ADAMYŇ BOÝUNA GÖRÄ HÄSIÝETINI ANYKLAMAK MÜMKINMI?
Käbir çeşmelerde adamyň boýunyň onuň häsiýetiniň daşky görnüşidigini barada maglumatlar bar. Elbetde, şahsyýetiň akylynyň möçberi ýa-da abraýy onuň boýuna bagly däldir, emma: «Boý adamyň käbir häsiýetini we iş başarjaňlygyny anyklamaga uly mümkinçilik berýär» diýip, netijä gelýän bilermenler hem bar. Elbetde, bu antropologiki maglumat diňe bir daşky görnüşimiziň bezegi bolman, eýsem, bu adamyň häsiýetindäki şahsy aýratynlygyny hem açyp görkezýär. Şonuň üçin psihologlar adamyň daşky görnüşini «okap», onuň bilen nähili aragatnaşyga girmelidigini ýa-da aragatnaşykda özüňi nähili alyp barmalydygyny aňsatlyk bilen aýdyp bilýärler.Size hödürleýän bu maglumatlarymyz hem adamyň daşky görnüşine, has dogrusy, adamyň boýuna
seredip, onuň häsiýetindäki käbir aýratynlyklaryny anyklamaga kömek eder diýip çaklaýarys.Eger-de siz öz häsiýetiňizdäki aýratynlyklar baradaky käbir hakykaty öwrenmek isleseňiz, onda«...Öz boýuňyzy saýlaň...»
140 sm çenli – Siz ugurtapyjy adam bolmaga çalyşýarsyňyz. Sizde öňdengörüjilik ukyby bar. Aragatnaşykda beýleki adamlara siz bilen düşünişmek
kynyrak bolar, sebäbi, siziň öz-özüňiz bilen düşünişmegiňiz hem şäýleräkdir. Siz jan edip, yhlas bilen işleýärsiňiz. Diňe bir öz aladaňyz däl, eýsem, töweregiňizdäki adamlar baradaky aladalarňyz hem ýeterlikdir. Öz durmuşyňyzy gözelleşdirmek üçin zähmet çekmek size lezzet berýär.
141-150 sm – Siziň üçin iň esasy zat öz pikirlerňiz we maksatlaryňyzdyr.
Şonuň üçin hem öz iki dünýäňize has köp üns berýärsiňiz. Öwüt-ündew baradaky pikirlere köp wagt sarp edýändigiňiz üçin size köp okaýan we köp pikirlenýän adamlar bilen düşünişmek aňsat düşýär. Kähalatlarda adamlaryň käbirleriniň garşylyk
bildirmegine garamazdan, siz dogryny goldamak üçin öz pikirleriňizde galýarsyňyz. Şeýle-de siz islendik işe ýüzleý garaýan adam däl.
151-160 sm – Siz has duýgur, ýiti garaýyşly, öz ruhy dünýäňiz boýunça ýeke-täk we seýrek duş gelýän häsiýetli. Siziň häsiýetiňiz we edýän işleriňiz köplänç beýleki adamlary geň galdyryp biler. Adamlar käbir ýagdaýlarda size ýalňyş düşünýärler we bu ýagdaý sizi «ýaralap» biler. Öz tejribäňiz şahsylygyňyz we özbaşdaklygyňyz bilen
ösmäge hem-de beýleki adamlar tarapyndan hormatlanylmaga mynasyp adamdygyňyz entäk özüňize-de mälim däl bolsa gerek. Siziň döredijiligiňiz durmuş tejribesinde hökman saýlanmalydyr.
161-170 sm – Siz başgalar hakynda aladalanmagy halaýan, jogapkärçilikli,
dogruçyl adam. Öz işiňize ýürekden ýapyşýan we her näçe jogapkärçilikli bolsa-da, işi öz boýnuňyza almakdan çekinmeýärsiňiz. Bu häsiýetiňiz bilen siz adamlarda uly ynam gazanmagy başarýarsyňyz. Siziň ýiti pähimli we göwnaçyk häsiýetiňiz bar. Esasy zat, ýarysy dogry, ýarysy ýalan hem bolsa, sizde haýran galdyryjy gürrüňlerem-ä bar.
171-180 sm – Siz ynamly we doly garaşsyz adam. Siziň diňe özüňize ynanýandygyňyz üçin «Özüm başararyn we özüm ederin» diýen ýörelgäňiz bar. İslegleriňiziň we maksatlaryňyzyň aýdyňlygyna garamazdan olary durmuşa geçirmäge näme üçindir biraz çekinýärsiňiz we saklanýarsyňyz. Siz adamlarň hemişe ak ýürekli we dogruçyl bolmaklaryny isleýärsiňiz.
181-190 sm – Siziň duýgur we rehimlidigiňiz üçin size daş-töweregiňizdäki adamlar bilen aragatnaşyk saklamak ýeňil düşýär. Siziň dünýäňizi mylaýymlyk gurşaýar, şonuň üçin siz dostlaryňyzy şatlandyrmagy gowy görýärsiňiz. Başgalar üçin sahy, gyzykly we duýgudaşlyk bildiriji häsiýetleriňiz, beýleki adamlaryň hem Siziň ýanyňyzda özlerini rahat duýmaklarna mümkinçilik berýär.
190 sm we ondan ýokary – Siziň takyklygy halaýandygyňyz üçin daş-töweregiňizdäkiler bilen gürleşeniňizde olaryň gürrüňlerini bölmezden we inkär
etmezden olary ünsli diňlemegi başarýarsyňyz. Siz «Her bir adamyň şahsy durmuş ýoly diňe özüne degişli» diýen düşünjä eýerýärsiňiz we daş töweregiňizde bolup geçýän ýagdaýlary ýeňil kabul edýärsiňiz. Häsiýetiňiz strese durnukly we känbir aladaçyl däl.Islendik kynçylyga seretmezden wagtyňyzy hoş we gowy geçirmegi başarýarsyňyz.
Çeşme: Psihologiki testler ýygyndysy.

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.