Omrumiñ sonky 90 güni

Kimdir biri “Seniň ömrüňden togsan gün
galdy” diýse, bu gulaga iň ýakymsyz
habarlaryň biri bolup ýaňlanar. Emma bu
sözler hakykatdan-da bir adama diýlipdi...
Gürrüň berjek zatlarym hakynda çuňňur
pikirlen, oýlan, göz öňüne getir we gerekli
manylary çykar... men saňa şol sözleri gulagy
bilen eşiden bir adam hakynda gürrüň
bereýin. Ol şondan soň millionlarça adamyň
ýüregine ornan iň owadan, ajaýyp we täsirli
çykyşy bilen hemmeleri geň galdyryp bildi,
ýogsam ömrüniň sanaýmaly gününiň
galandygyna hem akyly çatyp durdy.
Ol Rendi Pauş, Karnegi uniwersitetiniň
kompýuter ylymlary boýunça professory, ABC
stansiýasyny gurnaýjy, 2007-nji ýylda
dünýädäki iň täsirli 3 adamyň biri, “Taýms”
žurnalynyň kesgitlemegine görä, dünýädäki
100 sany iň täsirli adamlaryň biri. Ine, şu
adama, haçanda ol kyrk ýedi ýaşyndaka,
ömrüniň bary-ýogy togsan gününiň
galandygyny habar beripdirler. Sebäbi ol
ötüşen rak keselinden ejir çekýän ekeni.
Bu habary eşiden Rendi talyplaryny,
dostlaryny we eý görýän adamlaryny,
ýakynlaryny ýygnap, olaryň öňünde “Çagalyk
arzuwlaryny hasyl etmegiň hakyky ýollary”
atly meşhur leksiýasyny okap beripdir. Ol
adamlara bu leksiýasynyň iň soňky söhbetdigini we bu dünýäni terk etmeli
bolýandygyny, ýakynda ahyrýete göç etmeli
boljakdygyny habar beripdir. Ol munuň üçin
gözýaş dökmändir, sebäbi berk, çydamly adam
eken. Üstesine onuň esasy maksady adamlary
ýagşy işlere, durmuşa höweslendirmekden,
maksatlaryny hasyl etmäge ruhlandyrmakdan
ybarat eken.
“Munuň iň soňky leksiýaňdygyny bilip durkaň,
sen nämeler aýdyp ýetişerdiň? Sende iň soňky
pursatlar barka, sen bu dünýäde nämelere
amal edip bilerdiň? Seniň bu dünýä üçin
galdyrjak wesýetiň we mirasyň näme
bolardy?” diýip, Rendi olara ýüzlenipdir.
Rendi şähdaçyk, şadyýan adam ekeni.
Gelenleriň biri ondan “Durmuşdan lezzet alyp
ýaşamagyň ýollaryny we ähmiýetini” aýtmagy
haýyş edipdir. “Men ony has giňişleýin beýan
ederdim welin, ol sözlerimi eşitseňiz, suwa
suwsaýan balyk ýaly görünmegim mümkin” —
diýip degşipdir. “Aslynda men, nädip lezzet
alman ýaşap bolýandygyny bilemok. Hatda
soňky demimde hem degşip-gülşüp,
şähdaçyklykdan el üzmän giderin. Şu wagta
çenli hemra bolan bu häsiýetimi ömrümiň
ahyryna çenli hem dowam ederin (terk
etmerin). Dogrusy, şeýtmekden başga ýol hem
ýok” — diýip jogap beripdir.
Soňra ol öz durmuşy, başdan geçirmeleri,
öňünde keseren kösençlikler, dulugyny
gyzardan şowsuzlyk şarpyklary, ýeňip geçen
kynçylyklary hakda gürrüň beripdir. Ol näçe
gezek uniwersitetden yzyna gaýtarylypdyr,
pikirine gulak gabardylmandyr, emma ol
umydyny asla ýitirmändir. Soňra köplere täsir eden bir wakasyny ýatlapdyr. Ol uniwersitetde
okaýarka okadylýan sapaklaryň juda
kynlygyndan ejesiniň ýanynda zeýrenipdir.
