GELIŇ KÖP TARAPLAÝYN PIKIRLENMEGI ÖWRENELIŇ!


Ömrümiziň dowamynda sansyz kararlar berýäris we her täze günüň getirýän täze meselelerini çözmäge synanyşýarys. Meseleleri nädip çözýänimiz we kabul edilmeli möhüm kararlary nädip kabul edýändigimiz herimizde tapawutly bolup biler. Mysal üçin, gaty optimist bolsak, karar berenimizde bolup biljek töwekgelçilikleri görüp bilmeris ýa-da tersine... Onda näme etmeli?

Psiholog we filosof Edward De Bono bir meseläni dürli tarapdan çözülende iň gowy kararlaryň alynýandygyny aýdýar. Munuň üstesine, gündelik durmuşymyzda-da, toparlaýyn işimizde-de ulanyp boljak pikirleniş usulyny hödürleýär: Karar bermezden ozal aňymyzda alty dürli reňkli şlýapa geýmeli.

Esasy zat, meselä dürli nukdaýnazardan seretmek ukybydyr. Adaty pikirleniş usullarymyzdan çykmaga we has konstruktiw karar bermäge, şeýle hem döredijiligimizi gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýän bu usulda, bir meselä ýa-da karara gelende geýmeli alty şlýapalarymyz aşakdakylardyr:

Sary-optimist.
Gara-pessimist.
Gyzyl-duýguçyl.
Ak- bitarap.
Ýaşyl- täzelikçi (dörediji)
Gök- netijeleri açyklar.

Meselem temamyz Tehnologiýa bolsun.

Ak şlýapa: Gönümel jogap berýär. “Hemmeler tehnologiýany dogry-dürs ulanyp bilenok. Ýagny, başy çykanok...ş.m”


Sary şlýapa: Sary şlýapa geýenimizde has oňyn dünýägaraýşymyz bolýar. “Tehnologiýanyň kömegi bilen birnäçe işimizi gysga wagtda ýerine ýetirýäris….we ş.m”
Umuman, bu şlýapada kararymyzyň güýçli taraplaryna, gymmatyna we peýdalaryna ünsi jemleýäris.

Gara şlýapa: Bu şlýapany geýenimizde, pikirimiziň gowşak taraplaryna ünsi jemleýäris we ýalňyş ýa-da erbet netije berjekdigini beýan edýäris.
“Tehnologiýa zyýanlydyr. Tehnologiýa ösdügiçe adamlara bolan zerurlyk azalar, işsizlik köpeler…we ş.m”


Gyzyl şlýapa: Karar berenimizde duýgularymyzy diňleýän şlýapa. Käte olaryň seslerine-de mätäç bolýas. “Tehnologiýanyň kömegi bilen uzakda bolsak, ýakynlarymyz, dogan-garyndaşlarymyz bilen habarlaşyp bilýäris. Bu ýagdaý meni bagtly edýär…we ş.m”

Ýaşyl şlýapa: Bu döredijilik şlýapa. Ýaşyl şlýapa geýenimizde, karar bermezden ozal alternatiwalar, beýleki mümkinçilikler, usullar, täze pikirler hakda pikir edýäris. “Tehnologiýa we ynsanyň el güýji baglanyşan wagtynda şeýle-şeýle .. oňat işler ýüze çykar…we ş.m”


Gök şlýapa: Ahyrynda pikirlenişimize gözegçilik etmek we beýleki şlýapalardaky pikirlerimize gözegçilik edip iň soňky gelen kararyny aýdýar. “Tehnologiýa durmuşymyzyň aýrylmaz bir parçasydyr…we ş.m”

