"Gilgameş" taslamasy, meşhur alymlaryň çaklamasyna görä 2050-nji ýyla çenli ölümsiz adamlar peýda bolar. Has dogrusy ölmezek adamlar.
"GILGAMEŞ" TASLAMASY, MEŞHUR ALYMLARYŇ ÇAKLAMASYNA GÖRÄ 2050-NJI ÝYLA ÇENLI ÖLÜMSIZ ADAMLAR PEÝDA BOLAR. HAS DOGRUSY ÖLMEZEK ADAMLAR.
Soňky ýyllar adam üçin ölüm gutulgysyzlyk bolman, eýse ýakyn wagtlarda çözülmesi düşünilýän tehniki meselä öwrüldi. Eger-de 1900-nji ýylda adam bedeni hakda bilýän maglumatlarymyz bilen, diňe soňky bir asyryň içinde eýe bolan maglumatlarymyza göz gezdirsek, ölümiň çözülmesiz mesele däldigi hakynda pikirlenmäne doly esas berýär.
Käbir meşhur alymlaryň çaklamasyna görä 2050-nji ýyla çenli ölümsiz adamlar peýda bolar. Has dogrusy ölmezek adamlar. Sebäbi olar käbir şikesler ýa-da keseller sebäpli ölmegi ähtimal, ýöne bu ähtimallyklar bolmasa olar baky ýaşarlar.
Häzirki wagtda adamzadyň iň uly meselesiniň üstünde dünýäniň iň öňde baryjy alymlary iş geçirýärler. Olaryň alyp barýan işlerinede şowsuz diýip bolmaz. Olar ýaňy-ýakynda "Caenorhabditis elegans" atly gurçugyň ömrüni on esse uzaltmagy başardylar. Arkanzas uniwersitetiniň alymlar topary insuliniň we insuline meňzeş ösüş faktorynyň (IGF-1) emele gelmeginde uly rol oýnaýan adam genine meňzeş bir geni mutasiýa etmek arkaly gurçugyň ömrüni uzaldyp bolýandygyny görkezdiler.
Şu wagt alymlaryň käbiri ölüm bilen söweşseler, beýlekileri çalt ädimler bilen adamyň başga bir, ebedi ýaşlyk arzuwyny amal etmek üçin hereket edýärler. Bu taslamada uly üstünlikli barýar. Bu iki toparyň öňlerinde goýan maksatlary biri-biri bilen kesişmeýänligi geň galdyryjy. Sebäbi ikinji topar adam ölümsizligini däl-de, adamyň ömrüniň iň işjeň tapgyryny uzaltmak meselesini çözmäge üns berýär. Başga sözler bilen aýtmaly bolsa, eger olar maksatlaryna ýetseler adamlar ölýänçä ýaşlygyna galar. Ýöne bu ebedi ýaşlyk däl, sebäbi adam 80-90 ýaşynda bedeniniň bar serişdesini tükeder we bu dünýäni terk etmeli bolar. "Ýaş başyma ölmek islämok" kelemesi öňküsindenem has aktual hala geler.

194комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.