Ejesi oňa: “Şunuň ýaly juwan ýaşyndaka kakaň
ikinji jahan urşunda duşmanlara garşy
göreşýärdi” — diýipdir. Bu sözler Rendä
aýratyn güýç-kuwwat, takat we ylham beren
ýaly bolupdyr. Ol bir özi oturypdyr we
mundan soňra hiç wagt lapykeçlige düşmeli
däldigine, diňe ynamly öňe ilerlemelidigine
göz ýetiripdir. Hatda iň agyr, kyn halatlarda
hem özüňi çawýan oklaryň penjesine oklamaly
däldigine, teşnelikden ýa-da kösençlikden
ejizläp, jan bermeli däldigine düşünipdir.
Rendiniň aýtmagyna görä, eger-de ynsan
zeýrençdir lapykeçlige sarp edýän
energiýasynyň ondan birini müşgil meselesini
çözmäge bagyş etsedi, ol duýdansyz örän köp
çözgütleriň üstünden barardy.
Soňra ol agyr bergä batan bir zenanyň
kyssasyny gürrüň beripdir. Örtenmelerden,
birahatlyklardan we çaýkanmalardan halas
bolmak hem-de durmuşyň egninden basýan
agyr labyryny unutmak üçin ol zenan ýoga
bilen meşgullanyp başlapdyr. Ýoga bilen
özüne teselli tapmagy, özüni bejermegi ileri
sürüpdir. Rendi: “Eger-de şol aýal ýoga üçin
sarp eden wagtyny haýyrly amala ýa-da şol
amaly salgy berjek pikirlere sarp eden bolsa,
onda ol karz keselinden birwagt gutulardy.
Sag-aman üzlüşerdi. Biz karz keselinden
dynmagyň pikirini etmeli, onuň agyr täsirini
azaltmagyň däl-de...” — diýipdir.
Bir gün ol heniz çaga wagty disneýlende
gidipdir. Ol ýerdäki täsinliklerden, dürli oýunlardan lezzet almaga derek, onuň
kellesinde “Şunuň ýaly üýtgeşik zatlary nädip
ýasap bolarka?” diýen pikir aýlanyp duran
eken.
Karnegi uniwersitetini tamamlanyndan soňra,
ol işe ýerleşmek maksady bilen diplomyny we
arzasyny Uolt Disneý kompaniýasyna
hödürläpdir. Emma kompaniýa onuň islegini
ret edipdir. Rendi umytdan düşmändir. Ol:
“Öňümizde keserýän her bir böwet bizi has
beýik maksatlara gönükdirmek üçindir” diýen
pikire uýýan eken.
Ol durmuş kötelliklerini adaty bolaýmaly
ýagdaýlar, pursatlar hökmünde kabul edipdir.
“Allatagala bu kynçylyklary, böwetleri bize
päsgel bermek, maksatlarymyzdan,
arzuwlarymyzdan bökdemek üçin ýaratmady...
asla beýle däl... bu ýaltalaryň pikiri... Ýaradan
ol kynçylyklary bizi barha taplamak, has
taýýarlamak we has uly ýeňişleri
gazanmagymyz üçin döretdi. Böwetler,
kynçylyklar beýik maksatlary amala aşyrmak
üçin döredilen, ýasalan zatdyr” diýer eken.
Soňra ol ene-atalary we terbiýeçileri,
mugallymlary öz çagalarynda oýlap tapyjylyk,
döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, oýarmaga
çagyrypdyr: “Goý, çagalaryňyz özlerinde bar
zehini, ukyby ýüze çykarsynlar. Olaryň
zehinlerini ýaşyryp saklamaň ýa-da öňüni
bökdemäň. Goý, olar isleseler öýüň diwaryna,
köçelere surat çeksinler, ol suratlara öz islän
reňklerini bersinler. Bu çagalaryň öz ukypbaşarnyklaryny, isleg-arzuwlaryny ýüze
çykarmagyň tebigy ýoly. Şunuň ýaly
ýagdaýlarda dürli bahanalary, delilleri tutaryk edinip, olara gadaganlyk girizmek hatarly
netijelere eltip biler.
Kiçijikkäm menem hut şeýderdim, enem-atam
munuň üçin maňa gaharlanmazdy, käýemezdi,
gaýta edýän işlerimden lezzet almagym, has
höwesli ýapyşmagym üçin meni ruhlandyryp
durýardylar” — diýipdir.
