Bergimiz ýok

Şeýle ýurtlar bar. Hökümetiň daşky syýasatyny bu ýurtlarda
hökümetiň özi dälde hökümetde işlemeýän adamlar kesgitleýär.
Bu adamlar bolsa öz gezeginde birnäçe adamdan ybarat bolan
toparlary döredip olar öz hökümetine ep-esli täsir etmäne
ukyply ýagdaýy döredýär.
Bu adamlar ejiz adamlar däl. Kärleri başga bolsada syýasaty alyp
barmany gowy görýärler.Syýsata degişli köp eserleri ýazýarlar.
Bu eserler okalanda tejribesi ýok sada okyja örän güýçli täsir edýär.
Olar bu eserlerinde özlerini diňe öz halkynyň aladasyny däl eýsem
bütün dünýäniň halkynyň aladasyny edip özlerini olara kömek
bermäne meýilli adamlar edip görkezýärler.
Emma bu diňe gury syýsat. Olaryň özlerinde hiç bir baýlyk ýok.
Bu adamlar belli bir derejede kellesi üýtgäp, özlerine artykmaç
hukuklary beren adamlar diýse bolar.
Olaryň ýazan eserleri bolsa,dürli ýollar bilen dünýäde ýaýraýar.
Özleriniň saýtlary arkaly, ýazan kitaplary arkaly,
başga ýollar arkaly.
Sada okyjylar bolsa kitap hemişe dogry zady ýazýar diýen ynamda bolýar.
Ýok. Belki geçmiş zamanda bolandyr. Emma biziň döwrümiziň
kitaplarynyň aglabasy çendenaşa syýsata aralaşyp gitdi.
Dünýäde garaşsyzlygy ykrar edilen ýurtlar öz syýasatyny özi
alyp barýar.Başga bir ýurtlaryň raýatlarynyň, guramalarynyň,
habar beriş serişdeleriniň bu garaşsyz ýurtlaryň içki syýsatyna
aralaşmana haky ýok.
Şeýle diýýäs welin, barybir olar öz bileninden gaýytmajak
adamlar. Olara diňe gaýtawul bermek gerek. Gaýtawul bolsa
bu ýerde söz uruşdyrmakdan ybarat. Olary sözde ýeňmeli.
Bu diýýänim aňsat iş däl. Mysal üçin, olar biz size pylan zat bilen
kömek etdik diýse siz bu maglumaty gözläp tapmaly we hakykatdan hem
olar bize haýsy kömekleri berdiler bilmeli.
Ýada biz olara haýsy kömekleri berdik.Bu diýýänimi anyklap, eger siz
şu kömekleri beren bolsaňyz biz hem sizi boş goýmadyk, şu
kömekleri berdik diýip ýüzlerine patylatmaly. Ýogsa olar
berenlerini yzyna gaýdyp almana synanyşýan adamlara meňzäp dur.
Gysgaça şu. Uzak ýazsam kelläňize zor düşer. Çünki syasat kyn iş.
0 лайков 125 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
03 янв 2024, 19:42
Bolup biler...
MILALIKA
03 янв 2024, 20:44
Emma bu diňe gury syýsat. Olaryň özlerinde hiç bir baýlyk ýok.
Bu adamlar belli bir derejede kellesi üýtgäp, özlerine artykmaç
hukuklary beren adamlar diýse bolar.

Seniň özüň bu adamlaryň kimdigini aýdyp biljekmi?