ÜNS BERIŇ!

Salam OKYJYLARYM!
Geliň onda “GALYŇ TÖLEMEK” meselesini ählimiz dürli nukdaýnazarlardan ara alyp maslahatlaşalyň.
Her kim haýsy hem bolsa bir reňki saýlap, şol reňkiň aýratynlygyna görä, tema degişli pikirlerini beýan etmeli. Mysal üçin, gyzyl reňkiň aýratynlygy duýguçyllyk. “Men galyň salynsa özümi şu şu sebäplere görä gowy (erbet) duýýan. Gara reňk minus taraplaryny, sary reňk plýus taraplaryny aýtmaly. Beýleki reňklerem aşakdaky blogymda getiren mysalym ýaly öz aýratynlygyna görä ýazmaly. Bir reňki saýlan agza diňe şol reňkde galmaly soňuna çenli. Şol bir agza dürli reňklere goşulmaly däl. Bu 1 sagat dowam eder. 1 sagatdan soňra, beýleki reňklerdäkiler bilen çekeleşip bilýäňiz. Esasy zat saýlan reňkiňiziň aýratynlygyna görä pikirler ýüze çykarmaly. Çekeleşiniňizde-de şol aýratynlygyňyzy gorajak bolmaly. Meselem, gyzyl reňk duýguçyldygy üçin, ol minus taraplaryny aýdyp men şuňa garşy we ş.m diýmeli däl. Öz pikirlerini duýgy dili bilen beýan etmeli. Birahat bolýan bolsa, men özümi erbet duýýan. Göwnüne ýaraýan bolsa, men ýaşyň (beýleki reňkleriň) reňkiň aýdanyny göwnejaý görýän. Hakykatdanam şeýle bolsa gowy bolardy. Menem bagtly bolardym…
Umuman şeýleräk dowam edýär. Düşünensiňiz diýip umyt edýän. ÜSTÜNLIK!
3 лайков 346 просмотров
51комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
09 июн 2022, 22:29
Sary-optimist.
Gara-pessimist.
Gyzyl-duýguçyl.
Ak- bitarap.
Ýaşyl- täzelikçi (dörediji)
Gök- netijeleri açyklar.
Pegas
09 июн 2022, 22:30
Gara reňki söýýän hemişe.
Ötegçi
09 июн 2022, 22:31
Garany halaýan. Ýaşyl bilen garylan bolsa hasam halaýan.
Garabufer
09 июн 2022, 22:34
Öňler süýt haky gowy aňry baş ,süýtlek göleli sygyr eken .
Ol häzir Golşteýin nemes sygyr diýmek bolýar olam 50 müň ,60 müň manat,
Garabufer
09 июн 2022, 22:35
Nurmuhammet Nazarow.
Gyzlara Süýt emeni üçin süýt haky bermeli.
A oglanlar salýarka emdi diýýär
Garabufer
09 июн 2022, 22:35
Nuryşka
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:37
şoşo
Öňler süýt haky gowy aňry baş ,süýtlek göleli sygyr eken .
Ol häzir Golşteýin nemes sygyr diýmek bolýar olam 50 müň ,60 müň manat,


Edil şu teswiri ýazjak bolsaňyz, Ak reňke degişli bolýaňyz. Sebäbi sanlar bilen şol zady gönümel aýdýar şol reňkdäkiler. Gaýrat edip reňkli bloglarda ýazyň pikirleriňizi.
Garabufer
09 июн 2022, 22:37
Galyň hiç , berip gelin edinäýmeli , ýöne bir galyň töläp , gyzyň ejesi bn bajysynam almaly bolýar, (hamana bir programma alyp , iki wirus hem bile alynşy ýaly)
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:38
şoşo
Galyň hiç , berip gelin edinäýmeli , ýöne bir galyň töläp , gyzyň ejesi bn bajysynam almaly bolýar, (hamana bir programma alyp , iki wirus hem bile alynşy ýaly)


