Hiç bir zat baky däldir
Ýaşaýyş elmydama hereketdedir. Ähli zadyň bir başlangyjy bolşy ýaly
soňy hem bardyr. Her bag bir tohum bilen başlaýar we näme üçin soňra
gaýtadan ýene topraga öwrülýär. Bu ýagdaýyň bu günki günümizde manysy
her bir awtomobil, mehanizimlar we egin-eşikler bölekleriniň başda öndürilip
soňra parça-parça bolup dargamagydyr.Bu wagt meselesidir. Bedenlerimiz
dogular we öler. Bu hadysa göz ýetirmek ynsanlary rahatladar. Her bir
öndürilen bulgur iru-giç döwüler. Ähli zat wagtyň geçmegi bilen üýtgäp öz
durkuny ýitirýär.
“Çünki, hiç bir zat baky däldir’’
Giç bolar
Adamyň bir mätäç zady-hoş sözdür,
Hoş söz aýdyň-depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur-bir ýyldan soň giç bolar.
Ýagşy sözler gaýnap ýürekden syksyn
Şol närseden bärden çyksa hiç bolar
Goldaweriň bir-biregi söz bilen
Kim bilip dur-bir hepdeden giç bolar.
G.Ezizow
Ýazyjy Stephen Leyine, şu soraglary soraýar: Bir sagat ömrüňiz galan
bolsady we diňe bir adama telefon edip bilýän bolsaňyz... kime jaň
ederdiňiz, we oňa näme aýdardyňyz?
Ýakynlaryňyza, olary nähili derejede söýýänligimizi aýtmaly. Çünki bir
gün geler we aýtmaga pursat hem tapylman biler.
Ykbalyň ýazgydy bolan, bu setirleri men käbämiň ejemiň doglan
gününde ýazýaryn. Biraz soňra Kyblam kakam bilen ejemiň mazaryna
zyýarata gitmeli. Käbäm ölmezden öň maşgaladaky ählimizi nähili derejede
söýýänligini aýtmak isläpdi.Ahyry ölüm ýassygynda arzuwyny amala
aşyrdy.Bu ýagdaý söýgüňizi aýan etmek üçin garaşmagyňa hiç bir manysy
ýokdugynyň mysalydyr. Ynsanlara bolan söýgüňizi aýan etmegiň dogry
wagty häzirki wagtdyr. Çünki mümkin ýene bir sagatdan giç bolar.. Duýdansyz ýagşylyk ediň
Iň gowy duýgy, eden ýagşylygyňyzyň gizlin galmagydyr. San Fransiskoda
bäş sany tölegli köpri bardyr. Ilki başlarda adamlar köprüden geçenlerinde
yzyndan gelýän ulagyň hem köprüden geçiş tölegini töläp geçipdirler. Yzyndan
gelýän sürüji kassa tölegini tölemäge barýar we puluny uzatýar, emma kassada
oturan adam oňa tölegiň öňünden geçen awtomobiliň sürüjisi tarapyndan
tölenendigini aýtýar. Ine size duýdansyz edilen ýagşylygyň mysaly. Bu kiçijik
ýagşylygy yzyndan gelýän awtomobiliň sürüjisinden nähili täsir galdyranyny
pikir edip bilýäňizmi? Belki bu ýagdaý onuň diňe şol hem bolsa ýagşy niýetde
bolmagyna täsirini ýetirendir. Köplenç berilen ýeke hemaýat, ýagşylygyň
hatarynyň döremegine sebäp bolup biler.
Duýdansyz edilen ýagşylygyň belli bir mejburlygy ýokdur. Bu çemeleşme
ýürekden çykar. Siziň eden ýagşylygyňyz goňşyňyzyň hapasyny aýyrmak bolup
biler, adyňyzy bermän ýetimler öýüne berilen kömek bolup biler. Mundan
başga-da birnäçe ýagşylyk edip bilersiňiz. Munuň düýp esasy yzyna islenmezden
berilen
hemaýatyň emele getiren lezzetidir. Munda edilen ýagşylygyň gymmaty we
moçberi esasy rol oýnamaýar.
Her bir eden ýagşylygyňyz sizi dogry ýola gönükdirer we size
ynsanperwerligiň esasy ugurlaryny ýene-de bir gezek ýatladar. Ählimiz
töweregimizdäkilere elimizden gelenini gaýgyrmadyk halatymyzda, dünýämiz
has-da gözelleşer.
Düşünjeleriňiz bilen kämilleşersiňiz
Düşünjeleriňiz hereketiňiziň gözbaşydyr. Hereketleriňiz endikleriňiziň
şaýadydyr. Endikleriňiz häsýetiňizi we adamçylygyňyzy şekillendirýär.
