Ekologiýany giñden goldaýan 7 sany meşhur şahsyýet
Nikolaý Drozdow — Russiýanyň görnükli telealypbaryjysy, alym-zoolog hökmünde tebigaty goraýyş işlerine, şol sanda daşky gurşawy goramagyň «Greenpeace» we «WWF» taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyjy. Ol ekologiýa ulgamynda leksiýalar we nutuklar bilen çykyş edip, bu ugurda wagyz-nesihat işlerini alyp barýar. Drozdow meşhur tebigaty goraýjy hünärmenler bilen tebigat hem-de haýwanlar, olaryň goralyşy barada ylmy-publisistik telegepleşikleri we telefilmleri surata düşürdi. Onuň bu ugurdaky tagallalary Bütindünýä tebigaty goramak gaznasynyň «Russiýada we bütin dünýäde tebigaty gorap saklamaga goşan goşandy üçin» atly diplom bilen sylaglandy. Şunuň bilen birlikde, ol ÝUNESKO baýragynyň hem eýesi hasaplanýar.
Leonardo Di Kaprio — ony köplenç «ýaşyl rewolýusiýaçy» diýip hem atlandyrýarlar, sebäbi ol daşky gurşawy goramak işiniň işjeň tarapdary hökmünde giň gerimli işlere goşant goşýar. Onuň döreden Leonardo Di Kaprio gaznasy (LDF) energiýa pudagyndaky gözlegleri we özgertmeleri maliýeleşdirýär, ýitip barýan haýwanlaryň görnüşlerini goramaga gatnaşýar hem-de goralýan ýerleriň giňeldilmegine goşant goşýar. Gaznanyň bu ugur üçin her ýylda peşgeş berýän puly millionlarça dollara ýetýär. Aktýoryň özi bolsa ekologiýa taýdan arassa awtoulagy — «Fisker Karma» gibrid superkaryny dolandyrýar. Bu ulagyň interýeri hem tebigata zyýansyz bolup, mysal üçin, onuň içki agaç materiallary-da adam tarapyndan kesilen däl-de, öz-özünden ýykylan agaçlardan ýasalandyr.
Emma Wotson — «Garri Potter» filmler tapgyrynda Germionanyň keşbinde çykyş etmek bilen tanymallyk gazanan aktrisa. Daşky gurşawyň goragy babatda Ýabany lososy gorap saklamak gaznasyna maliýe kömegini berýär. Ol 2009-njy ýyldan bäri ekologik modanyň tarapdary bolup, bu ugurda sütük we deri önümlerinden ýüz öwrüp, tebigy ýa-da gaýtadan işlenen materiallardan tikilen egin-eşikleri geýýär. Meşhur aktrisa şeýle-de «Gucci», «Balenciaga», «Saint Laurent» ýaly kaşaň haryt öndürijilerini birleşdirýän «Kering» konglomeratynyň direktorlar geňeşine goşuldy.
Ilýa Lagutenko — «Mumiýa Trolly» toparynyň ýolbaşyçysy, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek bilen bagly ýola goýulýan işlere mynasyp goşandyny goşýar. Ol uzak Gündogaryň gaplaňlarynyň we Amur gaplaňlarynyň ýitip gitmegine garşy göreşýän Amur haýyr-sahawat gaznasyna howandarlyk edýär. Lagutenko köplenç haýyr-sahawat konsertlerini berýär we interwýularynda tebigaty goramak barada aýratyn belläp geçýär, şol bir wagtyň özünde brakonýerler bilen baglylykda iň kesgitli kanunlaryň kabul edilmegini goldaýar.
Jonni Depp — aktýor daş-töweregiň hapalanmagyna garşy geçirilýän dürli hili aksiýalarda we mitinglerde işjeň çykyş edýär. Soňky birnäçe ýyl bäri ol ähli energiýasy gün panellerinden alynýan ekologiýa taýdan arassa jaýda ýaşaýar. Bu öýde diňe energiýa tygşytlaýjy çyralar we başga-da köp sanly peýdaly enjamlar ulanylýar.
Brijit Bardo — Haýwanlary goramak boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy we gaznanyň ýolbaşçysy, geýimlerde tebigy deriniň ulanylmagyna garşy çykýan meşhur fransuz aktrisasy. Onuň başlangyjy bilen Fransiýanyň Hökümeti daýhanlar üçin haýwanlary soýmakda özboluşly usuldan — elektroşokerden peýdalanmak düzgünini girizdi.
Pirs Brosnan — Jeýms Bonduň ozalky keşbini ýerine ýetiren aktýor, Angliýanyň Tebigy baýlyklary goramak geňeşiniň agzasy. Ol ABŞ-nyň harby deňiz gämileri tarapyndan sonaryň ulanylmagyna garşy çykýar. Gözlegleriň netijelerine laýyklykda, bu enjam deňiz haýwanlarynyň ýüzüp kenara çykmagynyň sebäbi bolup durýar. (Sonar — akustik şöhlelendirme arkaly suwasty serişdeleri görkezýän enjam).
"Tebigat bize ata-babalarymyzdan galan miras däl-de, indiki nesillere berilmeli amanatdyr"

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.