Soňra ol sözüniň üstüni ýetiripdir: “Mundan
birnäçe ýyl ozal bolan bir wakany gürrüň
bereýin. Täze satyn alan ulagym bilen uýamyň
çagalaryny hem alyp, maşynda gezelenç
etmegi ýüregime düwdüm. Uýam bu pikirimi
oňlady we çagalarynyň ýanyna gelip, olara
duýduryş baryny berip başlady: “Daýyňyzyň
ulagynyň arassalygyna üns beriň, ol täzeje
maşyn, onuň içinde bökjekleşmek bolanok,
aýnalaryny açmak bolanok, nämedir bir
zadyny zaýalamak bolanok, ulagyň içini
hapalamazlyk üçin buzgaýmak iýmek
bolanok...”. Ol şeýle duýduryşlaryny birnäçe
gezek gaýtalady.
Bu duýduryşlary gaýta-gaýta diňlänimden soň
näme edendirin öýdýäňiz? Elbetde, munuň
üçin uýama hoşallyk bildirmedim, alkyş
aýtmadym. Gaýta, gazly suwlaryň birini
açdymda, onuň içini ýaňky maşynyň üstünden
eňterdim.
Bu hereketimde hiç hili dälilik ýokundysy ýok.
Ynsanyň edip biläýjek ýa-da edesi gelýän
zatlarynyň öňünde böwet goýsaň, ol üstünlik
gazanyp bilmeýär. Onuňşu wagtky isleglerini
bökdemek geljekde gazanjak üstünlikleriniň
öňüne böwet bolmak bilen barabardyr.
Ömürboýy “ony eýdäýmäň, muny beýdäýmäň”
diýen ýaly duýduryşlar bilen gulaklary ganan çagalar, ulalansoňlar hem edesleri gelýän
zatlary ýerine ýetirmekden çekinýärler, hat-da
özleriniň eý görýän arzuwlary, islegleri,
maksatlary babatda hem aňynda berkän şol
gadaganlyklar ýaramaz täsirini ýetirip
durýar... iň gowusy, hemişe haýyr işe
ruhlandyrmaly we tutuş jemgyýete zyýany
ýetmeýän bolsa, öz arzuw-isleglerini özleri
amala aşyrmaga pursat bermeli. Bu ýagdaý
olaryň terbiýesine göz ýummaly, her bir
häsiýetine sowuk-salalyk bilen garamaly
diýdigim däl, ýöne öz isleglerini ýüze
çykarmagyny öwretmeli.
Men şeýtmek bilen uýama, onuň çagalaryna
we hemmelere şu hakykaty ýaňzytmak
isleýärin — «ynsan zatdan gymmatdyr,
hemme zatdan ähmiýetlidir”.
Soňra Rendi durmuş sapaklarynyň ýene birini
gürrüň beripdir. Ol hem adamkärçilik
häsiýetlerini we mähir-muhabbeti hemişe
ilkinji orunda goýmak hakynda ekeni.
Rendiniň gürrüň bermegine görä, ol işe
başlaýan uçurlary kompýuter-hasap ylmyndan
sapak berýän ekeni. Ýöne talyplaryň biri
sapaga ünssüz çemeleşip, synagdan geçip
bilmändir. Tasdanam okuwdan kowlan ekeni.
Rendi derrew dekanyň ýanyna baryp, bu
talybyň kompýuter babatda adaty däl
başarnyklarynyň bardygyny, onuň bu
sapaklary doly özleşdirip biljekdigini, talybyň
okuwyny dowam etdirmeginiň
tarapdarydygyny aýdypdyr. Dekan Rendi bilen
ylalaşypdyr. Ýöne eger-de talyp ähli derslerini
özleşdirmese we tapawutlanmasa, onda
Rendiniň sözüni ygtybarsyz hasaplap
biljekdigini duýdurypdyr. Rendi munuň bilen razylaşypdyr. Ol başga bir adama kepil geçmek
bilen öz geljegini howp astynda goýupdyr.
Ýöne Ýaradan Rendiniň umydyny puç
etmändir.
