläp geçmek ýerliklidir. Göroglynyň dogluşy wakalaryň yzygiderliginde yzarlanylsa, bolup biläýmegi mümkin wakadyr. Durmuşda elektrik togunyň urgusyndan, aşa begenmegiň ýa-da aşa gynanmagyň netijesinde öldi hasap edilen adamlaryň gaýtadan direlýändiginiň şaýady bolan adamlar azam bolsa, gabat gelýär. Beýle ölüme medisina ylmynda «kliniki ölüm» diýilýär. Göwresinde aýy-güni dolup duran çagasy bar ýaş gelniň bize mälim bolmadyk haýsydyr bir ahwaly içine sygdyryp bilmän şeýle hala düşen bolmagy ahmal. Bu ylmy nukdaýnazardan seredeniňde hem bolup biläýjek ahwaldyr. Diýmek, Göroglynyň dogluşynda haýsy halkyň nukdaýnazaryndan seredäýeniňde-de durmuşa ýakynlygy duýmak kyn däl. Ol bolaýmagy juda mümkin waka. Şu ýerde ýene bir zada ünsi çekmek zerur. Eposda bu bölüm «Göroglynyň dogluşy» däl-de «Göroglynyň döreýşi» diýlip atlandyrylýar. Bu nukdaýnazardan seretseň, soltansyz galan ýurduň halky öz aňynda kämil soltany döredýär diýip ykrar etmegem bolar. Romantizmiň talaplaryna laýyklykda, bu iki eseri döreden, emma bize näbelli bolup galan ussat ýazyjylar durmuşda hakyky prototipi bolmadyk – öz aňyýetiniň önümi bolan gahrymanlary döredipdirler diýip hasap etmegem mümkin. Şular ýaly ýagdaýlar bilen baglylykda, ýene-de bir zada ünsi çekmek zerur. Özüne gulluk edýänleriň belent ruhdan arkaly, duşmanlarynyň kalbynyň hemişe syrly dowullardan doly bolmagy üçin geçmişdäki serkerde hökümdarlaryň köpüsiniň özlerindäki güýjüň we ukybyň syrly keramata eýedigi barasynda dürli gürrüňleri ýaýradandyklaryna okyjylarymyz belentdir. Oňa hiç kim tarapyndan döredilmedik, adaty adamlar ýaly doglup, adaty adamlar ýaly ölüp giden Aleksandr Makedonskiý barasyndaky rowaýatlar hem şaýatlyk edýär. Göroglynyň zeberdest piri Hezret Alynyň güýjüniň keramatlylygy baradaky rowaýatlar biziň pikirimiziň dogrudygyny tassyklap biljek ýene-de bir mysaldyr. Bu pikiri inkär etmeklik ýa-da ykrar etmeklik duýgusy deň derejeli mümkinçilige eýedir. Ol okyjynyň aňynyň haýsyny kabul edip bilşine baglydyr. Emma welin Geraklyň dogluşy bu babatda durmuşy hakykatdan düýpgöter üzňedir. Hatda, onuň durmuşy hakykata golaýlygy baradaky pikiri tasa getirmegem mümkin däldir. Bu bize bir zady – Geraklyň has irki döwre hem-de biziň ynançlarymyza gabat gelmeýän ynançlaryň hereket edýän ýurtlaryna degişlidigini habar berip biler. Gerakl hakyndaky rowaýatlar köphudaýlylyk döwrüniň ynançlaryna ýugrulandyr. Üstesine-de adamlaryň hudaýlara meňzeşdigi ýa-da Hudaýlaryň adamlara meňzeşdigini hem juda eserdeň bolaýmasaň saýgarmak hyllalladyr. (Edil şu ýerde Allanyň – ýeke-täk Hudaýyň ýerdäki wekilini Isa pygamber diýip ykrar edýän diniň, şeýle hem Allanyň wekili diýip Muhammet pygamberi ykrar edýän diniň ikisiniň hem ylmy çeşmesinde, ýagny Ijilde we Kuranda hudaýyň adamlary öz sypatynda ýaradandygyny belläp geçmek, megerem, ýerlikli