Özüňi tanaryn diýseňiz #7
«Esger» gazeti 16.02.2017ý.
№7 (1246)
ÖZÜŇ TANARYN DIÝSEŇ
Biz bu gün köptaraply aň ylmynyň gyzykly açyşlary, şolara esaslanyp taýýarlanylýan dürli-dürli gyzykly testler arkaly adamyň oturyp-turşunyň, gep urşunyň, daşyndan göräýmäge ähmiýetsiz ýaly görünýän ownuk-uşak endikleriniň-de, bize şol adam hakynda belli bir häsiýetnamany düzmäge mümkinçilik döredýändigine göz ýetirip ýörüs. Emma size hödürlejek bu soragnamamyz, öz täsinligi bilen bizi-de haýran galdyrdy. Bilşimize görä, adam ukuda wagty, oýa halyndaky adamlardan düýbünden başga ahwalda bolýar. Ol şol ahwal arkaly daşyndakylar üçin belli bir derejede syrly adama öwrülýär. Ýöne görüp otursak, bize ukuda ýatan adama seredip, оnuň nähili düýş görýändigini bilmek başartmasa-da, onuň ukuda wagtyndaky ýatyş hereketinden, şol ynsanyň nähili häsiýetdäki ynsandygyny, оnuň durmuşda, jemgyýetde özüni alyp barşyny bilmek, has dogrusy bilmäge synanyşmak başardýan ekeni. Ynanaňzokmy? Geliň, onda aşakdaky suratlara ünsli seredeliň hem-de ol suratlaryň içden ilki öz ýatyş hereketimizi gözläliň. Şeýtsek soragnamanyň näderejede takykdygyny bilmek aňsat hem gyzykly bolar.
1. Embrion – görnüşinde ýatýan adamlar togalanýarlar we olaryň durky gulp görnüşini ýadyňa salýar. Bu ýatyş hereketiniň görnüşi embriona (düwünçege) meňzeşdir. Şeýle adamlar daşyndan göräýmäge gaýduwsyz we rehimsiz bolsalarda, bu diňe daşky görnüşinden şeýledir. Beýle adamlar aslynda örän duýgur we näzik bolýarlar. Käwagt olar nätanyş adamlar bilen duşuşmaga, olar bilen gürleşmäge ýaýdanýarlar, ýöne birnäçe wagtyň geçmegi bilen öwrenişýärler we özlerini rahat duýýarlar. 1000 sany adamyň 41 göterimi şeýle ýagdaýda ýatýar. Bu ýatyş hereketi erkek adamlara garanyňda zenanlarda köp duşýar.
Dowamy bar.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.