Özüňi tanaryn diýseňiz #3
Gülmahy MÄMMETGURBANOWA,
«Esger».
«Esger» gazeti 22.02.2018ý.
№8 (1299)
Gylyk häsiýet, endik, özüňi alyp barmagyň aýratynlygy. Eýsem, nämä bagly? Bu hakda näçe oýlandygyňça adam häsiýetleriniň näme üçin biri-birlerinden düýpli tapawutlanýandyklarynyň sebäpleri baradaky gözlegler seni çuň pikirlenmäge iterýär. Ine, şeýle pikirlere gümra bolup ýören günlerimiň birinde elime düşen bir maglumat meniň adam häsiýetleri baradaky sowallaryma azrak hem bolsa özboluşly jogap boldy duruberdi. Megerem, siz adamyň ganynyň toparlara bölünýändigini, öz gan toparyňyzy hem bilýän bolsaňyz gerek?! Geliň onda, meniň şol elime düşdi diýýän maglumatlarym bilen tanyş bolalyň!
Adamyň häsiýet aýratynlyklaryny kesgitlemekde ulanylýan usullaryň biri ynsanyň gan topary esasynda olaryň temperamentini, ýagny hyjuwlylygyny kesgitlemekdir. Bu usul ilkibada günbatar ýurtlarynyň bilermenleri tarapyndan ýüze çykarylyp, soňra ýapon alymlary adamlaryň gan toparlarynyň arasynda olaryň häsiýet aýratynlyklaryny anyklamakdan başga-da, adamyň gan toparynyň onuň işine, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna hem öz täsirini ýetirýändigini has aýdyň ýüze çykarypdyrlar.
Hormatly okyjylar, biz hem şu makalamyzyň üsti bilen şol maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.