Özüňi tanaryn diýseňiz #18

ÖZÜŇI TANARYN DIÝSEŇ, REŇK SAÝLA!
Psihologlar öz geçiren ylmy-barlag işleriniň esasynda dürli reňklere bolan dürli-dürli islegleriň netijesinde, şahsyyetiň häsiýeti edim-gylymyna, hatda pikir-garaýyşlaryna hem belli bir kesgitleme berip boljakdygyny ýüze çykardylar. Älemgoşary ýadyňa salýan reňkleriň içinden özümize has ýakynyny, gözümize has ýakymlysyny saýlap, şol reňkdäki lybaslary geýmek, ýa-da şol reňkdäki mebeller bilen otagymyzy bezemek her birimize mahsus endik. Ýöne şojagaz endigiň biz hakynda ýeterlik maglumat berip bilýändigi has-da gyzykly. Belki, siz hem özüňiz hakda reňkleriň berýän maglumatyny bilmek isleýänsiňiz?! Eger, şeýle bolsa, bize goşulyň!
Mawy reňki - gowy görýän adamlaryň häsiýeti kesgitli däldir. Onuň şahsy ýagdaýyndan närazylygy, öz ýagdaýyny gowulandyrmak isleginden aýdyň bildirýär. Gowy gürrüňdeş, köp arzuw edýär, her bir zady ýüregine ýakyn alagan. Durmuşy kabul edişi ýüzleý. Pikirlenmekde, hereketde işeňňirligi orta derejede bolýar. Özüne we üst-başyna o diýen ünsli däldirler.
Ak reňki - gowy görýän adamlaryň gylyk-häsiýetinde kesgitliligem, gapma-garşylygam ýeterlikdir. Özüni aşa oňat görmek bilen, olar öz eýeleýän ornuny, wezipesini mümkinçiliginden pes hasaplaýarlar. Olaryň dostlugy, aragatnaşygy özboluşly häsiýete eýedir. Işeňňirligi oňat, durmuşda özünde bar bolan zatlar bilen oňuşjak bolýarlar. Özlerine we üst-başlaryna üns berseler-de, bu mesele olar üçin juda wajyp däldir.
Melewşe reňki - halaýan adamlaryň gylyklary kesgitli hem gapma-garşylykly bolsa-da, olar köpçülikde özlerini oňat alyp barýarlar. Pikirlenişleri anyk we çeýedir, üýtgeşik işleri ýerine ýetirmegi oňat görýärler. Özlerine we üst-başlaryna oňat garajak bolýarlar.
Ýaşyl reňki - gowy görýän adamlaryň gylygy hem kesgitli, ýöne gapma-garşylykly bolýar. Duýgurlygy güýçli. Kabul edijiligi onat, köp arzuw edýär, ýüregine tiz kabul edýär. Gürleşmegi oňat görýär, hoşniýetli. Başga adamlara basym öwrenişýär, dost bolmaga ymtylýar. Aýry-aýry adamlar bilen gyzgyn gatnaşygy saklaýar. Durmuşy kabul edişi aýdyň, ýöne köp zatlara we hadysalara durnukly gatnaşygy bolmaýar. Döredijilik taýdan ösen, işeňňir. Keýpine baglylykda bir ýokary gidýär, bir pese gaçýar. Daş keşbine üns berýär. Özünde bar bolan zatlar bilen kanagat etmeýärler.
Gök reňki - halaýan adamlaryň gylygy-da kesgitli bolýar. Olar özüni saklap bilşi, gönümelligi we durmuşy kabul edişiniň anyklygy bilen tapawutlanýarlar. Gürrüňdeşligi köplenç işiň haýry üçin peýdalanýarlar. Täze zatlary tiz kabul etseler hem pikirlenişleri haýaldyr. Işeňňirligi dowamly. Adamlar bilen kesgitli gatnaşyk edýär. Durmuşda özünde bar bolan zatlar bilen oňuşmaga çalyşýar. Şonuň üçinem ol moda akymyndan yzda galýar.
