Hemme adamlar şol bir dili gürlese nähili bolar?!

Taryhyň dowamynda şu wagta çenli dünýäniň ähli adamlarynyň şol bir dilde gürlän wagty bolmandy. Gadymy döwürlerde-de gürlenilýän dilleriň arasynda meňzeşlikler we uly tapawutlar bardy. Ýöne käbir diller şeýlebir meňzeşdi.

Dünýäde näçe sany gürleşilýän dil bar diýen soraga jogap tapmak lingwistler üçin gaty kyn mesele bolup durýar. Sebäbi her dilde üýtgeşik-üýtgeşik dialektler bar. Şonuň üçin hem dilleriň geçmişine degişli maglumatlary we gelip çykyşyny kesgitlemek aňsat däl. Çaklamalara görä, häzirki wagtda jemi 6,909 sany dilde gürleşilýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda dünýädäki gürlenilýän dilleriň sany düýpgöter azaldy. Hünärmenler 2100-nji ýyla çenli häzirki ulanylýan dilleriň ýarysyna çenli azaljakdygyny çaklaýarlar. Bu ýagdaý, dilçileri pikirlenmäge mejbur edýär.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde, ýakyn geljekde dünýä ýüzündäki ähli adamlaryň şol bir dilde gürleşip başlamagy mümkin. Bu ýagdaýa globallaşma we internet has hem güýçli täsir edýär. Şeýle-de bolsa, ünsden düşürilmeli däl başga bir hakykat bar. Ýagny, diller aslynda medeni aýratynlyklar bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Şonuň üçin medeni we syýasy ugurlar dilleri düýbünden ýitirip ýa-da onuň tersine gorap saklap, ony hasam baýlaşdyryp biler.

Geljekde bir gün bütin dünýäde diňe şol bir dilde gürleşilse, bu örän uly özgerişligiň başlangyjy bolar. Dünýädäki ähli adamlar şol bir dilde gürläp gowy düşünişip bilerler. Duýgulary aňlatmak has ýeňil bolar. Emma şahsy we medeni aýratynlyklar örän azalar. Emma dünýä ýüzünde şol bir dilde gürleşmek - umumy gatnaşyklar ýygjamlaşdyryp, global agzybirligi hem döredip biler.
5 лайков 101 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gorkakbatyr
30 янв 2023, 08:13
Adamlaryň biri-birleri bilen pikir alyşyp, düşünişmegine böwet bolýan diller aradan aýrylsa kem-ä bolmazdy.
Gorkakbatyr
30 янв 2023, 08:16
Dil medeni aýratynlyk, ýöne geçmişimizi şöhlelendirýän medeni aýratynlyk. Geçmişimiz üçin geljegimizden ýüz öwürsek aýyp bor.