Şu ýerde bir sowal beresim gelýär: Bizden
näçe kaka öz ogly bir sapagy özleşdirip
bilmese, üstünlik gazanmasa, onuň geljegine
kepil geçip bilýär? Onuň geljekde beýik we
sowatly adam bolup ýetişmegine näderejede
ynanyp bilýär?
Rendi okuwçysyny ýanyna çagyryp, şeýle öwüt
beripdir: “Oýnuň (Kartyň) kagyzlary köne,
ýaramaz diýip, oýny bes edip bilýärmiň?
Oýundan çykmaly däl-de, ýagdaýa görä
hereket edip, has gowy, has ussatlarça
oýnamaga synanyşmaly. Älem gowşak
serkerdeleri ykrar edýän däldir. Nalajedeýin
adamlar äleme zyýan-zelelden başga zat
getirip bilmeýär. Diňe gaýratly, dogumly,
tutanýerli, erjel adamlar ähli adamzat üçin
beýik işleri bitirmäge ukyplydyrlar. Ejiz, iş
başarmaz adamlaryň ady taryhda baky
galmaýar, hat-da olaryň ady gündelik ýa-da
hepdelik gazet-žurnallara hem çykmaýar
ahyry” — diýipdir.
Elinde ýanyp duran alawy göterip, kynçylyk
temençeleriniň, kösençlik myhlarynyň hem-de
tiken deý awuşadýan közleriň üstünden aýak
ýalaň ýöremeýänleri taryh ykrar etmeýär. Diňe
şeýdeniňde dünýä nusgalyk ösüşleriň
hötdesinden gelersiň. Diňe tutanýerli, erjel
bolan halatyňda Zemin adalatyny, Asman
nuruny, Ýaradan ýardamyny gazanyp bolýar.
Bularyň üsti bilen köpe ýaşyryn bolan kiçi we uly aýat-alamatlary hem saýgarýarsyň,
görýärsiň.
Rendi öz söhbedini şeýle sözler bilen
tamamlapdyr: “Meniň bu leksiýam üç oglum
üçin ýol kartasy bolar”. Soňra ýylgyrypdyr we
olar bilen mähirli hoşlaşypdyr. Ol öz söhbedini
okuwçylarynyňşowhunly el çarpyşmalarynyň
we gözýaşlarynyň arasynda jemläpdir.
Rendi 2008-nji ýylyň 25-nji iýulynda 47
ýaşynda dünýäden ötdi.
Emma onuň aýdan sözleri, ýüzleriniň mähiri
we durmuşa bolan joşguny bu leksiýany
internet arkaly tomaşa eden millionlarça
ynsanyň wyždanyndan aýrylmady. Rendi
özüniň ýazan kitabyny okan millionlarça
adamyň ýüreginden gitmedi. Onuň kitaplary
otuzdan gowrak dile terjime edildi.
Ölümiň ýyldyrym çaltlygynda bäri süýşüp
gelýändigini bilip durkaň hem gaýratly, mert
bolmagy hemmeler başarmasa gerek. Emma
onuň sözlerinden we özüni alyp barşyndan
welin nusga almak gerek.
Rendi özüniň soňky günlerini bilip durka hem
şeýle haýyrly işlerden elini sowatmandyr.
Sagat janymyz, sagdyn düşünjämiz barka, biz
dünýäniň gadyr bilen gujaklajak, mähir bilen
garşylajak ençeme işlerini edip bileris.
Halk arasynda şeýle bir söz bar: “Ömür
uzak ýaşanlygyň bilen däl-de, il-güne näme
bagyş edenligiň, (berenligiň) bilen ölçelýär...”.

Okañ!!! okanyña degya!!!!
2 лайков 166 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
мусульманка
28 янв 2022, 12:04
yaltandym okamana agsam okarn cilimkesh
Hiayres
28 янв 2022, 12:22
Hemme zat Alla tarapyn hasaplaýan dinçilere we baryna şükür edip ýaşamaly diýýän "Şükürçilere" degişli däl eken. :)
Biohimik
Автор 28 янв 2022, 12:28
Цитата: Hiayres
Hemme zat Alla tarapyn hasaplaýan dinçilere we baryna şükür edip ýaşamaly diýýän "Şükürçilere" degişli däl eken. :)

Howa sukir etmeli yone pikir edyan derejandenem yokara cykyp bolyara hemise