Bononyň pikiriçe, alty dürli şlýapa geýenimizde, alty dürli pikir edýäris. Şeýlelik bilen, dürli garaýyşlarymyz bar bolsa, kabul edilen ýalňyş kararlardan daşlaşmak mümkinçiligimiz çalt artýar. Şeýle hem, geljekdäki kararlar üçin köp düşünje toplaýarys. Bu şlýapalary synap görmek maksady bilen siziň bilen bir mesele hakynda pikirleneliňmi?!
4 лайков 266 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 15:54
Eger kabul etseňiz, bir reňk saýlaň. Birmeňzeş reňkililer bilen topar bolarsyňyz we öňki ýaly her reňk üçin aýratyn blog dörederin. Şol ýerde beriljek tema boýunça topardaşlaryňyz bilen pikirlenersiňiz. Her agza öz pikirlerini ýazanyndan soňra toparyň baştutany jemläp bir teswirde ýazar. Şeýlelik-de bir meseläni köp taraplaýyn pikirlenip çözmegi öwreneris.
Ayjahan
09 июн 2022, 15:59
Nirvana,
Gara şlýapany saýlaýan)
Esma
09 июн 2022, 16:06
Gök şlýapany saýladym.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 16:28
AySa, Esma, Bolýar belledim. :)
- Dani
09 июн 2022, 16:32
Gök şlýapa shlyapa
Biohimik
09 июн 2022, 16:35
Ak şlyapa
Harmony
09 июн 2022, 16:48
"Ýaşyldan ýaşyl ýaşyl
Mesele däl"
Harmony
09 июн 2022, 16:48
Ýaşyl şlýapa
Hiayress
09 июн 2022, 16:50
"Ak zat alnyňa ýagşy" şlýapa saýlamok, ak reňki saýlaýan.))
Harmony
09 июн 2022, 16:52
Ikisini saýlasaň bolanokmy? Ak.
Telwas
Автор 09 июн 2022, 17:01
Granger
Ikisini saýlasaň bolanokmy? Ak.

Ýok. Haýsyny saýlaýaň, akmy ýa ýaşyl?
Telwas
Автор 09 июн 2022, 17:04
Agşam sagat näçede başlalyň?
- Dani
09 июн 2022, 17:07
Hiayress
"Ak zat alnyňa ýagşy" şlýapa saýlamok, ak reňki saýlaýan.))

Bizde lebapda biri ýogalsa kellä ak ýaly ýa gök ýalyk dakylýa ( ýöne Aşgabatda başka reňk dakylýan eken) bähhh
- Dani
09 июн 2022, 17:07
Nirvana
Agşam sagat näçede başlalyň?

22:00 nädýä?
Harmony
09 июн 2022, 17:09
Ýaşyl.
Bir haýyş bar kabul etseňizä...
Ýa ertir ýa-da gije 10-11 töwerek (has gijräk) başlaýyň.
Hiayress
09 июн 2022, 17:12
22:30-da başlansa gowy bolar.
Suleyman
09 июн 2022, 17:31
Ýaşyl
Telwas
Автор 09 июн 2022, 17:32
Bolýar onda, 22 we 23 diýýänlere-de aralyk 22:30 bolsun. 23:30, 00:00-a çenli dowam eder.
Garabufer
09 июн 2022, 19:04
Özüm edil tehnologýa syrkow, balnoý ,sizem edil şol soragam goýupsyňyz ,bilýän ýaly, elektronikadan diplomjygymam bar.
Gökje şylýapa dogry aýdýar meň pikirimçe . Ýöne herkimde her hili pikir bar, arada bir gymmat tehnologýany almak üçin , öz göwnimi hoşlap (ýagny bu zat gymmadam bolsa almaly , sebäbi men bu zady ulanmak üçin aýry bir ömir ýaşamaga gelemok , şu ömrimde ulanyp görmeli diýip) ýördim welin . doslarmyň biri , sen şu zady ulanmak üçin hem şu ömriňi ýaşamaga gelen dälsiňä diýäýdi . Aý ýokarda aýdyşym ýaly balnoý bolam soň barybir aldym .

Özimä bir pikir 4 aýakly stol diýip düşinýädim ( bu temada 6 aýak , 6 şlýapa ediläýipdir) eger 4 aýagam bitin bolsa şol stol dik durýa , 3 si abat bolsa yrga , 2 bn 1 aýakda ýykylýaram . Bir pikiriň 4 tarabyny derňäp netije çykarýan.
Garabufer
09 июн 2022, 19:05
Bu şlýapalary synap görmek maksady bilen siziň bilen bir mesele hakynda pikirleneliňmi?!
Bol, garaşýan, bu temaňyzada minnetgiň