Men bir penjek..

Men bir penjek. Birnäçe jübim bar. Penjegiň jübilerini dogry tikmek aňsat-la welin, ol jübiler gerekmejek zatlar bilen doldurylanda, agram bermekden başga iş bitirenok, diňe ýük bolýar.
Bilýäňizmi näme, käwagt jübimize sygyp duran bir zady nädip goýmalydygyny bilemzok… Ýöne, bu hakda pikirlenenimizde, seresaplyk bilen tiken söýgüsini, hormatyny alyp bilmedik bir adamyňy ýürege ýakyn çep ýokarky jübiňe goýmak mümkinmi?

Ýeri onsaň, her dürli hoşniýetliligi tüýs ýüregiň bilen olaryň penjegine goýan we iň berk ýüpi ulanan dostlaryňyzyň, bir gün ol beren söýgiňiz we hormatyňyzy size görkezmezliginiň we sen oň üçin hiç zat etmedik ýaly, hiç zat bolmadyk ýaly hereket etmekleriniň sebäbi näme?

Belki-de, jogaby meň pikir edişimden has ýönekeýdir. Olaryň penjeginiň jübisi meňki ýaly uly däldir. Artykmaç gelýändir beren söýgim, goýan hormatym ýa-da jübileriniň sapaklary sökülip başlandyr...
3 лайков 515 просмотров
63комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:16
Rigel,
Salam. Menem ýazgyda şony soraýan-da. :)

Jübi meň pikirimçe bir zerurlyk. Agram berýän bolsa, içindäki artykmaç zatlary azaldaýmaly.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:26
Has gadyrlydan başlap az gadyrla tarap ýerleşdir. Şonda iň az gadyrlylary çykaryber.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:29
Şol gadyrly saýýanlaryň seni özüne gadyrly saýýarmyka, ol barada-da gowja pikirlenip şoňa görä azaltsaňam bolar.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:30
Цитата: Rigel
Bolýa. Minnetdar


Saňa-da minnetdar!
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:31
Ýene başlady-da şu häsiýetim…

Guş uçanda, ýylan gaçanda owadan, däli uklanda, akmak dymanda, akylly aýdanda owadan, jellat ýaýdansa, ajal gaýdanda owadan,ojak ýananda owadan, gyz gülende owadan, aşyk öpende owadan, pul bazarda, duşman mazarda owadan.Özge owadanlyklary hem duýmak owadan.
arsi
14 апр 2022, 23:34
sen birinin adyny goysan ol goymaya ol goysa sen goymayan. men ucna gyzyldan gymmatly wagtymyzy bosh zatlara sarp etmek dip dushunyan
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:36
Men at barada aýtmadyma. :(
Söýgi, sylag-hormat, sarpa barada aýtdym.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:37
Agaçlardan başga dost galan däldir, ýapraklaryny ýoluma düşäp göwnümi awlaýarlar.
arsi
14 апр 2022, 23:39
Nirvana

Durmushnyzda hasratlarnyz kan oytyan yalnyshmasam
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:41
arsi,
Ýalňyşdyňyz. :)

Aglap durka gülüp bilýänlerden men.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:41
Rigel,
Ýeri onsaň, her dürli hoşniýetliligi tüýs ýüregiň bilen olaryň penjegine goýan we iň berk ýüpi ulanan dostlaryňyzyň, bir gün ol beren söýgiňiz we hormatyňyzy size görkezmezliginiň we sen oň üçin hiç zat etmedik ýaly, hiç zat bolmadyk ýaly hereket etmekleriniň sebäbi näme?
arsi
14 апр 2022, 23:44
Menem sen yaly bolsana bolarsyn bolmasa hosh sagbol dian cunki islenmeyan yerde nm ishin ba dogrumy
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:44
Rigel,
Dogry.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:46
Цитата: arsi
Menem sen yaly bolsana bolarsyn bolmasa hosh sagbol dian cunki islenmeyan yerde nm ishin ba dogrumy