bolsa gerek) Şonuň üçin hem Gerakl bilen baglanyşykly rowaýatlaryň dörän döwründe adamlaryň Hudaý bilen ynsanlaryň arasyndaky aratapawudy kämil kesgitläp bilmändiklerini görmek bolýar. Köphudaýlygyň ynançlaryna görä her bir zadyň öz Hudaýy bar hasap edilip, olaram öz aralaryndaky gatnaşyklarda edil ynsanlaryňky ýaly gatnaşyk etmek mümkinçilikleri bilen göz öňüne getirilipdir. Biziň ynaçlarymyzda welin birwagtky köphudaýlylyk döwrüniň hudaýlarynyňky ýaly köp pirlilik düşünjeleriniň bardygyny ýatlap geçmek artykmaçlyk etmese gerek. Mysal üçin çölüň piri, ýeliň piri, suwuň piri, demriň piri, düýäň piri, sygryň piri we ş. m. Emma biziň ynançlarymyzda her bir zadyň aýry-aýrylykdaky pirleri hem biri-biri bilen adamlaryň öz aralaryndaky gatnaşyklary ýaly ýöntem gatnaşyk etmändirler. Biziň ynançlarymyz beýle gatnaşyklary rowaýatlarda, iň bärkisi ertekilerde-de beýan etmändirler. Türkmen halk döredijiliginde biri-biri bilen düşünişmän ýa kine saklap tersin herekete meýil edýän pirlere-de gabat gelmersiňiz. Aňlarynda keramatlylygyň, halallygyň, imanlylygyň nusgasy hökmünde orun alan pirleriň zenanlar (del zenanlar bilen) bilen binika golaýlyk etmegi halkymyzyň hiç haçan kabul edip bilmejek düşünjesidir. Biz bir hakykaty bilmeli: islendik döwrüň eseri öz döwrüniň umumyhalka mahsus bolan ynançlaryndan halas däldir. Iki eseriň baş gahrymanynyň hem iki atlydygyny bellemelidiris. Geraklyň ilkinji ady – Alkid. Göroglynyň ilkinji ady – Röwşen. Emma gahrymanlaryň ikisi hem soňra halkyň ýörgünli saýan atlary bilen biri Gerakl beýlekisi Görogly ady bilen müdimi gahrymana öwrülipdirler. Şeýlelikde, Geraklyň we Göroglynyň dogup-döreýişleri hakyndaky bölümleriň wakalary esasynda biz şulary aýdyp bileris:
GERAKL – gaty irki döwürleriň ynançlaryna eýlenen hekaýatlaryň we rowaýatlaryň toplumydyr. Köphudaýlylyk we hudaýlaryň ynsan häsiýetlilgi, özaralaryndaky gatnaşyklaryň şol häsiýete ýugrulmagy, biri-birine gaharlanmagy, biri-birini söýmegi, ýigrenmegi, gabanmagy, hatda şol Hudaýlaryň adamlar bilen deňli-derejeli gatnaşyklary edip bilmegi muňa şaýatlyk edýär. Olar bolsa juda irki döwürlere degişli alamatlardyr. Şeýle bolmagyna garamazdan, Gerakl baradaky rowaýatlar ýönekeý ýaragly goşunlaryň uruşlaryna eýlenen döwürlerinde beden taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlaryň uly hormatdan peýdalanandygyny, olaryň zerurlygyny, ýöne şol derejäni gazanmak üçin sagdynlygyň, ýürekliligiň, söweşjeň ýaraglary işletmäge türgen bolmaklygyň zerur bolandygyny habar berýär. Rowaýatlaryň dörän döwürleriniň ynançlaryna laýyklykda, olar güýçli, başarjaň, garadangaýtmaz adamlary Hudaýlaryň perzentleri hasap edipdirler. Gerakl hem öz döwrüniň adamlarynyň aňynda kemala gelen gahrymandyr. Ol irki döwürleriň garaýyşlaryny özünde saklaýandygy üçin hem gymmatlydyr.
