Pideraz we pedafil sozlerine dusundiriş

Şu "pedofil", "pederast" diýip bizde geýlere diýýärler welin şularyň ählisi bir zatmy?

Gadyrly okyjy,

Pedofiliýa – psihiki keseliň bir görnüşi bolup, 16 ýaşdan uly adamlaryň ýetginjekler we ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar bilen jynsy aragatnaşyk etmegi ýa-da olarda şol islegiň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Pedofiliýa jenaýat hasaplanýar. Her döwlet bu jenaýat işiniň jezasyny döwletde kabul edilen kanunçylyga laýyklykda özi kesgitleýär. Ondan başga-da, günbatar döwletleriniň köpüsinde pedofillere çagalar baglarynyň we mekdepleriň gapdalynda jaý satyn almak ýa-da ýaşamak gadagan edilýär. Mundan başga-da, olar ýerli hukuk edaralary tarapyndan hasaba alynýar.

Käbir günbatar döwletlerinde pedofiliýa meýilli adamlar üçin dürli terapiýalar alnyp barylýar. Şeýle terapiýalar pedofiliýa jenaýatynyň öňüni almakda (entek jenaýat edilmänkä, meýilli adama psihologik kömek) we pajygaly ýagdaý bolup geçende türmede jenaýatçynyň reabilitasiýasynda ulanylýar.

Pederast – pederastiýa (grekçe "oglanlara bolan söýgi") – seksologiýanyň döreýşiniň ilkinji basgançagynda umumy erkek gomoseksuallygy üçin ulanylýan söz bolupdyr. Emma soňra bu sözüň ylymda ulanylmasy bes edilýär. Gepleşik dilinde bu söz heniz hem erkek gomoseksuallygyny suratlandyrmak hem-de gomoseksual gatnaşyklara bolan erbet garaýşy we äsgermezçiligi aňlatmak üçin ulanylýar.

Gomoseksualizm – duýgularyň (romantiki, emosional) we jynsy islegiň öz jynsyňa gönükdirilmegi bilen häsiýetlendirilýän isleg bolup, aýalyň aýala (lesbiý, geý) we erkegiň erkege (geý) gönükdirilen jynsy islegi görnüşlerinde ýüze çykýar. Bu gatnaşyklar kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň arasynda razyçylykly geçirilýär. Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Täjigistan, Indoneziýa ýaly ýurtlarda gomoseksual gatnaşyklar jenaýat hasaplanmaýar. Özbegistan we Türkmenistan (Jenaýat Kodeksiniň 135-nji maddasy) gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýarlar. 1990-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gomoseksuallygy keselleriň sanawyndan aýyrdy. BMG-nyň Adam Hukuklary Komiteti ýurtlara meňzeş jynsly adamlaryň arasyndaky razyçylykly seksual gatnaşyklary kanunylaşdyrmagy we gomoseksuallygy biabraýçylyk hasaplamagyň soňuna çykmagy maslahat berýär.

Adamlar (gomofobiýa ýa-da bilimsizlik sebäpli) geý adamlaryň adamçylyk mertebesini kemsitmek, olara garşy ýigrenç döretmek, öjükdürmek maksady bilen olary "pedofil", "pederast" diýip atlandyrýarlar. Şeýle hem, geý adamlar diskriminasiýa, biabraýçylyga, zorlanmalara, sebäpsiz tussag edilmelere sezewar bolýarlar. Gomoseksuallygyň gadagan edilen ýurtlarynda geý adamlar lukmançylyk hyzmatlaryndan doly peýdalanyp bilmeýärler. Bu bolsa jemgyýetde adam ýitgilerine, zorlugyň kada öwürlmegine we keselçiligiň ýaýramagyna getirýär.

0
332 gezek okalan
ÝAZDYR
EMAIL
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.

Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.

Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.

Copyright © 2011-2022 www.saglyk.org
All Rights Reserved.
1 лайков 300 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
Автор 16 янв 2022, 18:51
Kabirleri manysynamdusunenok sogunc soz dp gurlaberyaler welin. Erbet zat dal diyya bulama
Yeyeyey
16 янв 2022, 19:17
Mena g0tbrn diymegi anladyamyka diyyadim
Ejegyz.
16 янв 2022, 19:20
Like .
Gowy mowzuk
Kalp doctory
16 янв 2022, 19:26
ana peydaly molods
Biohimik
Автор 16 янв 2022, 19:26
Цитата: E_mail salgy
Mena g0tbrn diymegi anladyamyka diyyadim

So zat bolyara bolmanam erkekde gyzlarda bar zat yoga dine senin aytyanyñ bara hihi
Ejegyz.
16 янв 2022, 20:16
biohimik.,
?? urya gepleme
Ýusup
16 янв 2022, 20:43
Gowy zadama diyenok shola
Liwerpul_fc
17 янв 2022, 01:22
Adamlar (gomofobiýa ýa-da bilimsizlik sebäpli) geý adamlaryň adamçylyk mertebesini kemsitmek, olara garşy ýigrenç döretmek, öjükdürmek maksady bilen olary "pedofil", "pederast" diýip atlandyrýarlar. Şeýle hem, geý adamlar diskriminasiýa, biabraýçylyga, zorlanmalara, sebäpsiz tussag edilmelere sezewar bolýarlar. Gomoseksuallygyň gadagan edilen ýurtlarynda geý adamlar lukmançylyk hyzmatlaryndan doly peýdalanyp bilmeýärler. Bu bolsa jemgyýetde adam ýitgilerine, zorlugyň kada öwürlmegine we keselçiligiň ýaýramagyna getirýär.
- etmelisi şol,ölsünler,ýok bolsunlar ýeriň ýüzünden. Şolaň rashot edýän kislorodyna gynanýan daže.
Şamuhammet
17 янв 2022, 05:42
Цитата: Liwerpul_fc

Sen Rejep Ihsan Eliaçygyň makalasyny okap gördüňmi, interesny zatlar ýazypdyr.

http://site/news/gomoseksualizm_barada_ihsan_eliacykdan_seslenme_doretjek_cykyslar/2020-12-30-13093
Şamuhammet
17 янв 2022, 05:45
Şu ýokardaky linkyň teswirlerinem okap görüň wagtyňyz bolsa...
Gokhan Durdyyew
17 янв 2022, 06:55
hih.. peydaly mawzuk
Leyli Amanowa
17 янв 2022, 10:57
Pedofiller bizde-de köpelip barya özä :(
Liwerpul_fc
17 янв 2022, 13:38
Jeksparro,
Okapdym.
Şamuhammet
17 янв 2022, 17:56
Цитата: Liwerpul_fc
Jeksparro,
Okapdym.

Şo makala bolan garaýşyň nähili?
Liwerpul_fc
17 янв 2022, 18:23
Jeksparro,
Awtoruň pikiri (eger ýazanlary onuň original pikiri bolsa) bilen meňki protiw gelýä.