Kynçylyklar we biz

Kynçylyklar size ýüz öwürmege mejbur etýän pursatlarynda kuwwatly
arzuwlaryňyz siziň eliňizden tutýar.Arzuwlaryňyz kynçylygyň ýüküni
bagtyýarlygyň hyýalyna öwürýär we häzirki ýeriňizden ýetmek isleýän ýeriňize
sary ugrukdyrýar.
Zerur bolan zat nireden başlaýşyňyz däl-de, nirä barmak isleýşiňizdir.
Üstünde hereket edýän ýoluňyz baryp biljek ýoluňyzdyr.
Başaranlaryň ählisi diýen ýaly kynçylyklar bilen ýola
çykypdyrlar.Ynsanlyk taryhyny üýtgetmage çalyşanlaryň ählisiniň geçmişi
zorluklara beslenendir.
Has uly işleri başarmak isleýän bolsaňyz, has-da sabyrly bolmagy
başarmalysyňyz.Çydamlylygyňyz we sabyryňyz arzuwlaryňyzyň güýjüne
baglydyr.Kiçi arzuwlar bilen bir hat, uly arzuwlar bilen bolsa bir kitap
ýazmagy başararsyňyz.
“Bagt guşy başyma gonan bolsady, milýarder bolardym’’ diýmek
arzuwyň güýjüni görkezmez.Hakyky, daglary hem eredip biljek arzuwlardan
ugur alyň.Ynsan, eýeçiligine ynanmaýan bolsa eýeçilik etmegi
başarmaz.Almaga taýýar däl bolsaňyz, ol zat berilmäge hem taýýar däldir.
H.Kolumb , birnäçe aý dowam eden Amerika guralan ýolagçylygynda
arzuwlarynyň saýasynda daýanmagy başardy.Gämisinde närazylyklar
artýardy.Birnäçe adamy bu dünýä bilen hoşlaşypdy. Ol birnäçe wagtlap
ummanyň ýowuz tolkunlary bilen söweşdi.Biz Kolumby eýe bolan üstünligi
saýasynda tanaýarys.
Hakyky arzuw, yşk melhemi kimin sarsyjydyr.Islegleriňiz, arzuwlaryňyz
ýadyňa düşende tolgunýarsyňyzmy?Düýşüňizde ýetmän synanyşýan
maksadyňyzy görýärsiňizmi?Bu sizi lerzana getirmegi başarýarmy?
Şeýle bolsa dogry ýoldasyňyz!


Girişmek gorkusy
Nähili derejede gaýratly bolsaňyz-da bir işe başlamak üçin birinji ädimi
ätmekde tolgunmazlyk mümkin däl. Suwa bökmäge gaýratyňyz çatar, emma
asyl gaýratlylyk suwa ilkinji böküşde başlanar. Bir işi ýerine ýetirmek nähili
derejede çylşyrymly bolsa bolsun ýöne ilki synanşykdan soňra başaryp
bilersiňiz.
Üstünlik-meşhurlyga ýol açan netijeler bilen bir hatarda alkyşlamaga
mynasyp zähmetleri hem orta goýar. Biziň wezipämiz, berkidilen işi doly
derejede ýerine ýetirmek we soňunda ýüze çykan netijelere syn etmekdir.Şeýle
pikirlenmek, birinji altyn ädimi ätmegi aňsatlaşdyrar.
Bir gorky gursagymyzy lerzana getiren we bize “başarmarsyň’’ diýer.
Aslyna seretseň başarýanlar bu päsgelçiligi ýeňip geçenlerdir. Bir işde
başarjaň bolman hem başga bir işde tapawutlanyp bilersiňiz.Bu durmuşda ähli
zady başarmaly diýen zat ýok.Tebigatyň bize eçilen kanuny şeýle.Şonuň üçin
hem “başarmarsyň’’ diýen düşünjäni unudyp, ilkinji altyn ädimi ätmekde
haýyr bar.

Çägiňizi bellemäň, ýogsa çäkli bolarsyňyz
Birnäçe adam özlerine mahsus bolan çägi öňe sürmek arkaly öz
ukyplaryndan mahrum bolýarlar. Olar: “Bu işi başarmaryn”, “Men her bir
işde şeýle pes netije görkezýärin”, diýmek bilen ýalňyş pikirleriň ýesiri
bolýarlar.
Zehinlerimiz has güýçlidir. Biz zadyň hakykat ýa-da hyýaly bolup başa
barmajagyna pikirlenmän karar berseňiz, soňra bu döreden päsgelçilikleriňizi
ýeňip geçmek kyn bolar. Muňa garamazdan käbirleri: “Men ýazmagy
başaramok’’ diýip zeýrenmeýärler.Aslynda olar hem siziňki ýaly orta
mekdepde düzme ýazmagy başarmaýardy. Mümkin häzirki wagtda hem bu
ýagdaý dowam etýändir. Akylyňyzy we düşünjeleriňizi çäklendirmek
netijesinde, bizde haýsy hem bolsa bir işe bolan gorky düşünje döremäge
başlaýar.
Haýsy hem bolsa bir ýokary wezipeli adam bolmak üçin ilkinji ätjek
ädim “alaçsyzlygy’’ aradan aýyrmakdyr.