GÖROGLY – Gerakl ýaly Hudaýyň ogly däl. Ol ynsan perzendi. Emma ol Hudaýyň bendesidir. Görogly ojagynyň öçüp, ýurdunyň eýesiz galmagyndan howatyrlanan Jygalybegiň: «Adybeg soltan ogullarymyň iň ýagşysydy, gerçek goç ýigitdi, şundan bir zürýat galarmyka diýip umyt edýärdim» diýen sözlerindäki öçeňkirlän umydyna Hudaýyň eden garaşygy. Görogly Hudaýyň umytsyzlara-da umyt berip bilýändiginiň subutnamalarynyň biridir. Ol Hudaýyň nazar salan çagasy. Bolmasa enesiniň garnynda giden çaga mazaryň böwrüni deşip, daşyna çykyp bilermidi?! Geçiniň mazaryň ýanyna barmagy we onuň her gün gelip çagajygy emdirip gitmegi hem biziň ýokarky pikirimiziň dowamydyr. Ýöne «Görogluda» Hudaý Geraklyň rowaýatlaryndaky ýaly köp däl. Özi-de esere ynsan bilen deň derejeli edebi keşpli gahryman hökmünde gatnaşmaýar. «Görogluda» hem durmuşdaky ýaly – Hudaý bitmesi kyn saýylan arzuwlaryň bitmeginde, hasyl bolan ajaýyp arzuwlaryň süňňünde ýaşaýar. «Görogly» eposy ilkinji bölüminden başlap, Gerakl baradaky rowaýatlardan durmuşa golaýlygy – mümkingadarlygy bilen, ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar. Ol islendik halkyň diline terjime ediläýeninde-de, bolmajak hyýaly häsiýetli kabul edilmez. Bolup biläýjek, emma seýrek gabat gelýän hadysalaryň biri hökmünde kabul ediljekdigine ynanýaryn.
Biz Göroglynyň we Geraklyň dogup-döreýşi baradaky gürrüňimzi şunuň bilen jemlemek isleýäris. Ýöne gahrymanlar ýaňy dünýä indiler. Olaryň deňsiz-taýsyz gahryman hökmündäki amala aşyrmaly osüşleri – edermenlikleri, olary şol edermenlikleri berjaý etmäge iterjek, ruhlandyrjak zerurlyklar heniz öňde. Has dogrusy indiki makalamyzda.
• GÖROGLYNYŇ edermenlikleri we GERAKLYŇ edermenlikleri
Göroglynyň we Geraklyň dogup-döreýşi barada biz gürrüň edipdik. Şol gürrüňlerimizde-de biz bu iki gahrymanyň biri-birinden dünýä inişindäki aýratynlyklaryny we olardaky umumylyklary aýdyňlaşdyrmaga synanyşypdyk. Biziň bu günki gürrüňimiz hem şonuň dowamy bolar. Şöhratlaryny öz çäksiz güýçleri bilen gazanan bu gahrymanlaryň deňsiz-taýsyz edermenlikleriniň amala aşmagynyň sebäpleri we olaryň edermenlikleriniň häsiýetleri eseriň gymmatyny ölçemekdäki baş ölçegdir. Şonuň üçinem biz gürrüňimizi gahrymanlary edermenliklere iterýän zerurlyklardan başlamagy makul bildik.
• GAHRYMANLAR EDERMENLIKLERIŇ ÖŇÜSYRASYNDA
GERAKL heniz ýetginjek wagtynda Kiferon ýolbarsny öldürýär. Bu onuň çäksiz güýje eýe bolup ugrandygynyň aýdyň alamatlarynyň ýüze çykmasydyr. Geraklyň söweş ýaraglaryny edinişi barada şulary aýtmak bolar: Ol Neseý jeňňelliginden köki-damary bilen sogrulan, berkligi demir ýaly dagdan agajyndan özüne oňaýly bir çokmar (tommaý) ýasanýar. Galan ýaraglar bilen Gerakly hudaýlar ýaraglandyrýarlar. Oňa güýji – Germes, ýaý bilen oky – Apollon, altyn sowudy bolsa – Gefest sowgat berýär. Eşiklerini bolsa Zewsiň gyzy – Afina tikip berýär.
