Kwant mehanikasy ynsanyň telepartasiýa arzuwyny amala aşyryp bilermi?

Kwant mehanikasy ynsanyň telepartasiýa arzuwyny amala aşyryp bilermi?
Ynsanýet gadymdan adamlar ýada basga jisimleri bir jaýdan başga bir jaýa göçürmegi başgaça aýdanda telepartasiýany öwrenmegi arzuw edip gelýär.''Ýyldyz ýoly'' filiminiň gahrymanlary üçin telepartasiýa ýönekeý zat.Bu arassa ylmy fantastika bolyp görünýär.Ýöne kwant bulam bujarlygy arkaly telepartasiýany durmuşa geçirmek mümkin.Telepartasiýa degişli tejribeler Kanar adalarynda Afrika materiginiň kenarlaryna ýakyn ýerlerde eýýäm başlanan.Anton Zaýlenger özini ýada başga birini entäk telepartasiýa edip bilmeýär.Ýöne ol elementar bolejikleri ýagtylyk bölejiklerini telepartasiýa etmekde kwant bulam bujarlygyndan peýdalanmaga synanşýar.Ol tejribe şeýle geçirilýar.Ol ilki bilen Lapalma adasyndaky labaratoriýada bulaşyk fotonlar jübütligini döredýär.Bulaşyk fotonlardan biri Lapalmada galýar.Ikinjisi bolsa Lazer teleskopynyň kömegi bilen 114 km aralykda ýerleşýän Tenerifi adasyna iberilýär.Soňra Zaýlenger telepartasiýa üçin niýetlenen üçinji fotony işe girizýär we ony Lapalmada galan foton bilen özara täsirleşmäge mejbur edýär.Tejribeçiler iki kwant bölejiginiň kwant ýagdaýyny deňeşdirmek ýoly arkaly öza täsirini derňäp görýärler.Indi bolsa iň gyzyklysy näadaty bolan aragatnaşyk tejribeçilere deňeşdirme netijelerinden Tenerifidäki bulaşyk fotony edil üçinji foton nusgasyna öwürmek üçin peýdalanmak mümkinçiligini berýär.Bu üçinji foton diýilýäni umman arkaly iki ada arasyndaky uzaklygy ötüp geçmän diňe telepartasiýa edilende bolyp geçmegi mümkin.Bu usuldan başga labaratoriýalarda-da peýdalanan Zaýlenger müňläp bölejikleri üstünlikli telepartasiýa etdi.Ýöne ýene-de öňe gidişlik etmek mümkinmi? Bir gün geljekde alymlar adamlary telepartasiýa edip bilermi?Bizem elementar bölejiklerden düzülen ahry.Gözegne getirip göreliň meselem men Parižde naharlanmak isleýän.Nazary tarapdan alanymyzda kwant bulam bujarlygy sebäpli muny amala aşyrmak mümkin.Onyň üçin maňa Nýu-Ýork we Pariž şäherlerindäki biri-biri bilen bulam-bujar edilen bölejikler doldyrylan kameralar gerek bolýar.Men skanere meňzäp işleýän kamera girdim diýeli.Skaner meniň bedenimi düzýän biz bilýän kosmasdaky ýyldyzlardan hem köpräk uly mukdardaky bölejikleri skanirleýär.Bu enjam bir wagtyň özünde goňşy kamerada-da bölejikleri skanirlärdi we iki toplumdaky kwant bölejikleri deňeşdirmek üçin olaryň sanawyny düzýär.Şondan soň işimize kwant bulam bujarlygy girizilýär.Uzaklyklar arasyndaky näadaty baglanma sebäpli bu sanow meniň bölejiklerimiň başlangyç ýagdaýyny Nýu-Ýorkdaky bölejikler bilen dogra geliş gelmezligini görkezýär.Şondan soň operator bu sanawy Pariže iberýär.Pariždäki operator bu maglumatlardan peýdalanyp meniň bölejiklermiň kwant ýagdaýyny döredýär we men Parižde peýda bolup galýaryn.Nýu-Ýorkdaky bölejiklerim öz ýerinde durar ýöne kwant bulam bujarlygy Nýu-Ýorkdaky bedenimiň bölejikleriniň ýagdaýyny Paryžda asly ýaly edip diklemäge mümkinçilik berýär.Şeýdip indi men Parižde diýeli.Dogryragy meniň anyk nusgam Parižda.Onuň şeýle bolany gowyrak ýogsam meniň Nýu-Ýorkdaky bölejiklermiň ýagdaýynyň üýtgemegi meni parçalap taşlardy.Telepartasiýa edilýän jisimiň parçalanmagy kwant telepartasiýasynyň zerur düzüm bölegidir.Bu biraz serasaply bolmagy talap edýär.Pikirimçe biz neýtron,proton,elektronlar üwmegine öwrülip galardyk.Bu görnüşi oňat diýip bolmaýar.Alymlar entäk adamy telepartasiýa edip bilmeýär.Şu ýerde öz-özünden bir sorag ýüze çykýar.Pariže gelip düşen şol adam menmi? Öňki Nýu-Ýorkdaky men bilen Pariždaky men edil birmeňzeş bolmalydyr.Munyň beýle bolmagynyň sebäbi kwant mehanikasy taglymatyna görä bu bölejikler meniň fiziki bölejiklerim däl.Mende jemlenen maglumatdyr.Bedenimi düzýän trilýonlap bölejikler hakyndaky bu maglumatlar bolsa örän anyklyk bilen iberilýär.Obýekt ähli öňki häsiýetlerni özünde jemlän şonyň üçin ol onuň edil özi diýmek mümkin.Ynsany telepartasiýa etmek hakyky reallyga öwrülýärmi ýada ýokmy? Emma kwant mehanikasynyň çylşyrymly nätakyklygyny başga köp pudaklarda-da ulanmak mümkin.

