"Gilgameş" taslamasy, meşhur alymlaryň çaklamasyna görä 2050-nji ýyla çenli ölümsiz adamlar peýda bolar. Has dogrusy ölmezek adamlar.

"GILGAMEŞ" TASLAMASY, MEŞHUR ALYMLARYŇ ÇAKLAMASYNA GÖRÄ 2050-NJI ÝYLA ÇENLI ÖLÜMSIZ ADAMLAR PEÝDA BOLAR. HAS DOGRUSY ÖLMEZEK ADAMLAR.

Soňky ýyllar adam üçin ölüm gutulgysyzlyk bolman, eýse ýakyn wagtlarda çözülmesi düşünilýän tehniki meselä öwrüldi. Eger-de 1900-nji ýylda adam bedeni hakda bilýän maglumatlarymyz bilen, diňe soňky bir asyryň içinde eýe bolan maglumatlarymyza göz gezdirsek, ölümiň çözülmesiz mesele däldigi hakynda pikirlenmäne doly esas berýär.
Käbir meşhur alymlaryň çaklamasyna görä 2050-nji ýyla çenli ölümsiz adamlar peýda bolar. Has dogrusy ölmezek adamlar. Sebäbi olar käbir şikesler ýa-da keseller sebäpli ölmegi ähtimal, ýöne bu ähtimallyklar bolmasa olar baky ýaşarlar.
Häzirki wagtda adamzadyň iň uly meselesiniň üstünde dünýäniň iň öňde baryjy alymlary iş geçirýärler. Olaryň alyp barýan işlerinede şowsuz diýip bolmaz. Olar ýaňy-ýakynda "Caenorhabditis elegans" atly gurçugyň ömrüni on esse uzaltmagy başardylar. Arkanzas uniwersitetiniň alymlar topary insuliniň we insuline meňzeş ösüş faktorynyň (IGF-1) emele gelmeginde uly rol oýnaýan adam genine meňzeş bir geni mutasiýa etmek arkaly gurçugyň ömrüni uzaldyp bolýandygyny görkezdiler.
Şu wagt alymlaryň käbiri ölüm bilen söweşseler, beýlekileri çalt ädimler bilen adamyň başga bir, ebedi ýaşlyk arzuwyny amal etmek üçin hereket edýärler. Bu taslamada uly üstünlikli barýar. Bu iki toparyň öňlerinde goýan maksatlary biri-biri bilen kesişmeýänligi geň galdyryjy. Sebäbi ikinji topar adam ölümsizligini däl-de, adamyň ömrüniň iň işjeň tapgyryny uzaltmak meselesini çözmäge üns berýär. Başga sözler bilen aýtmaly bolsa, eger olar maksatlaryna ýetseler adamlar ölýänçä ýaşlygyna galar. Ýöne bu ebedi ýaşlyk däl, sebäbi adam 80-90 ýaşynda bedeniniň bar serişdesini tükeder we bu dünýäni terk etmeli bolar. "Ýaş başyma ölmek islämok" kelemesi öňküsindenem has aktual hala geler.
6 лайков 854 просмотров
194комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 14:12
Ötegçi,
Daş keşpiň ýaş görünmegi üçin ilki elbetde gena bagly, ýöne ondan daşary hem eýermeli zatlar kän. Kitaplarda ýa-da hekaýalarda, kä halatlarda-da durmuşda-da bir günüň ýa-da bir ýylyň içinde garran ýaly bolupdyr, saçyna ak inipdir diýen ýaly ýagdaýlara duş gelmek bolýandyr. Ana şol ýagdaýlardan özüňi saklamaly. Ýagny güýçli stress adama ýaramaz täsir edýär, hapa howa (çägeli ýa-da ýakynda howany zäherleýän uly zawodlaryň bolmagy), klimat (aşa gyzgynlyk ýa-da sowuk), zol-zol oňat medisina kömegini alyp durmaly, keselleriň azyp beterleşmänkä, beýleki organlara zyýan ýetirmäkä bejertmeli, oňat, witaminli iýip-içgileri iýmeli, arassa suw içmeli we ş.m müňlerçe zatlary etmeli. Wagtly-wagtynda ýatyp dynjyňy almaly, işleýän wagtyňdan dynç alýan wagtyň köp bolmaly, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly ýene ş.m-ler. Biz şularyň haýsysyna gözegçilik edip bilýäris?! Türkmenistandaky ortaça ýaşyň özem bizdäki şertleriň uzak ýaşamana oňaýly däldigini görkezip durandyr.
Ayjahan
23 июн 2022, 15:00
Ölmeseňem birhili gorkunç...
Maksat
23 июн 2022, 17:24
Gyzykly tema. Öýjük bölünişiginiň bes edilmegi we garramagy diýip kesgitleýän hilimiziň peselmegi we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykýan keseliň ýokarlanmagy adamlarda iň köp ýaýran ölüm sebäplerden biridir. Geljekde garramagy duzurmakda uly ösüşleriň boljakdygyna ynanýaryn. Belli bir bölünişikden soň öz ölümini üpjün edýän adaty öýjüklerimizden tapawutlylykda, özleriniň ölmezligini yglan eden we yzygiderli köpelýän rak keseli öýjükleriniň üstünde geçirjek gözleglerimiziň netijesinde, belki gözegçilik edilýän rak keseli öýjügi adamyň biologiki ölmezliginiň açary bolar. "Cyronics" taslamasy, ýa-da adamlaryň doňdurylyp, täzeden has geljekde dünýä indirilmegini, ýagny, täzeden dogulmaklaryny wada beren taslama. Eger bu çyn bolsa, (beýle bolar öýdemok) adamlary doňduryp, geljekde çözmek mümkin. Netijede 100-den köp doňdurylan adam bar şywagt. Ýa-da beýin öýjükleriniň kömegi bilen beýindäki huşy, tehnologiýanyň kömegi bilen kompýutere geçirmegi amala aşyrmaklary ähtimal. Netijede ýaşamak üçin hökman bir beden gerek däl. Makalada 2050-nji ýyla çenli diýilipdir welin, bu hiç zat. 2050-nji ýylda beýnini doly çözüp biljeklerem belli däl. Sebäbi intek alymlar beýniniň syryny çözmäni başaranoklar, beýinde sähelçe, gaty ownujak bir zat üýtgäýse hem beýin zaýalanýar. Gaty inçe organ. Şo sebäpli intek-intekler ölmezligiň syryny çözmezler. 2500, 3000 diýilse "hä" diýip bolar, ýöne oňa-da doly kepil geçip bolanok. Ýagny, ölmezlik gaty, hatda mümkin däl diýen ýaly kyn zat, kyn iş. Boljagam belli däl, diňe ýaşy uzaltmaklary (300, 400 tapawudy ýok) ahmal.
Maksat
23 июн 2022, 17:24
AySa
Ölmeseňem birhili gorkunç...