Açyk göwünli bolmaga çalyşyň
Bu günki güne çenli näçe adama, onuň häsýetiniň sizde galdyran gowy
täsiri hakynda aýtdyňyz. Birnäçe adamlar bu işi köp ýerine ýetirmeýärler.
Üstesinede daş töweregindäkilerden nähili yzygiderlikde öwülýänligi hakynda
soranyňda, berilen jogaplar gynansakda: “soňky gezek haçan öwülenim
ýadyma düşenok’’, ýa-da “hiç öwülmedim’’, ýaly şekildedi..
Töweregimizdäki ynsanlara garşy gowy duýgularyňyzy-dile geçirmekden
hiç çekinmäň.
Birine, onuň gowy aýratynlygynyň sizde galdyran täsiri hakynda aýtmak:
garşyňyzdakynyň özüne bolan ynamynyň artdyrmagyna getirer.Birnäçe
adamlar başgalar tarapyndan öwülmegine garaşyp sanalgylaryny
doldurýarlar. Olar muny aýratyn hem ata-enelerden, dost ýarlardan,
ýakynlardan garaşýarlar. Bu pikir adamzat üçin örän täsirlidir.Bu bir söýgi we
gowlyga tarap gönükdirilen hereketdir.
Arada bir gün dükana gezegime garaşýan wagtym bir waka şaýat boldum.
Müşderileriň biri öz etýän hereketiniň ýalňyşlygyna garamazdan, satyjy gyza
bir zatlar düşündirmäge çalyşýardy. Satyjy onuň bilen deň bolup
gykylyklaşmagyň ýerine, dymmagy özüne makul bildi. Töleg tölemek gezegi
maňa ýetende men satyja:’ “Ol müşderä görkezen sabyrlylygyňyza haýran
galdym’’, diýdim. Satyjy gyz gözlerimiň içine seretdi we şeýle diýdi: “Minnetdar, jenap. Bilýärsiňizmi şu güne çenli meni öwen birinji adam
sizsiňiz’’. Satyjy gyzyň dogry hereketi hakynda aýtmagym iki minut hem
dowam etmedi, emma bu hem onuň üçin hem meniň üçin günüň ajaýyp
pursadyna öwrüldi.

Ajaýyp tebigat
“Taňrynyň ýaradan tebigaty mukaddesdir’’.
Haham Harold Kushner
Ýagşy niýetli we giň dünýä garaýyşly ynsanlar hökmünde bize berilen
wezipe mukaddes hasaplanmaýan ýagdaýlarda hem mukaddesligi orta
çykarmakdyr.Ajaýyp günleriň birinde ýagny dünýä inen naşyja çaganyň
ýylgyrşynda ýa-da kenara çarpynýan tolkunlarda tebigatyň gözelligine göz
ýetirmek kyn däldir. Emma, ajaýyp görünmeýän; mysal üçin durmuşyň
kynçylyklaryndan we ýaşaýyş ugrundaky agyr göreşlerden mukaddesligi
gözlemegi başararysmy?
Günlük durmuşymyzda mukaddesligi görip bilmek arzuwy içimizi gurşap,
alan dürli şertlerde kakykata geçmäge başlar.Munde düşünşmesi kyn adamlar
bilen baş alyp çykmak üçin garaýşyňyzyň giňelmegine getirýär we size
päsgelçilik döreden adamlaryň hem tebigatyň bir parçasydygyny ýene-de bir
gezek ýatladýar. Bu ugurda kynçylyklara şükür etmäge uýgunlaşarsyňyz.
Ýadyňyzdan çykarmaň;Bir zatdaky gözelligi görmezlik, ol gözelligiň
ýoklygy manysyny bermeýär.Ýalňyşlyk biziň dykgatly
bakmaýanlygymyzdadyr.
7 лайков 137 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
La Star MaN
05 апр 2022, 18:07
Tüýs maña gerekli tema eken Awtor dos yetireniñe sagboll
LLLL
Автор 05 апр 2022, 22:44
La Star MaN,
Ok sps
DonMaxx
05 апр 2022, 23:11
minnetdar cisti
LLLL
Автор 06 апр 2022, 00:39
DonMaxx,
Saña-da.
Maksat
06 апр 2022, 05:32
+++++