Iň gülkünç grek filozofynyň 5 manyly sözleri

Diogen, hakyky filozof hasap edilýänleriň iň gülkünji diýsek bolar. Platon oňa “Soktaryň däldirän hilisi” diýipdir. Afinylylar oňa “it” diýipdirler, sebäbi ol bazarda ullakan keramiki bankanyň içinde ýatyp, galan-gaçan iýmitleri iýip, öten-geçene gülkünç zatlary gygyrar eken.

Ol sinik (циник) filozofiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri hasaplanýar. Sokrat hem bazarda gezip, adamlar bilen ýiti gepleşiklerde bolany üçin, ikisini deňeşdirýärler.

Demirgazyk Arizona uniwersitetiniň filozofiýa profesory “Ýöne Sokrat hiç haçan hemme emlägiňi taşlamaly diýmändi, ol diňe pul, güýç we statusa ruhyň ýagdaýyndan köp ähmiýet bermeli däl diýipdi. Diogen bolsa munuň radikal görnüşini saýlady” diýýär.

Diogen we beýleki sinikler dilegçilerdi. Olar gaty ýorganlar geýip, portikleriň aşagynda ýatyp, köpçülikde “utançsyz” hereketleri edýärdiler. Ýöne beýle ýaşamak bilen sinikler şu manyny berjek boldular: adam bolmagyň utanyljak hiç zady ýok. Olar üçin adam tebigaty we logika bagtly durmuş üçin ýeke gerek bolan zatlardy, galan hemme zat biderek we manysyz.

Diogeniň öziniň ýazgylary ýok, onuň barada bilinýän maglumatlar başga adamlardan galan. Meselem, internetde onuň sözlerini gözletseňiz, çykjak netijeler Diogen Laertskiden alnan sözler bolar. Laertskiniň “Görnükli Filozoflaryň Durmuşlary we Pikirleri” atly kitabynda Diogeniň degişmeleri bar, onuň gowy edip “oklan” adamlarynyň käbiri bolsa Aleksandr Makedonskiý we Platon. Ine 5 söz.

Ýagtylygymdan aýryl
Aleksandr Makedonskiý onuň ýanyna gelen wagty Diogen Günüň aşagynda otyr. Makedonskiý hem gelip-geçen iň güýçli adamlaryň biri, oňa “näme islegiň bar bolsa aýt, bereýin” diýýär. Ol altyn, köşk ýa-da wezipe isläp bilerdi.
Ýöne Diogen zeýrenýär-de, “ýagtylygymdan (öňümden) aýryl” diýýär.

Diogen Makedonskiýni halamandyrmy? Biz ony bilmeýäris, emma sinikler bir zady hemme zatdan ilerde tutupdyr: autarkeia, Grekçe erkinlik we özbaşdaklyk. Hem-de ol bilýärdi, bu diňe sowgat däl-de onuň wepalylygyny satyn almaga synanyşykdy.

Julie Ann Piering, “Haçanda bir syýasatça, döwlet işgärine, hatda imperatora bergili bolanyňda, sen erkin gürläp we hereket edip bilmek ukybyňy ýitirýärsiň” diýýär.

Aýdyşlaryna görä, Makedonskiý hem bu barada şeýle diýipdir “Aleksandr bolmadyk bolsam, Diogen bolmak islärdim.”

Meni şu adama satyň, oňa hojaýyn gerek

Diogen garakçylar tarapyndan tutulýar we Korinfda gul hökmünde satyşa çykarylýar. Tussaglar öňe çykyp, alyjylara öz başarnyklaryny aýtmalydy. Meselem, bir söweşiji janpena hökmünde satylýar, ýa-da gowy nahar taýýarlap bilýän adam aşpez hökmünde.

Auksionçy oňa “näme oňarýaň” diýip soranda, Diogen “adamlara höküm etmegi” diýip jogap beripdir. Bu bir guldan garaşylmaýan zat. Munuň üstüne-de ol köpçülikde Kseniad atly baý adama gözi düşýär-de, “Meni şu adama satyň, oňa hojaýyn gerek” diýýär.

Bu hem erkinlik bilen baglanyşykly. Gul bolsa-da, Diogen, edil Makedonskiýden erkin bolşy ýaly, “hojaýynyndan” has erkindi.

Eger sen salat ýuwan bolsaň, Dionise ýalynmazdyň
Platon Diogeniň salat ýuwup duranyny görýär-de, ýuwaşjadan, “Eger sen Dionise ýaranjaňlyk eden bolsaň, salat ýuwmazdyň” diýýär. Diogen bolsa, rahatlyk bilen, “Eger sen salat ýuwan bolsaň, Dionise ýalynmazdyň” diýýär.

