Ýürek söýýärmi??? #2

Ýürek söýýärmi??? #2
Ýürek söýýärmi diýen soragyň jogaba bilşimiz ýaly ýok. Elbetde söýmegimize ýa-da aşyk bolmagymyza diňe beýnimiz jogapkär.
Aşyk bolanymyzda esasy rol oýnaýan gormonlarymyz:
Dofamin- ol bizi bagtly edýär, begendirýär, bedeni rahatlandyrýar, bizi ýaşartýar. Çilimkeşleriň, neşekeşleriň we serhoş adamlaryň näme üçin aragy, neşäni, çilimi halaýarka diýseňiz. Olaryň bu içýän, çekýän serişdelerinde dofamini has köp işläp çykarmaga iterýän madda bar. Bu ýaramaz endikleri edýän adamlar belli bir wagt keýpleri kök bolsa-da soň soňlar dofaminiň işlenip çykarylmagy galýar we şonuň üçin ýaramaz endiklere derrew öwrenişýärler. Ýene-de şeýle ýagdaýy isleýärler beýle adamlar. Bu bolsa saglyga örän zyýanly 1 minutlyk keýp üçin, 1-2 aýlyk ömürlerini içýärler ýa-da çekýärler. Ana bizem dofamin sebäpli aşyk bolan ynsanymyzy isleýäris. Ondan başgany däl. Ol ýanymyzdaka begenýäs.

Adrenalin- ýüregiň urgusunu çaltlaşdyrýar. Energiýamyzyň + bolmagyny üpjün edip, has hem şatlandyrýar.

Noadrenalin- biziň ýüregimiziň işini haýalladýar. Käte bizi gam gussada goýýar. Tukatlandyrýar.

Neýro-ylmy işgärleriň we antropologlaryň yzygiderli pikirlenýän soraglary, daş-töwerekde ynsan köp bolanda-da näme üçin "şol" adama aşyk bolýandygymyzdyr. Ýeke täk ýanýoldaşlylyk diňe bir adamlarda däl, eýsem beýleki haýwanlaryň köpüsinde-de bolýar. Olara möjekler, guşlar we ş.m. degişli. Möjekler we guşlar halaýan ýanýoldaşy bilen jübütleşýärler başgasy bilen däl-de.

Adamlar çagalykdan başlap, bütin ömrüniň dowamynda özüne çekiji häsiýetleriň sanawyny döredýärler. Bu huşsuz sanawa laýyk gelýän birine duşanymyzda, organiki we biologiki gurluşymyz sebäpli söýgä sebäp bolýan gormonlary bölüp çykarýarys.

Ylmy gözlegler "Ýeketäk ýanýoldaşlylyk" we "hakyky söýgi" düşünjeleriniň organiki we biologiki gurluşymyza laýyk gelmeýändigini ýüze çykardy. Şonuň üçin "ölmez-ýitmez söýgi" düşünjesi aslynda mif. Bu ýaryňyza biwepalyk ediň diýmek däldir ýalňşyz düşünmäň. Biologiki gurluşymyz sebäpli ölmez söýgi mümkin däl. Dofamin ýaly söýgä sebäp bolýan gormonlaryň bölünip çykmagy, şadyýan duýgulary döredýär, ýöne neşe serişdeleriniň berýän lezzetini dowam etdirmek üçin dozany köpeltmegiň zerurlygy ýaly, beýnimiziň bellibir wagtdan soň dofamin dozasyna garşy durnuklylyk emele getirer. Süýji aýlaryň (janam-guşşam günleriniň) gutarmagynyň sebäbi şudur. Süýji aýlar gutarjak bolanda, nikalaşmak ulgamy güýje girýär we şondan soň nikalaşmak ýa-da uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýaly sosial şertnamalaryň döremegine sebäp bolýan güýçli we üznüksiz tagallalar bolýar.

Söýgi aslynda biziň öňümizden çykýan zat däl, biziň öndürýän ajaýyp duýgy ýagdaýymyz.
3 лайков 130 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
12 фев 2022, 21:49
Yok yurek soyenok
Beyni ol ishe jogap berenok
Duygular bary ,shular sheytdiryar
Shonnada soyman gezibem bolia
doctor
12 фев 2022, 21:55
degiship yazdym teswiri:)
Realist
12 фев 2022, 23:04
doctor,
Şu günler gaty degişgen bolupsyñ☺
doctor
12 фев 2022, 23:14
sen ucin seryoza gecirin beyni programamy:)Realist,
Hiayres
13 фев 2022, 01:39
Söýgi - adamzadyň oýlap tapan mifleriniň iň ulusy.