Gyzyl reňki - halaýan adamlaryň häsiýeti kesgitli, öz erkli. Bu reňki oňat görýän adamyň şahsyýetinde özüni gowy görmek, syrlylyk, az geplemek, dost bolup görünjek bolmak ýaly aýratynlyklar agdyklyk edýär. Olar maşgalada agzybirligini oňat saklaýarlar. Durmuş pelsepesi – şahsy gyzyklanmasyny öňe sürmek. Pikirlenişi çeýe bolsa hem, döredijilik işinde kesgitlidirler. Şeýle bolsa-da, her bir maglumat barada ýeterlik çuň we berk pikir ýöredýärler. Durmuşy kabul edişleri anyk, işeňňirlikleri oňat. Özleriniň geýýän eşiklerine kän bir üns bermeýärler, ýöne kämahal gowy zatlary almaga ymtylýarlar. Gündelik durmuşda özünde bar bolan zatlar bilen oňýarlar.
Gülgünäni - halaýan adamlaryň gylygy kesgitli däldir. Olarda asuda ýagdaýa bolan ymtylyş agdyklyk edýär. Olaryň hemişe ümsüm, birsydyrgyn keýpi bolýar. Durmuşy kabul edişi öz şahsy ýagdaýyny gowulandyrmak bilen berk baglydyr. Anyk we yzygider pikirlenýärler. Özlerine we üst-başlaryna ýeterlik üns berýärler. Bular hem gündelik durmuşlarynda özlerinde bar bolan zatlar bilen oňuşmaga çalyşýarlar.
Goňur reňki - halaýan adamlaryň gylyk-häsiýetleri kesgitlidir. Olar hoşniýetli, gürrüňdeşligi halaýarlar. Durmuşy kabul edişi dogry, ýöne kämahallar şübhelenýärler. Pikirlenişleri, işeňňirlikleri gowy we durnukly. Täze zatlary gowy kabul edýärler. Özlerine we geýim-gejimlerine artykmaç üns bermeýärler.
Hiç hili reňki halamaýanlaryň gylygy kesgitli däldir. Şonuň üçin olarda aljyraňňylyk, ünsi dagynyklyk ýüze çykýar. Pikirlenişleri anyk, ýöne çeýe däldir. Olaryň täze zatlara, edebiýatdyr sungata kän höwesi bolmaýar. Gündelik durmuşda özlerini we zatlaryny isledigiçe tämiz saklap bilmeýärler.
6 лайков 169 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
06 май 2022, 06:03
tuweleme Ahmet aga yetirip dur shu gunler aktiw gatnashyan sayta cilimkesh
Aýläle
06 май 2022, 06:53
+++++
Ahmet
Автор 06 май 2022, 08:16
DonMaxx,
Maksat aga, gowumy ýagdaýyň?! Göwnüňize ýaran bolsa bolýa, kimdir birine peýdasy deger diýip açýan. Ýöne düýn bir işdeşlerimiň biri telefonumy oýnap otyrdy, meň bir blogymy bilmezlikden pozaýypdyr. Täzeden açdym onsaň. Gaharyma sögenimi duýman galypdyryn...
Ahmet
Автор 06 май 2022, 08:20
sadaja,
Sadaja, blog barada kelam agyz aýdaýsaň... Söz nobaty sende:)
Aýläle
06 май 2022, 13:09
Ahmedik_97,
Seyle mowzuklaryn yzy uzulmesin! sag bolun kop kop yetirip duranynyza
????_????
07 май 2022, 15:11
Mawy reňki - gowy görýän adamlaryň häsiýeti kesgitli däldir. Onuň şahsy ýagdaýyndan närazylygy, öz ýagdaýyny gowulandyrmak isleginden aýdyň bildirýär. Gowy gürrüňdeş, köp arzuw edýär, her bir zady ýüregine ýakyn alagan. Durmuşy kabul edişi ýüzleý. Pikirlenmekde, hereketde işeňňirligi orta derejede bolýar. Özüne we üst-başyna o diýen ünsli däldirler.

yhm yhm edil mendä şu ??