*****
2023 ýyldaky jenaýatçylyk derejesi iň ýokary bolan döwletleriň sanawy yglan edildi. Bu hakda "World Population Review" barlag portaly habar berdi.
Jenaýatlar sany her 100 000 ilatyň içinden ähli görnüşdäki jenaýatlary eden kişileriň sanynyny anyklamak arkaly hasaplap çykyldy.
100 000 adama görä dünýäde jenaýatçylyk derejesi iň ýokary onluga giren döwletler:
Wenesuela (83,76);
Papua-Täze Gwineýa (80,79);
Günorta Afrika (76,86);
Owganystan (76,31);
Gonduras (74,54);
Trinidad we Tobago (71,63);
Gaýana (68,74);
Salwador (67,79);
Braziliýa (67,49);
Ýamaýka (67,42).
Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde Gyrgyzystan iň ýokary derejede jenaýat edilen döwletleriň hatarynda dur. Ýurtda her 100 müň ilatyň 56,87-si jenaýat edendir. Bu bolsa Gyrgyzystanyň indeksde 31 orna ýerleşmegine sebäp boldy. Şeýle-de, Gazagystanda hem jenaýatlar az däl. Bu döwlet 40 orunda (53,77) ýerleşdirilen.
Özbegistan bolsa jenaýatçylyk az edilen döwletleriň hatarynda. Özbegistan raýatlarynyň içinde her 100 000 ilatdan 33,42 adam jenaýat edip, 99 orny eýeläpdir. Türkmenistan we Täjigistan sanawda ýok.
Şeýle-de, başga döwletlerden Fransiýa 44-orun (51,99), Eýran 48-orun (49,38), ABŞ 56-orun (47,81), Beýik Britaniýa 64-orun (46,07), Russiýa 86-orun (39,99), Türkiýe 88-orunda (39,62) ýerleşýär.
“Jenaýat derejesi dürli ýurtlarda tapawutlanýar we köp sanly sebäplere bagly. Mysal üçin, garyplyk we işsizligiň ýokary derejesi ýurtda jenaýatçylygy ýokarlandyrýar. Tersine, polisiýaň işjeň hereketleri we agyr jezalar jenaýatçylyk derejesini peseldýär. Ýaş we jenaýatçylygyň arasynda uly baglylyk bar. Käbir jenaýatlar, esasanam zorluk (насилие) bilen bagly jenaýatlar 20-30 ýaşdaky şahslar tarapyndan edilýär", diýilýär habarda.
Barlagda bellenmegine görä, dünýädäki iň az jenaýatlar Şweýsariýa, Daniýa, Norwegiýa, Ýaponiýa we Täze Zelandiýada hasaba alynypdyr. Bu ýurtlaryň her birinde hukuk goraýyş organlarynyň işjeňligi ýokary bahalanýar. Ýarag bilen bagly dünýädäki iň berk kanunlar hem Daniýa, Norwegiýa we Ýaponiýada hereket edýär.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.