Häsýetiňiz bolsa geljegiňizi sergileýän iň zerur faktordyr. Geljegiňizi saýlap
bilmek üçin azatlyklarymyz kanun tarapyndan goralýar. Adatça näme pikir
edýärsiňiz?
Ähli kişi ýöreýän ýolunyň soňunda bar bolan zada eýe bolýar.
Dyrmaşýan merdiwanymyza bakmak bilen soňunda nirä çykjagymyza göz
ýetirip bilýäris. Dogry dälmi? Beýik geljege giden ýol, beýik düşünjeler bilen
başlaýar. Şonyň üçin häzire çenli hiç pikirini hem etmedik beýik zatlaryňyz
hakynda pikirlenmekde haýyr bar.
Adamlaryň birnäçesi has ýönekeý işlerde işleýär. Munuň manysy açyk:
Zehinimizi kämilleşdirmeýäris we özümize bolan ynamsyzlygymyz üçin, ýoluň
ýokarsyndan başlamaga gaýratymyz çatmaýar.
Işe girmek islänimizde, haýsy wezipede işlemek isleýäris? Käbir adam
‘’Bir iş bolsa bolýar, haýsy işiň bolanynyň zerurlugy ýok’’ pikiri bilen ýaşaýar.
Elbetde, ählimiz hem beýik işleri laýyk bolmagy başaryp bileris. Ynsanlar
näme sebäpden öz ukybyna ynanmaýar?
Taryhyň sahypalary akyla sygmaýan ata-babalarymyzyň yzlary bilen
beslenendir.Olar bu watanyň bir gysym topragy diýip janlaryny hem
gaýgyrmadylar. Howa, emma biz!
Üns beriň! Üstünligi gözlemän oňa eýe bolmaga çalyşmak ömrüňi
boşuna geçirmekdir. Üstünlige diňe onuň gözleginde bolan adamlareýe bolup
biler. Uly gözlegleriňiz bar bolsa uly açyşlaryňyz hem bolar. Täsirli adamyň
her bir sekundy gözleg bilen geçer. Sizde gözlege başlaň! Emma, gözlege
nähili başlamaly?
Ukypsyz galan Edison ýaly gözlege çykyp bilersiňiz ýa-da dagyň
arkasyny görmeseňiz hem ol ýerde ajaýyp bir tebigatyň bardygyna ynanamak
bilen ýola çykmak muňa mysal bolup biler. Gözlege haýsy hem bolsa bir
netijäni umyt etmek bilen gitýärsiňiz. Umydyň hasyl bolmagy her bir kişini
ruhlandyrýar.
Durmuş bilmeýän zatlaryny agtarmakdyr - agtarmak bolsa
ýaşamakdyr. Düşünjeleriňiz beýgeldiginde, hereketleriňiz we netijeleriňiz
hem özgerer.
Roger Bannister
Ýeňil Atletik meýdanynda 1950-nji ýyla çenli uly üstünlikleri gazanypdy.
Ol döwürler lukmanlaryň bu ugurdaky ylmy gözlegleriniň esasynda “bir mili 4
minutdan az wagtda ylgap geçmek mümkin däl’’ diýen düşünje bardy.
Bu negatif pikirler, ýeňil atletika bilen meşgullanýan türgenlere zyýanly
täsirni ýetiripdi. Hatda türgenler bu pikir bilen ysnyşyp bir mili 4(dört)
minutdan az wagtda ylgap geçmäge synanşmak hem islemeýärdiler.
Türgenler geçirilýän ýaryşlarda mundan beýläk rekord goýmak üçin dälde, diňe birinji bolmak üçin ylgaýardylar.
Roger Bannister 1953-nji ýylda, bir ýyl soňra geçiriljek ýaryşa bir
galanda bir mili 4(dört) minutdan az wagtda ylgap geçmek üçin taýynlanmaga
başlaýar. Bir ýyl boýunça türgenleşdi, türgenleşikleriniň arasyny hiç kesmedi.
Emma Roger bu boljak ýaryşda maksadyňa ýetmek üçin fiziki taýdan ukybyny
ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, psihologiki taýdan hem özüni taplaýardy Mundan soňra aklynda bir düşünje bardy: Bir mili 4 minutdan az wagtyň
dowamynda ylgap geçmek... Munuň üçin elinden gelenini gaýgyrmaýardy.
Özüne ynanýardy. Mydama ýaryşdan soňra goýjak rekordy hakynda
pikirlenýärdi. Ine ýaryş güni geldi.
Maksadyna ýetjegine ynanýardy. Roger ýaryşda birinji bolup geldi:
emma bu onuň üçin ýeterlik däldi. Siziň pikiriňizçe rekord goýup bildimi? Roger
netijesini görkezýän elektron grafige tarap seretdi.Grafikde ýazylan san 3,59-
dy. Ýagny Roger Bannister başarypdy.
