Özüňi tanaryn diýseňiz #6
141-150 sm – Siziň üçin iň esasy zat öz pikirlerňiz we maksatlaryňyzdyr. Şonuň üçin hem öz iki dünýäňize has köp üns berýärsiňiz. Öwüt-ündew baradaky pikirlere köp wagt sar edýändigiňiz üçin size köp okaýan we köp pikirlebýän adamlar bilen düşünişmek aňsat düşýär. Kähalatlarda adamlaryň käbirleriniň garşylyk bildirmegine garamazdan, siz dogryny goldamak üçin öz pikirleriňizde galýarsyňyz. Şeýle-de siz islendik işe ýüzleý garaýan adam däl.
151-160 sm – Siz has duýgur, ýiti garaýyşly, öz ruhy dünýäňiz boýunça ýeke-täk we seýrek duş gelýän häsiýetli. Siziň häsiýetiňiz we edýän işleriňiz köplänç beýleki adamlary geň galdyryp biler. Adamlar käbir ýagdaýlarda size ýalňyş düşünýärler we bu ýagdaý sizi «ýaralap» biler. Öz tejribäňiz şahsylygyňyz we özbaşdaklygyňyz bilen ösmäge hem-de beýleki adamlar tarapyndan hormatlanylmaga mynasyp adamdygyňyz entäk özüňize-de mälim däl bolsa gerek. Siziň döredijiligiňiz durmuş tejribesinde hökman saýlanmalydyr.
161-170 sm – Siz başgalar hakynda aladalanmagy halaýan, jogapkärçilikli, dogruçyl adam. Öz işiňize ýürekden ýapyşýan we her näçe jogapkärçilikli bolsa-da, işi öz boýnuňyza almakdan çekinmeýärsiňiz. Bu häsiýetiňiz bilen siz adamlarda uly ynam gazanmagy başarýarsyňyz. Siziň ýiti pähimli we göwnaçyk häsiýetiňiz bar. Esasy zat, ýarysy dogry, ýarysy ýalan hem bolsa, sizde haýran galdyryjy gürrüňlerem-ä bar.
171-180 sm – Siz ynamly we doly garaşsyz adam. Siziň diňe özüňize ynanýandygyňyz üçin «Özüm başararyn we özüm ederin» diýen ýörelgäňiz bar. Islegleriňiziň we maksatlaryňyzyň aýdyňlygyna garamazdan olary durmuşa geçirmäge näme üçindir biraz çekinýärsiňiz we saklanýarsyňyz. Siz adamlarň hemişe ak ýürekli we dogruçyl bolmaklaryny isleýärsiňiz.
181-190 sm – Siziň duýgur we rehimlidigiňiz üçin size daş-töweregiňizdäki adamlar bilen aragatnaşyk saklamak ýeňil düşýär. Siziň dünýäňizi mylaýymlyk gurşaýar, şonuň üçin siz dostlaryňyzy şatlandyrmagy gowy görýärsiňiz. Başgalar üçin sahy, gyzykly we duýgudaşlyk bildiriji häsiýetleriňiz, beýleki adamlaryň hem Siziň ýanyňyzda özlerini rahat duýmaklarna mümkinçilik berýär.
190 sm we ondan ýokary – Siziň takyklygy halaýandygyňyz üçin daş-töweregiňizdäkiler bilen gürleşeniňizde olaryň gürrüňlerini bölmezden we inkär etmezden olary ünsli diňlemegi başarýarsyňyz. Siz «Her bir adamyň şahsy durmuş ýoly diňe özüne degişli» diýen düşünjä eýerýärsiňiz we daş töweregiňizde bolup geçýän ýagdaýlary ýeňil kabul edýärsiňiz. Häsiýetiňiz strese durnukly we känbir aladaçyl däl. Islendik kynçylyga seretmezden wagtyňyzy hoş we gowy geçirmegi başarýarsyňyz.
Terjime eden
Roza BAZAROWA,
Baýram han adyndaky harby
bölümiň psihology, kapitan.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.