Özüňi tanaryn diýseňiz #13
«Esger» gazeti 02.11.2017ý.
№44 (1283)
SEN ÖZÜŇE YNANÝARMYŇ?!
Hormatly okyjylar! Biziň siz üçin yhlas bilen taýýarlan bu sowalnamamyz adamyň özüne bolan ynamynyň näderejede berkligi ýa-da gowşaklygy hakynda. Siz ondaky sowallaryň üsti bilen öz-özüňize bolan ynamyň derejesini anyklap bilersiňiz. Bu sowallar siziň hakykatdan hem özüne ynamly adamdygyňyzy, ýa-da tersine, diňe daşky görnüşiňiz boýunça töweregiňizdäkilerde şeýle pikir döredýäňizmi - bulary bilmäge ýardam eder. Ynam - ynsanyň daýanjy! Beýleki adamlara bolan ynam seniň ýalňyz däldigiňi, islendik wagt başgalardan goldaw tapjakdygyňy aňladyp göwnüňi göterse, özüňe bolan çäksiz ynam seniň aýratyn bir şahsyýet hökmünde kemala gelendigiňi, dost-ýarlaryň, dogan-garyndaşlaryň arka diräp, ýüz tapyp biljek adamy bolup biljekdigiňi subut edýär. Onda näme, sözümizi uzaldyp oturman, sowalnamamyzyň soraglary bilen tanşalyň. Belki, oňa berjek jogaplaryňyz siziň ýüregiňizi joşduryp, özüňize bolan ynamy has-da berkider?! Çünki durmuşda ähli zat ynamdan başlanýar ahyry...
Siz nähili görnüşde elleşmegi halaýarsyňyz?
A) az pursatlyk, ýöne berk el gysyşmagy;
B) uzak dowam edýän güýçli el gysyşmagy;
ç) ýeňiljek el gysyşmagy.
Siz haýsy ýyldyzlar toparyna degişli?
A) eset, hamal, jedi, sowur;
b) jöwza, akrap, daluw, kowus;
ç) hut, seretan, sünbüle, mizan.
Siziň deriňiziň ýagdaýy nähili?
A) adaty, aýratyn bir idege mätäç däl;
B) ynjyk däl;
ç) ynjyk hem gurak.
Bir zenan seýilbagda hiç bir zada üns bermän öz oý-pikirlerine berlip otyr. Siziň göwnüňize ol zenan...
A) ýalňyzlykdan lezzet alyp otyr,
b) ol öz halyna gynanylmagyny isleýär;
ç) onuň uly aladasy bar.
Size bularyň haýsysy mahsus?
A) ýakymsyz hem gynançly wakalary tiz ýadyňdan çykarmak;
B)diňe özüň hakynda pikir etmezlik;
ç) kimdir birini aldap, yzyndan ynsabyň yzasyny çekmek.
Siz haýsy göwrümi halaýarsyňyz?
A) üçburçluk;
b) romb;
ç) tegelek.
Siz sportuň haýsy görnüşi boýunça höwes bilen meşgullanardyňyz?
A) paraşýutdan bökmek;
b) suwa bökmek;
ç) daga çykmak.
Indi bolsa harplar arkaly belgilenen jogaplarymyzyň haýsynyň näçe sanydygyny hasaplalyň.
Eger-de siziň «a» harpy bilen belgilenen jogaplaryňyz beýlekilerden artyk bolsa, onda siz özüňize ýeterlik derejede ynamly adam, ýöne elbetde, sizde hem özüňizi ynamsyz duýýan halatlaryňyz bolýar. Emma oňa garamazdaň size arkaýyn özüne ynamly adam diýip aýdyp bolar. Bu babatda size özüňize artyk agram salmagyň hajaty ýok, çünki siz barybir öz öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmegi başarýarsyňyz.
Eger siziň saýlan jogaplaryňyzyň içinde «b» harp bilen belgilenen jogaplar has köp bolsa, siziň özüňize bolan ynamyňyz durnukly däldir. Nätanyş adamlaryň arasy, şeýle-de size işiňizde täze, öň ýerine ýetirip görmedik ýumuşlaryň ýüklenilmegi öň özüňizde bar bolan ynamyňyzy ýitirmegiňiz üçin bahana bolup bilýär. Bu ýagdaýlarda siz daşyňyzdakylar üçin ýa-ha düýbünden ýapyk adama, ýa-da özüne hetdenaşa göwni ýetýän adama kybap birine öwrülýärsiňiz.
Siziň jogaplaryňyzyň içinde «ç» harply jogaplar agdyklyk edýän bolsa, onda size öz-özüňize bolan söýgi juda ýetmezçilik edýär. Megerem, töweregiňizdäkilere hem ynanmagy endik etmedik bolarly. Siz özüňizi igençlerdir ýakymsyz ýatlamalar bilen şeýle bir köseýärsiňiz welin, durmuşdaky şatlyklaryň hiç biri size öz ýakymly täsirini ýetirip bilmeýär. Özüňize bolan ynamyň näme sebäpli beýle pes derejä düşendigini anyklamaga hökman wagt tapyň, öz-özüňiz bilen köpräk gürleşiň. Halys bolmasa, bu ugurdaky ökde psihologlara ýüz tutuň.
Taýýarlan Gülmahy MÄMMETGURBANOWA,
«Esger»

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.