Ol bilýärdi rekort goýmak üçin fiziki güýjünden başga zehin güýjiniň
hem zerurdygyny. Sebäbi ynam ähli zatdan ýokary häsiýetlendirilýär.
Ugurtapyjy şa
Ýaş, akylly we gaýratly bir şa, yzly-yzyna ýeňişler gazanypdy. Soňunda
şanyň iň beýik garşydaşy bilen ýüzleşme wagty geldi. Bu söweşde ýeňilse bar
edeni puçdy. Ol ýeňjegine ynanýardy, emma serkerdelerinde ilkinji gezek
ikirjiňlenme duýgusy bardy.
Generallary toplady, jübüsinden bir teňňe çykardy. Generallar näme
boljagyna sabyrsyzlanýardylar. Şa: “şekil gelse ýeňiş biziň tarapymyzda, eger
ýazgyly ýüzi düşse ýeňiş duşmanyň haýryndadyr’’ diýýär. Teňňe oklandy we
ýere şekilli tarapy düşüpdi.
Serkerdelerde ýeňjeklerine bolan ynam döredi. Şeýlelikde güýçli bir
depgin bilen söweşe başladylar we soňunda ýeňiş gazandylar.Ýeňiş gününiň
baýramynda generallaryň biri: “Teňňäniň şekilli ýüzi geleninden soňra ýeňiş
ynamy döredi’’ diýdi. Galanlary hem generaly makulladylar. Şa: “Sen şeýle
pikir et’’ diýdi, ýaş şa, jübüsinden metal teňňäni çykaryp hemmelere
görkezdi.Teňňäniň iki tarapy-da şekillidi.
Sen ynamyňy ýokarlandyrdygyňda öňüňdäki päsgelçilikler we içiňdäki
gorkular kiçelmäge başlar!
Bahana-ýaltalygyň gözbaşydyr.
Eliňizi aýagyňyzy zynjyrlasalar we bedeniňizi bir kapasa goýsalar-da
ýüregiňizi durdurmagy başarmazlar. Zyndandan çykmaýan biriniň gany bilen
ýazan kitabyny okanyňyzda muňa giňişleýin göz ýetirip bilersiňiz..
Haçan durarsyňyz? Haçan-da ýüregiňiz we wyždanyňyz suwsanda!
Haçan-da beýniňiz ýüz öwürende. Haçan-da bahanalar durmuşyňyzy gaplap
alanda.
Bahanaçyl pişik ýetip bilmedik etine “zaýa eken’’ diýer we etden ýüz
öwürer. Bahanaçyl däl pişik ol ete ýetip bilmejegine göz ýetiren badyna başga
bir etiň gözlegine çykar. Hakykatdanm hem päsgelçiliklerimiz bolup biler.
Guşlar ýaly uçup bilmeris, çünki ganatlarymyz ýok. Akylly adam haýsy
päsgelçiligiň hakykat haýsynyň bolsa hyýalydygyny arasyna serhet çekip bilen
adamdyr...
Ýüküni maşgalasyna äkidip barýan garynja garşysyna çykan daşdan ýa-da
çukurdan yza dönmez, ýagny “ýolum ýakyndy’’ diýmez. Ýaşan pursatynda
päsgelçilikleriň çözüwüniň gözleginde bolar.
Üstünlik ýoly päsgelçiliklerden doludyr. Baý ýa-da garyp, meşhur ýa-da
unudylan bolsun ähli kişi şol birmeňzeş pägelçiliklere sezewar bolýandyr.
Bir işi ýerine ýetirmegi başarmarys, diýip pikir etýänligimiz üçin
bahanalaryň gözlegine çykýarys: “Men başarmadym, çünki munuň sebäbi
bardy. Eger-de maňa pursat berilen bolsady haýsy işleri başarardym’’, diýýäris.
Size pursat berilmedimi? Emma taryhda yz galdyran meşhur adamlar
garyplygyň, hassalygyň, bahyllyklaryň ýowuz garşylygyna garşylyk görkezmegi
başaran adamlardyr.
Bahana etýän adam hem özüniň hem başgalaryň öňüne sarsmaz böwet
bolar.
Bir ynsana ýöne ýerden “başarmarsyň’’ diýmek onuň ynanjyny pese
gaçyrmakdyr. Başarjaň adamlar islendik şertlerde özüni oňyn alyp çykyp
biljek adamlardyr. Emma bahana gözleýänlerbolsa bir işi etmek üçin laýyk
gelýän günlere garaşyp ömrüni soldyrarlar .Şol laýyk gün gelende bolsa ol işi
etmegiň ýerine dynçlygyny ýitirmezlige çalyşarlar.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.