Çeşme: Özbegistanyň ''Dunýa boylap'' telekanalyndaky ''Borlik sinoati'' ylmy gepleşigi.
Özbek dilinden terjimä taýýarlan:Nazarow Hezretguly (mertogly).
2 лайков 167 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
IDEALLIDER
07 фев 2022, 10:47
Makalany okamadym. Emma kwanta degişli ähli zadyň gelejekdine hatda wagty öňe gidişiýaly yza gidirip biljekdiginede ynanýan!
Pegas
07 фев 2022, 11:48
"Teleport" diýen kino bardy. Umuman, şu teleportasiýa diýen zat bilen menem gyzyklanýan.
mertogly
Автор 07 фев 2022, 12:04
Kwant fizikasy gaty gyzykly ylym. Meni micro alemde oran tasin galdyran zat olam atomyň daşyndan aylanyan elektronlaryň öz okunyň daşyndan hem saga hem çepe şol bir wagtda aylanyp bilmegidir.Bu örän täsin.
Leyli Amanowa
07 фев 2022, 13:47
Maks Plank (1858-1947) elementlerden
bölünip çykýan energiýalaryň (şöhleleriň) ozalky pikir
edilişi ýaly üznüksiz, akymlaýyn däl-de, eýsem aýry-aýry
bölejikler (kwantlar) görnüşinde bölünip çykýandygyny
subut etdi.
Maks Plankyň atomyň gurluşy baradaky
teoriýasynyň we daniýaly fizik Nils Borun (1885-1962)
atomyň gurlusyna degişli açyşlarynyň esasynda ylymda
täze bir pudak - kwant mehanikasy döredi.
mertogly
Автор 07 фев 2022, 14:42
Siziň pikiriňizce kwant mehanikasynyň çylşyrymly nätakyklygyny yene haysy pudaklarda ulanyp bolar?Pikirlerňiz?
mertogly
Автор 07 фев 2022, 14:42
Siziň pikiriňizce kwant mehanikasynyň çylşyrymly nätakyklygyny yene haysy pudaklarda ulanyp bolar?Pikirlerňiz?
menembiri
07 фев 2022, 16:03
Цитата: Peder
Kwant fizikasy gaty gyzykly ylym. Meni micro alemde oran tasin galdyran zat olam atomyň daşyndan aylanyan elektronlaryň öz okunyň daşyndan hem saga hem çepe şol bir wagtda aylanyp bilmegidir.Bu örän täsin.

elektronlar oz okunyn dashyndan aylanyandygyny senden eshityen...
menembiri
07 фев 2022, 16:03
ol dine yadronyn dashyndan aylanyan bolmaly, pikirimche!
mertogly
Автор 07 фев 2022, 16:37
Elektron ýadronyň daşyndan aýlanýar hem öz okunyň daşyndan.Yerem gunun daşyndan hem öz okunyň daşyndan aýlanýar.
Mona Lisa
07 фев 2022, 17:59
Himiyada, fizikada, matematikada bolaýmasa)
Цитата: Peder
Siziň pikiriňizce kwant mehanikasynyň çylşyrymly nätakyklygyny yene haysy pudaklarda ulanyp bolar?Pikirlerňiz?
Mona Lisa
07 фев 2022, 18:00
Kwant mehanikasy diyip ýörite bolumi bar himiyadan okamana ýaltanýardym her gezek