Bazarda diňe dilegçiler we itler galan-gaçan zatlary iýýär. Platon wezipeli adamlar, häkimler bilen gatnaşykda bolmagyň, filozoflaryň edip biljek iň gowy zady hasaplaýardy. Diogen bolsa onuň tersine ynanýardy.

Meselem Platon Sirakuza gidip, Dionise ahlak pelsepesini öwredýärdi. Ol bolsa Platony işden kowmak bilen çäklenmän, ony gul edip satýar. Diogen nämüçin beýle etmeli?

Maňa bir zat berýäne guýruk sallaýaryn, ret edýänlere üýrýärin we dişlerimi görkezýärin
Nädip “it” lakamany aldyň diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdi. Afinylylaryň onuň üstünden gülmek üçin aýdan zadyny ol kabul etdi.

Ýöne onuň halypasy Antisfene hem adamlar “ýönekeý/göniden-göni it” diýýärdiler. Aslynda sinik sözi hem grekleriň Diogen ýaly filozoflara kunikos, ýagny it ýaly diýmeginden gelýär.

Adam gözleýärin
Bu Diogen baradaky iň meşhur gürrüňleriň biri. Köplenç muny “Dogruçyl adam gözleýärin” diýip hem aýdýarlar.
Afiny köçelerinde, gündiz yşyk ýakyp “adam gözlemek” Diogeniň halaýan zatlarynyň biri eken. Diogen üçin, adam hasabynda bolmak üçin namysly bolmak gerekdi. Hem-de namys, onuň üçin Platon we Sokratyň düşünişi ýaly däldi. Sinikler üçin namys, tebigat we logika bilen ylalaşykda ýaşamakdy.

Bir gezeginde hem Diogeni heýkellerden pul sorap durka görüpdirler. Sebäbini soranlarynda bolsa ol, “Ret edilmegi praktika edýärin” diýýär.

Ol 90 ýaşlarynda aradan çykýar.
5 лайков 396 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kakow
18 янв 2022, 01:03
gaty gyzykly menden like
Ejegyz.
18 янв 2022, 01:10
+++
Liwerpul_fc
18 янв 2022, 01:34
Ýagtylygymdan aýryl
Aleksandr Makedonskiý onuň ýanyna gelen wagty Diogen Günüň aşagynda otyr. Makedonskiý hem gelip-geçen iň güýçli adamlaryň biri, oňa “näme islegiň bar bolsa aýt, bereýin” diýýär. Ol altyn, köşk ýa-da wezipe isläp bilerdi.
Ýöne Diogen zeýrenýär-de, “ýagtylygymdan (öňümden) aýryl” diýýär

Wahhh... dalimisen Makedonski menden soramazmy. aglaya
Liwerpul_fc
18 янв 2022, 01:37
Gowy eken tema
Şamuhammet
18 янв 2022, 02:04
Цитата: Liwerpul_fc
Ýagtylygymdan aýryl
Aleksandr Makedonskiý onuň ýanyna gelen wagty Diogen Günüň aşagynda otyr. Makedonskiý hem gelip-geçen iň güýçli adamlaryň biri, oňa “näme islegiň bar bolsa aýt, bereýin” diýýär. Ol altyn, köşk ýa-da wezipe isläp bilerdi.
Ýöne Diogen zeýrenýär-de, “ýagtylygymdan (öňümden) aýryl” diýýär

Wahhh... dalimisen Makedonski menden soramazmy. aglaya

Şu rowayaty türkmenlerde okapdym. Aý Aleksandr Makedonskiý Nusaýy basyp almaga gelýärmiş. Biräçe gün öňünden bu habary Nusaý halky eşidýärmiş. Soň olaryň mert ýaşulylary halka diýýär diýýä: ''Siz çöllüge çykyň şäherde özüm galjak'' diýýä. Olaram çöle çykýalar welin A. Makedonskiý gelip ýaňky ýaşulyň öňünde duruberipdir. Ýaşuly ''Güne çoýunyan öňümden aýrylsaň bolýar'' diyipdir. A. Makedonskem Nusaýa degmän aýlanyp geçip gidipdir diyyar...

Şu rowaýat şol Diogen bilen A. Makedonskiý bilen baglanyşykly ogurlyk düzmeçe rowaýatmyka diýýärin...
Biohimik
18 янв 2022, 12:18
Цитата: Jeksparro

Howa okadym ruhnamada bardy oytyan su