Özüňi tanaryn diýseňiz #17

«Esger» gazeti 10.11.2016ý.
№45 (1232)
Özüňi tanaryn diýseň!
PAÝHASDAN PAÝLY BOLSAŇYZ...
Pisiholog S.Kowalýowyň testi

Testi çözmek üçin aşakdaky sowallara «hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap bermeli.
Her bir sebäp üçin Siziň özüňizi ýitirýärin wagtyňyz bolýarmy?
Özüňizden fiziki taýdan güýçli bolan adamyň gaharyny getirmekden gork ýarsyňyzmy?
Size üns berilmedik ýagdaýynda dawa-jenjele başlaýarsyňyzmy?
Siz uly tizlik bilen ulagly gezmegi halaýarsyňyzmy?
Keselläniňizde dermanlary ürç edip ulanýarsyňyzmy?
Öžüňiziň isleýän zadyňyzy gazanmak üçin Siz islendik zada razy bolarmysyňyz?
Siz uly itleri söýýärsiňizmi?
Siz haçanam bolsa bir wagt meşhur adam bolup biljekdigiňize ynanýarmysyňyz?
Işleriňiz tersine bolup, utulyp başlanyňyzy bileniňizde Siz saklanmagy başarýarmysyňyz?
Garnyňyz doýsa-da, köp iýmek endigiňiz barmy?
Özüňize näme sowgat edýändiklerini öňünden bilesiňiz gelýärmi?
Siz birnäçe sagatlap güneşläp oturmagy halaýarsyňyzmy?
8 utukdan ýokary. Bu adama durmuş payhasynyň, pähiminiň we ynamdarlygynyň birleşmesi diýmek bolar. Bu bolsa, oňa durmuş hadysalaryndan çalt baş alyp çykmaga käte päsgel berýär.
4-8 utuk. «Altyn ortalyga» degişli adamlar. Olar öz-özleri çäklendirip bölmegiň ýokary duýgusyna eýedirler. Şonuň üçinem olar öz mümkinçiliklerini anyk kesgitläp bilýärler.
4 utuga çenli. Bu adamlar gözüne ähli zat az görünýän parhsyz subýektlere degişlidir. Kanagatsyzlygy sebäpli bu adamlar özlerini ýygy-ýygydan betbagt hasaplaýarlar. Şeýle adamlara durmuşyň her bir şatlygyndan ruhlanmak gerek.

Terjime eden
Durdymyrat REJEBOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň türkmen edebiýaty we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
7 лайков 141 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýläle
06 май 2022, 06:53
+++
Maksat
06 май 2022, 09:15
1. Ýok
2. Ýok
3. Ýok
4. Howwa
5. Ýok
6. Ýok
7. Howwa
8. Ýok
9. Ýok
10. Ýok
11. Ýok
12. Ýok
Birhilä boldy iki sanjak howwa çykdy.
Maksat
06 май 2022, 09:21
Utuk bolanda howwa bolýamyka ýa haýsy köp bolsa utukmyka şo!?
Kanagatsyza däl men, şükür edýän ýöne jogaplamyň köpüsi "ýok"boldy.