Näme üçin XXI asyrda adamlar köpçülikleýin akmaklaşýar?

Häzirki wagtda birnäçe sekundyň içinde islendik maglumata eýe bolma, öýümizden çykman oňat bilim alma we dünýäniň ähli künjegindäki adamlar bilen özara söhbetdeş bolup bilme mümkinçiligimiz bar. Şonda-da alymlaryň käbir barlaglaryndan soňky gelen netijelerine görä XXI asyryň ikinji on ýyllygynda adamlaryň aň derejesi yzygiderli peselip başlandygyny görkezýär.
Alymlar onlarça ýyl bäri IQ synaglary arkaly dürli ýaşdaky adamlaryň akyl derjesindäki üýtgeşmeleri yzarlap gelýärler. Ortaça bal 100, IQ 70-den pes bolsa köplenç akyl taýdan yza galak diýip hasaplanýar. 1909-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy, bilimiň we tehnologiýanyň ösmegi hem elýeterli bolmagy netijesinde adamzat has akyllaşdy. Bu statistiki hadysa “Flynn effekti” adyny aldy. Şeýle-de bolsa, 1990-njy ýyllardan başlap IQ-iň ösüş depgini peselip başlady we 2013-nji ýyldan bäri ösüş yza gaýtmak bilen çalşyryldy. Bu tendensiýa dünýäniň ähli künjeginde syn etmek bolýar. 2000-nji ýylda dünýäniň ortaça IQ baly 90.31 bolan bolsa, alymlar 2050-nji ýylda IQ-iň ortaça baly 86.67 çenli pese düşer diýip çaklaýarlar. Bu yza gaýdyş tizligi bilen hereket edilse, bir ýarym asyryň içinde uly ýaşly adamyň aň derejesi dokuz ýaşly çaganyň aň derejesine baraber bolar. Akyl derejesiniň global pese gaçmagynyň sebäpleri anyk belli bolmasa-da alymlar özleriniň barlaglarynyň netijeleri arkaly käbir gipotezlary gurýalar. Olaryň pikirine görä biziň akyl ukyplarymyz smartfonlara we internete has köp garaşly bolmagyndan ejir çekýär. Hakykatdanam indi adama internetden tapyp bolaýjak maglumatlary ýatda saklama zerurlygy ýok. Indi kellämizde sanlary goşmak ýa-da ýöreýän ýolumyzy ýatda saklamak zerurlygymyz hem ýok, sebäbi kalkulýator we GPS nawigatory bar. Netijede, görnükli erudit intellektual oýunda smartfonly geleňsiz okuwçydan ýeňiler. Bularyň ählisi häzirki zaman adamy beýnisini türgenleşdirmek hyjuwyndan mahrum edýär. Bir wagtlar fiziki güýjüň öz artykmaçlygyny ýitirişi ýaly, häzirki wagtda erudisiýa we ýat artykmaçlyklary hem öz ähmiýetini ýitirýär.
Amatsyz daşky gurşaw şertleri hem beýnä uly täsirini ýetirýär. ABŞ-nyň iň hapa sebitlerinde doglan 4-6 ýaşly çagalaryň IQ derejesi has gowy ekologiýasy bolan şäherlerdäki deň-duşlaryndan 2 bal pesde. Gözegçileriň pikirine görä: atmosfera atylýan zyýanly zyňyndylar islendik ýaşdaky adamyň aň derejesiniň peselmegine ýardam edýär. Parnik gazlary ýadymyzy, ünsümizi we karar bermek ukybymyzy küteldýär. Hytaýda 20 müň adamyň gatnaşmagy esasynda geçirilen gözleglerde howanyň hapalanmasy ilkinji nobatda matematika we dil öwrenmek ukybyna ýaramaz täsir edýänligi açyklandy. Mundan başga-da, erkekler onuň täsirine aýallara garanyňda has ýykgyn.
Näme etmeli? Gynansagam daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak, esasanam uly şäherlerde uzak we kyn iş. Ýöne şu günden hünärmenler arassa howadan has köp dem almagy we öýlerde, ofislerde howa arassalaýjy süzgüçleri gurmagy maslahat berýärler. Ösen ýurtlarda ýokary bilimli we üstünlikli hünäri bolan aýallar düýbünden çaga dogurmakdan ýüz öwürýäler ýa-da diňe bir çaga dogurýalar. Tersine sosial derjesi pes toparlarda bolsa çaga dogurmak derjesi has ýokary. Ýöne bu asla bilimli maşgalada dogulan çaganyň bilim derejesi pes maşgalada dogulan çagadan artyklygyny görkezmeýär. “Akylly adamdan akylly çaga dogar” aýtgynyň genetiki täsirini häzirki zaman alymlaryň köpüsi ret edýär. Şol bir wagtyň özünde “akylly” maşgalalarda dogulan çagalar (maşgalada çaganyň az sanlylygy) bilim almakda we akyllyny kämilleşdirmekde beýleki sosial ýagdaýy pes maşglalaryň çagalaryna (ýa-da köp maşgalaly çagalara) garanyňda mümkinçilikleriniň artyklygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem sosial taýdan gülläp ösýän ýurtlarda az sany ýokary IQ görkezijilerine eýe çagalar köp.
Ýeriň ortaça ýaşaýjysynyň iýmitlenişi soňky 100 ýylda ep-esli üýtgedi. Bu-da aňy derejämize öz täsirini ýetirdi. BMG-synyň bütindünýä azyk gullugynyň habaryna görä: adamzat soňky 50 ýylda haýwan ýaglaryny we şekeri has köp mukdarda iýip başlady. Şekerli iýmitleriň köp iýilmegi beýnä ýaramaz täsir edýär. Ýygy iýilen ýag önümleri (gyzyl et, süýt, kokos we palma ýaglary) beýniniň neýron zynjyrjyklaryny bozýar. Ýöne balyk, hoz ýa-da omega-3 ýag kislotalary tersine neýronlary goraýar.
Şeýle-de aňy derejämiziň ösmegine döredijilik eserleri okamaklygyň hem peýdasy uly. Döredijilik eserlerini okan adamlarda göz öňüne getirme ukyby ösen bolýar.