Sen bolmasaň Senemjan diýäýýäňmi? :)
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:48
Rigel,
Ulaldygymyzça aladalarymyz artýar. Göräýmäge ýönekeýje zatlar üçin edilýän aladalar içiňi gemrip gelýär. Şu adam diýilýän şu güni, şu pursady bilen ýaşamagy haçan öwrenerkä?!
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:49
Rigel,
Bolýar, gowsy düşünmek üçin kelläňi agyrtma Rigel.
Şeýle-de düşünmeli zatlarymyz az däl.
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:51
Aý hawa. Bolýar-da, gowy zatlardan gürrüň edeliň. Kimde näme gep bar? :)
arsi
14 апр 2022, 23:53
durmushumda hakyky bolan zatda karoci biri bn gurleshdim ol gyzyn ozi soz aytdy mana. Ay indi oyumdakileri soroda bu menem dushundimda ay shunyaly shunyaly dip aytdym ay bir 2 ay gurleshdik mana son nm diya Asrlan men seni gowu goryan wln men okayan ishleyan birine barjak didi menem gulip oturan ay bolya sagbol didim.Hudaya shukir yagday gowy wln barlayyn didimda nm dianini shonyaly gyzlaram ba durmushda
Telwas
Автор 14 апр 2022, 23:55
arsi,
Uzagyndan okaryn, işlärin diýmelidä senem. Oňarmansyň-da.
Гость
14 апр 2022, 23:56
Salam jora :)
arsi
15 апр 2022, 00:02
Ya ey onyaly gyzlar ucn bey dip name.
Tersine shey didima Magtymguly yaly goshgy okap oturmada,Gorogly yaly mert bol jigim didim.
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:04
Rigel,

:) Talyplarda wagtym meňem gürleşesim, tanasym gelýänler bardy. Hatda şu wagtam şu görýän agzalarymdan özüne çekiji hasaplaýanlarym bar. Men syrly, gizlin, adamlary özüme has ýakyn saýýan. Hemem ýaşy meň ýaşymdan uly, hakyky durmuşa ädimini basan adamlat bilen söhbetdeş bolmak maňa ýakymly. Talyplarda bardy, bir gelneje we bir-iki sany agam. Şu ýerde-de “arkaç”, “mountain” we “bayker” agaň, hemem dark wolf agzaň özüni alyp barşyny we sözleýiş medeniýetini gowy görýän. Sanasaň sanabermeli. Öz deň-duşlarymdanam bar.

Agzalaryň baram meň üçin ýyly, mähirli. Emma ynsan her mähirli bilen söhbet edesi gelenok. Men ulylardan bir zatlar öwrenesim we durmuşa çynlakaý garasym gelýär.

Bilýän, özümi köplenç ýaramaz alyp barýan. Emma tanasaňyz hiç kime garşy ýamanlygym ýok. Peýdam degmese, zyýanym degmegini islemerin.

Rigel, Seni tanamasamam, söhbetdeş bolmak ýakymly seň bilen.
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:05
Гость,
Salam jorkam, gowumy?! :)
Гость
15 апр 2022, 00:06
Nirvana,
Gowy,sen nähili?!
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:06
arsi,
Näme üçin okaýan, işleýän oglan gözleýän gyzlary ejiz hasaplaýaňyz?
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:07
Гость,
Şükür. Menden gowy adam ýogam bolaýmasa.
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:09
Гость,
Täzelik barmy?
Telwas
Автор 15 апр 2022, 00:11
Gan azlykdan kösenýäniňiz bar bolsa, guk diýäýiň. Mende artykmaçlyk edýär.
Гость
15 апр 2022, 00:11
Nirvana,
Täzelik ýok
arsi
15 апр 2022, 00:12
men ony yalnysh hasaplamok dogry yone puldada dine niyet