Watan hakda.

Türkmeniň.
Mukaddesdir däp-dessury dowamat,
Dünýä belli boldy ady Türkmeniň.
Halal zähmet bilen tapýar adalat,
Müň asyrlap öçmez bady Türkmeniň.

Gorap saklanylýar türkmen Alabaýy,
Her bir saçaklarda demlener çaýy,
Ýenişde gazansaň bardyr serpaýy,
Ýeňilmez asla pälwany Türkmeniň.

Al-ýaşyl elwanly bahary-ýazy,
Belentde ýaňlanýar aýdymy-sazy,
Hemme bagşylaryň şirin owazy,
Beýikdir hem şöhrat-şany Türkmeniň.

Ähli türkmen söýýär bahar paslyny,
Oguzhandan alyp gaýdýar aslyny,
Köňlüm arzuw eýläp etdim waspyny,
Mydam bardyr namys-ary Türkmeniň.

Hojageldiýew Dawut.
3 лайков 139 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
13 мар 2023, 15:07
Täze gelipsiň, tüýs wagtynda gelipsiň
Гость
13 мар 2023, 15:17
Dünýä belli boldy ady Türkmeniň.

- gör nähili owadan jümle.

Onsoňam, tema degişli bolmasa-da bir zat aýtjak: ýalan sözlemek gowy zat däl
Гость
13 мар 2023, 15:21
Gorap saklanylýar türkmen Alabaýy,


- Hakykaý ))

Öň ol-bul biri- birine "itçe gadyryň ýok" diýse geň galardyk. "Adam'am wyr itden pes tutularm'aý" diýip. Häzirem haýran şoňa
Perman Izakow
13 мар 2023, 16:09
Гость
Gorap saklanylýar türkmen Alabaýy,


- Hakykaý ))

Öň ol-bul biri- birine "itçe gadyryň ýok" diýse geň galardyk. "Adam'am wyr itden pes tutularm'aý" diýip. Häzirem haýran şoňa

???
Perman Izakow
13 мар 2023, 16:22
Watan hakynda näçe ýazsaňam azdyr.
Belki
13 мар 2023, 17:47
"Dawutgeldi sözlär, tili türkmeniñ" diýip gutarmaly ekeniñ. )
Edepli Gödek
13 мар 2023, 22:05
Zakaz alýaňmaý näçeden alýaň menem zehinli şahyr zakaznoý işläp başlajak näçeden düzýäň bir goşgyny?
Parahat.
Автор 13 мар 2023, 23:41
_Bayat
Zakaz alýaňmaý näçeden alýaň menem zehinli şahyr zakaznoý işläp başlajak näçeden düzýäň bir goşgyny?

Hiç goşgada baha kesemok. Her kimiň göwnünden çykaranyna görä ýazýan.
Edepli Gödek
14 мар 2023, 01:28
Parahat,
Dogry. Menem şeýle ederindä onda