*Bellik: Internet sahypasyndan üýtgedilip alyndy.
2 лайков 222 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
04 май 2022, 18:11
Uzakly gun internetde oturyp bular yaly meselani cozjek bolyanmy :)?
Şamuhammet
04 май 2022, 19:47
Düýnki T. Jumageldiýewiň ''Türkmene ýaran ogul'' makalaň dowamy ýokmy ýa hemmesimikä şol!
Pegas
04 май 2022, 20:23
Jeksparro
Düýnki T. Jumageldiýewiň ''Türkmene ýaran ogul'' makalaň dowamy ýokmy ýa hemmesimikä şol!

Pdf-i bar oň. Elektron poçtaň barmy? Oklaýyn.
Şamuhammet
04 май 2022, 20:29
Pegas,
sahmatowsahmat@gmail.com a okla hany. Menä düşünemogam şu elektron poçta diyilýän zada...
Pegas
04 май 2022, 20:32
Jeksparro
Pegas,
sahmatowsahmat@gmail.com a okla hany. Menä düşünemogam şu elektron poçta diyilýän zada...

Okladym. Iki sany eser bardyr bir kitapda. Şonuň ikinjisi.
Şamuhammet
04 май 2022, 20:36
Pegas,

Şu wagta gördüm gelenok. Internet pes-ä @Pegas!
Hiayress
Автор 04 май 2022, 20:37
Pegas,
Sapa, Tirkiş aganyň beýleki kitaplarynada garaşýandyryn, ýadyňda çykaraýma.))
Hiayress
Автор 04 май 2022, 20:37
Jeksparro,
Köplenç spamada düşýändir.
Pegas
04 май 2022, 20:38
Jeksparro
Pegas,

Şu wagta gördüm gelenok. Internet pes-ä @Pegas!

Barar.
Pegas
04 май 2022, 20:38
Hiayress
Pegas,
Sapa, Tirkiş aganyň beýleki kitaplarynada garaşýandyryn, ýadyňda çykaraýma.))

Bor, dost, aldygym ugradaryn. Arkaýyn bolaý.