Gerakl jahyl çykansoň, ýaşaýan ýurduna sütem berýän Orhomen şasy Ergini öldürýär. Bu edermenligi üçin Fiw şasy Kreont Gerakla öz gyzyny – Megany berýär. Hudaýlar bolsa ol ikisine üç sany ogul peşgeş berýär. Onuň şowly durmuşyna görübilmezçilik edýän Gera Gerakly az salymlyk aklyndan azaşdyrýar. Gerakl şol ýagdaýda öz çagalaryny we dogany Ifikli öldürýär. Aňyna aýlanansoň eden işine ökünip, aňyrsyna çykyp bilmeýän Gerakl öz durmuşynda bolup geçýän bu düşnüksiz ahwallar barasynda maslahat soramak üçin Apollonyň ýanyna ugraýar. Apollon Gerakla öz kowumdaşlarynyň ýanyna – Tirinfe gitmegi we Ewrisfeýe on iki ýyllap gulluk etmegi buýurýar. Ewrisfeýiň islegine bagly bolan on iki sany edermenligi başaryp bilse, onuň ölmez-ýitmezligiň (hudaýlaryň) arasyna goşulmaga hukuk gazanjakdyklaryny hem aýdýar. Şondan soň Gerakl Trifine gidýär we züwwetdin Ewrisfeýiň hyzmatkärine, guluna öwrülýär. Ewrisfeýiň talap edýän edermenliklerini ýerine ýetirmäge kaýyllyk bilen girişýär.
GÖROGLY hem kiçiliginden garagollugy bilen göze ilýär. Emma onuň garagollugy Geraklyňkyňdan tapawutlydyr. Ol güýjüne bäs gelip bilmän bimaksat, bimany hereketleri bilen adam ölümine sebäp bolmaýar. Onuň garagolluklarynda çaga bezzatlygy duýulýar. Şonuň üçinem ol garagolluklar durmuşy häsiýete eýedir. Hatda olaryň milli öwüşginlidigini hem bellemek gerek bolmaz. Aşyk oýnunda ýa-da beýleki oýunlardaky wakalaryň esasynda ýakalaşmalaryň ýüze çykmagyny, at ýa eşek ürküzmelere biz şu günler öz durmuşymyzda-da gabat gelýäris ahyryn. Diýmek, Göroglynyň oglanlyk döwrüniň garagollugy hem hakyky durmuşa ýakyndyr. Göroglynyň bezzatlygy barha tutaşyp, öz deň-duşlaryna baş bolup, hannaslary, bakgallary kösäp ugraýar. Şonuň üçinem olar bu çaga ulalsa özlerine hezil bermez diýip, «Muny (Göroglyny) ýaş wagtynda öldürip, ýitirim etmeli» diýen karara gelýärler. Eseriň şu ýerinden başlap, türkmeniň durmuşy häsiýeti hasaplanyp ugraýar. Jygalybeg soltanlyk tagtynyň mirasdüşeri boljak Göroglyny aman saklamak üçin Çandybilden gitmeli boljakdygyna düşünýär. Ykbal ony köne duşmany Hüňkaryň golastyna oklaýar. Garry duşmanynyň golunyň aşagynda kän hupbatlary görüp, sansyz hunabalary ýuwutsa-sa, Röwşenjigiň terbiýesi üçin ähli zada döz gelýär. Öz nesliniň kämil terbiýesi üçin ähli kynçylyklary ýeňip geçmek türkmen häsiýetidir. Jygalybeg Hüňkaryň athanasynda seýisçilik edýär. Göroglyny aman saklamak üçin ol azap baryny görýär. Ahyrynda-da köşk emeldarlarynyň gepi bilen Jygalybegiň gözi oýulýar. Möminiň kellesi kesilýär. Bu ýigitleriň deregine Jygalybeg bar zatda utuş gazanýar. Ol utuş – suw atynyň tohumy bolan gyrsak. Jygalybeg Hüňkaryň ýurdunda mundan uzak saklanyp bolmajakdygyna düşünýär. Şonuň üçinem ol Gülendam bilen Göroglyny alyp, Üçgümmez dagyna gaçmaly bolýar. Olar ol ýerde bir çatmajyk gurnup ýaşaberýärler. Bir gün olaryňka kyrk galandar gelýär. Olar myhmanlara ýekeje syrgyny soýup hyzmat edýärler. Soňra