Bu gara reňk. :)
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:39
Hany onda pikirleriňizi ýazyşdyryň.
Garabufer
09 июн 2022, 22:39
Ak reňki
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:41
şoşo,
Bolýar onda şol reňkli blogda diňe bitarap jogap beriň. Birinji teswiriňizdäki ýaly.
Garabufer
09 июн 2022, 22:42
Nirvana,
Bitarap bolsa islendigi bilen ,jogap sorag alyşyp bolýa dämi, jyzamok dämi)
Suleyman
09 июн 2022, 22:42
Men biraz yza galýan öýdýän, düşünmedik ýerim bar.
Entäk "tehnologiýany" gutarmankak, näme üçin "galyňa" geçdik.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:43
şoşo,
Sorag-jogaby her reňk pikirlerini ýazyp dynandan soňra alyşmaly.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:43
Pegas
Gara reňki söýýän hemişe.

Bar onda galyň tölemegiň minus taraplaryny ýazyp gaýt şol blogda. :)
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:44
Dark_Wolf,
Tehnologiýany men size mysal hökmünde getirdim.
Pegas
09 июн 2022, 22:47
Nirvana
Pegas
Gara reňki söýýän hemişe.

Bar onda galyň tölemegiň minus taraplaryny ýazyp gaýt şol blogda. :)

Ýazjak däl.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 22:48
Pegas,
Ters ýazsana.
Pegas
09 июн 2022, 22:51
Nirvana
Pegas,
Ters ýazsana.

Tersem ýazjak däl.
Ayjahan
09 июн 2022, 22:51
Nirwana ana menä Gara mowzukda pikirimi ýazandyryn minus taraplaryny okap göräý))
Harmony
09 июн 2022, 22:59
Ýöne men şuň 6 tarapynam pikirlenýänä. Bir portuçkadan seredip gör diýen ýaly boldy.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:02
Granger,
Gowy etde birine jogap ber. 6 taraply pikirlenýän az-azdyr. Her kimiň pikiri beýlekilere-de şolar ýaly pikirlenmäge sebäp bolar.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:04
Tema göwnüňize ýaramadymy ýa?
Bu mesele hemmämiziň başymyzdaky meselelerden biri. Oglanlar üçin-ä iň uly problema bu. Gyzlara-da ýetýändir meselesi, derdi…
Ötegçi
09 июн 2022, 23:14
Tema boljak. Şun ýaly temalary hepdäñ belli bir günleri açaýyñ kyn gormeseñiz. Birem mowzukdan doldurmasalar gowy. Temalañ ussini
Nazar
09 июн 2022, 23:17
Baybahhh. Galyñ galyñ. Dinden çen tutsaña 10-20 gram altyn položnysy bar shony geçirseñ halal bolya diyya welin. Bilmedimda. Geçirmelidir welin çeni çaky bardyra. Galyñ-palyñy bilen kak položny toý etjek bolsaña (1 mlrd) gerek bormyka diyan.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:19
Rigel,
Hawa, beýlekileriň ýazanlaryna göz aýlap. Şeýle plýus taraplary, şeýle minus taraplary bar diýip özüňizdenem pikir goşup ýazmaly.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:19
FanB,
Sara ýazaý şuny.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:21
Ötegçi
Tema boljak. Şun ýaly temalary hepdäñ belli bir günleri açaýyñ kyn gormeseñiz. Birem mowzukdan doldurmasalar gowy. Temalañ ussini


Nesip bolsa, bu tema bir agzaň öňki islegi boýunça saýlandy. Pikirleniljek temalar bilen ýene isleseňiz belli günlerde dowam ederis.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 23:37
Geliň gep edeliň diýsem, saýdyň ýary geljegini bilýän. Agzalar pikirlenmäge ýa gowşak ýa-da şuny gurnaýan adamyň bloglaryndan birahat. Garaz, passiw belli-belli agzalardan galanlaryňyz. Ýogsa saýtda girip-çykyp dursyňyz. Ýa sizi gürletjek bolsaň, hökman pul bermelimi?