Alp Arslan türkmeniň aýdan sözleri

Söweşi halaýaryn, çünki soñunda ýeñiş bar.

***

Size şeýle bir Watan tutdym, ol ebedilik siziñki boljakdyr.

***

Bütin obalara, şäherlere jar çekiñ! Goý, meniñ halkym habarly bolsun,eger Çagry beg ogly Soltan Alp Arslan bu söweşde ýeñlip, halkynyñ ar-namysyny gorap bilmese, ýaşaýyş onuñ özüne-de merk bolsun!

***

Soltan Alp Arslan 27 müñ leşgeri bilen Wizantiýa topraklaryna gireninde, nökerleriniñ biri howsala düşüp: ''Soltanym, 300 müñ adamlyk agyr goşun bize tarap gelýär'' diýýär. Soltan Alp Arslan hiç dowla düşmezden ''Ýok tersine, biz olara tarap barýarys...'' diýipdir.

***

Meniñ ýeñşim esasy zat däl, garşydaşym ýeñilmelidir.

***

Garşydaşyñyza hiç wagt äsgermezçilikli çemeleşmäñ!

***

Ýüzleý maksatlardan ýüzleý netijeler emele geler.

***

Iñ uly ýeñiş öz nebsiñe erk etmekdir. Nebsine erk etmedik ynsanyñ ýagşysy, ilki bilen, öz nebsi bolar.

***

Jan bermekden heder etmeris, ýöne topragymyzdan asla bir garyş ýer bermeris.

***

Duşmanlar diñe bizden gutulmajaklaryna göz ýetirenlerinde, merhemet islärler.


(Alp Arslan)
7 лайков 196 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ötegçi
12 фев 2022, 04:29
Söweşi halaýaryn, çunki soñunda ýeñiş bar??????
Hiayres
12 фев 2022, 07:41
"Soltan Alp Arslan 27 müñ leşgeri bilen Wizantiýa topraklaryna gireninde, nökerleriniñ biri howsala düşüp: ''Soltanym, 300 müñ adamlyk agyr goşun bize tarap gelýär'' diýýär. Soltan Alp Arslan hiç dowla düşmezden ''Ýok tersine, biz olara tarap barýarys...'' diýipdir." Şu aýtgydan soň, şul "Garşydaşyñyza hiç wagt äsgermezçilikli çemeleşmäñ!" aýtgynyň gelmesi ýaman ýerliksiz bolupdyr.
IDEALLIDER
12 фев 2022, 08:31
Gowy post?
Ejegyz.
12 фев 2022, 08:34
"Dessan'dan" "Watan" aýdymy goýberilýär... brawo
Atsyzatly
12 фев 2022, 10:18
"Söweşi halaýaryn, çünki soñunda ýeñiş bar."

"Победа, достигнутая насилием, равносильна поражению"
(Махатма Ганди)

"Настоящие победы — это победы мира, а не войны"
(Ральф Уолдо Эмерсон)