şol galandarlar Reýhanarabyň ýanynda Güledamy taryplaýarlar. Gülendam bir wagtlar elinden aldyran Reýhanarap öz aryny ýerine salmagyň wagtynyň gelendigini duýýar. Ýaşajyk Görogla Reýhanarabyň elinden ýene ornuny tutup ýören ýeňňesini alyp galmak başartmaýar. Ýöne akylly hem şol ojaga wepaly ýeňňesiniň maslahaty bilen Arabyň atyny öz gysragyna höwre soraýar. Şeýlelikde-de suw atynyň tohumy bolan baýtalyň hem-de Reýhanarabyň atasy suw aty bolan atynyň tohumyndan bir üýtgeşik taý dünýä inýär. Soňra ol Göroglynyň hemişelik ýoldaşyna öwrülýär. Ony Jygalybeg – ussat seýis seýisleýär. Taýynyň gözlegine giden Görogly atasy Jygalybegiň salgy beren agajynyň aşagynda 360 erenleriň mesgeninde bolýar. Erenleriň ak pata bermegi bilen Hezreti Aly düýrme gylyjyny onuň biline dakýar. Erenler Göroglynyň köňül islegleri bilen gyzyklanynda ol şu ýeňillikleri soraýar:
1. özüne 120 ýaş.
2. atyna-da özi bilen deň ömür.
3. Atyna ýara düşse ýyldyz görende gutulmak.
4. Özüne ýara düşse ýyldyz görende gutulmak.
5. Duşman eline düşse tiz halas bolmak.
6. Gylyjynyň duşmana ötmegi.
7. Gylyjynyň dostuna ötmezligi.
8. Ýetmiş iki dili bilmek.
Görogly piri Hezret Alynyň beren düýrme gylyjyndan özge ýaragy özi öz güýji bilen gazanýar. Yspyhana gidip, çekmesi kyn bolan sary ýaýy, ýaşyl naýzany we beýleki galkandyr sowutlary gazanýar. Irki döwürlerde türkmen halkynda çagalaryň öz atlaryny edermenlikleri bilen gazanmaly bolandyklaryny biz bilýäris. Göroglynyň öz ýaragyny özi gazanmagy bolsa, gönüden-göni şonuň ýüze çykmasydyr, Yspyhanda oňa bir wagt öýlerinde duşlän galandarbaşy Abdylla bilen erenleriň mesgeninde gören galandarynyň piri Hoş Käbil Ahber dagy kömek berýär. At-esbaby şaý bolup gelen Göroglyny görüp, Jygalybegiň başy gök direýär. Çünki ojagyny öçürmezlik Jygalybegiň baş arzuwydy we baş maksadydy. Şonuň üçinem ol Göroglyny alyp Çandybile dolanýar. Çardagly Çandybiliň ilaty bilen geňeşip, Göroglynyň kakasynyň ýerine ýurda soltan saýlanýar. Bu ýerdäki il geňeşi türkmen halkynyň ganynda bar bolan demokratik saýlawyň asyl nusgasydyr. Görogly özüne kyrk sany ýigitden nöker edinýär. Emma ol ýigitler jygba-jygba gelende Göroglynyň derdini paýlaşmakdan ejiz gelýärler. Görogly Hüňkarden ar almak üçin atlananda, olaryň göwünleriniň bölekdigini bilip, rugsatlaryny berýär. Ar almaga ýeke özi baran wagtynda bolsa, oňa kakasyny ýogalandan soň onuň çöle çykyp giden ýigitleri sataşýar. Bu ýigitler Sapar Köse başlyklaýyn Görogla nöker bolmaga razy bolýarlar. Kakasynyň hyzmatynda bolan tejribeli we edermen ýigitler bilen Görogly ilkinji edermenlikleriň başyny başlaýar. Olar Hüňkar ýurdunyň bir çetinden girip, içlerini sowadyp gaýdýarlar. Ýolda bolsa olar Hüňkaryň kyrk ýigidi bilen aw awlap ýören ogluna sataşýarlar. Sany deňem bolsa, howy-howalasy belent, güýji we ukyby agdyk Görogly Hüňkar patyşanyň ogluny öldürip, Çardagly Çandybile ilkinji ýeňiş bilen dolanyp gelýär.
• GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIKLERIŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY AHWALLARYNDA BAR BOLAN UMUMYLYKLAR WE AÝRATYNLYKLAR
Rowaýatlary döreden her halkyň nesli öz gahrymanyny milli terbiýe mekdebinden geçiripdir. Bu olaryň ilkinji umumylygy we ilkinji aýratynlygydyr. Gerakly batyr, pälwan Amfitrion terbiýeleýär. Göroglyny bolsa ýurduň öňki soltany, durmuş tejribesi ýetik bolan Jygalybeg terbiýeleýär. Geljekki gahrymanlaryň ikisi hem öz görüp ýören durmuşynyň howasy bilen kemala gelýärler. Iki gahrymanyň ýaraglanmak meselesinde hem umumylyk duýulýar.
Görogly ussalara sap girdeji getirip duran, hiç kimiň çekip bilmedik sary ýaýyny çekip, onuň okyny ýedi pilden geçirip, ýaýyň eýesi bolmak hukugyny gazanýar. Gerakl ilkinji ýaragyny çokmary (tommaýy) öz güýji bilen gazanýar. Galan ýaraglaryny oňa hudaýlar sowgat berýärler.
Görogly welin, ilkinji ýaragyny düýrme gylyjyny Hezret Aly pirinden alýar. Galan ýaraglaryny bolsa öz güýji we ukyby arkaly gazanýar. Bu bolsa öň belläp geçişimiz ýaly, türkmen häsiýetindäki özüňi ykrar etmegiň bir görnüşidir.
Görogly erenleriň pata bermegi bilen özüniň 120 ýaşajakdygyny, ýara düşse-de gutuljakdygyny, duşman elinde sypjakdygyny bilýär. Şonuň üçinem ol iň bir töwekgel hasap edilýän synaglardan hem eýmenmeýär.
Gerakl hem özüniň Hudaý ogludygyny, her bir işde Zewsiň goldajakdygyny, ahyrsoňy hem hudaýlaryň hataryna goşuljakdygyny bilýär. Şonuň üçin Gerakl hem her bir kynçylykdan çekinmeýär.
Şeýle umumylyklaryň bardygyna seretmezden, Göroglynyň edermenlikleriniň öň ýanyndaky ýagdaýlary bilen Geraklyň hut şol döwürdäki ýagdaýlary häsiýeti boýunça meňzeş däldir.
Geraklyň ilkinji ýerine ýetiren işi Orhomen şasy Ergini öldürmegidir. Çünki, beýtmek bilen ol öz ýaşaýan ýurdunyň ilatyny ummasyz paç tölemekden halas edýär. Bu edermenligi üçin ony ýaşaýan ýurdunyň şasy Kreont mynasyp sylaglaýar. Gerakla öz gyzy Megany berýär. Emma şeýle-de bolsa, Geraklyň bu işi onuň ýerine ýetirilmeli edermenlikleriniň hataryna goşulmaýar. Bu ýeňiş edermenlige taýýarlyk döwrüniň bir möwsümi hökmünde beýan edilipdir.
Ata-babalarymyz «Hudaýdan bidin çep başy gymyldamaýar» diýýän bolsalar-da, olar hiç haçan durmuş hakykatyndan daş düşmegi halamandyrlar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, halkyň gahrymany Göroglyny ýarag edinmek üçin ýörite Yspyhana baryp, ýarag eýeleriniň synag mekdebinden geçýär. Göroglynyň ýarag getirmek üçin Yspyhana bir özüniň gitmegi, Hüňkar ýurdunyň bir çetinden girip, olary gyrgynçylyga berip, Hüňkaryň ogluny öldürip, aryny alyp gaýtmagy bolsa Göroglynyň edermenlige taýýarlyk döwrüniň esasy möwsümidir.
Indi gahrymanlaryň özlerini çözgüdi näbelli bolan töwekgel synaglara salmagynyň sebäpleri barada. Ine, hut şu meselede gahrymanlaryň tebigatyndaky aýratynlyklar ýüze çykyp ugraýar.
Dowamy bar >>
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.