Bilesigelijiligim tutdy, nämesi gorkunç?!
Maksat
23 июн 2022, 17:25
Haýran galaýmaly, teswirleriň 10-dan 9 bölegi tema bilen hiç hili baglanşygy bolmaýan, dereksiz teswirler.
Aksary
23 июн 2022, 19:38
Gilgameş" taslamasy, MEŞHUR ALYMLARYÑ çaklamasyna görä ...

Seret bolmajak zatdygy bildirip durandyr. Pylanynyñ aýtmagyna görä diýen belli biriniñ ady,atlary ýazylan däldir,hakykatdanam şu diýilýänlere haýsy alym öz adyndan kepil geçip bilerkä?bolmajak zatda...

Ozalam taryhda yz goýan şahslañ biri,meniñ ýanyma ähli tebipleri çagyr diyipdir.tebipler jem bolupdyrlar.şonda şol şahs meni ölmez ýaly et diyipdir.aý onnoñ şol tebipleñ hersi özüçe baky ýaşatýan derman ýasan bolupdyr,onam şol taryhy şahsa getirip beripdirler,onsañ ol ýañky ony ilki özi içmän,şol tebibe içiripdir,tebip içipdir,soñra sorapdyr,indi sen ýasan dermanyñ özüñ icdiñ,indi ölmeýänlerden bolduñmy diyipdir,oda hawa diýipdir,onda gel bärik ölmeýşiñ görjek diyip kellesin gylyc b.n togalapdyr."ölmedä öldürmeýän derman içdiñ".....
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 20:07
Aksary,
Muňa ylmy romantizm diýilýär. Şu teoriýany ýaýýanlar ylmyň ägirt, uly güýçdigine we adamzadyň iň uly meselesini çözüp biljegine ynanýan adamlar. Alymlar tarapyndan goldaýanlar bolsa, bolup bilmejek zadyň ýokdygyna we diňe häzirlikçe ýeterlik bilimmiziň (tejribäniň) ýokdygyna ynanýan adamlar. Emeli ýürek, aýak, el, böwrek, öýken, bagyr ýasap ýörler, dogabitdi kerlere gulaklyk oturdyp eşder ýaly şert döredýärler, dogabitdi körleri görer ýaly edýärler, onsoň näme üçin üstünde işleseň ölümsizligi gazanyp bolmaz?!
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 20:13
Aksary,

Birwagtlar adamlar ýeriň tekizligine we başgaça bolup bilmejegine ynanypdyrlar. Indi nä ýer tekizmi?! Birwagtlar adamlar ýeriň daşyndan asman jisimleriniň aýlanýanyna ynanypdyrlar. Ýeriň daşyndan asman jisimleri aýlanýarmy ýada ýer günüň daşyndan aýlanýar?! Birwagtlar adamlar diňe guşlar uçup bilýär adama bu mümkin däl. Sebäp adam ýaradylanda uçma ukyply däl diýip düşünipdirler. Ol ynanja näme boldy indi?! Ýene şular ýaly müň sany bolmaz diýilen zatlaryň bolanyny gözüň bilen görüp durkaň, nädip bu teoriýa bolmaz, ýalan diýip bilýäň. Elbetde subut edilmese bu çaklamalygyna galýar, ýöne oň üçin bir wagt hem bolsa öz amala aşma ähtimallygyny ýitirmeýär.
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 20:14
Siz tymsallara ökde we hemme zady tymsallaryň üsti bilen baha bermäne öwrenen.
Maksat
23 июн 2022, 20:32
Aksary,
Graýam Bell telefony döredende, siz ýalylar gelip "bolmajak zatda" diýen bolsa, bu gün internede, google, youtube-a hatda şu saýda gowy girerdiň. Ylymyň nämedigini bilmän ýörenleriň şu ylym duşmanlygyna düşünip bilemok.
"Iň goýy jahyllyk, hakynda hiç zat bilmeýän bir zadyňy inkär etmekdir."(J.Brown)
Aksary
23 июн 2022, 20:43
Keaip_begcon,
Graýam Bell telefony döredende,....
Graýam diýip kimiñ döredenligini aýtdyñ gaŕdaşym,indem sen seret öz ýazan ýazgyña.hany ýokardakyny kim diýýär,hany awtory hany?nämä esaslanyp,kime esaslanyp ýazypdyr?
Aý alymlañ aýtmagyna görä diýsene senem.

"...genine meňzeş bir geni mutasiýa etmek arkaly gurçugyň ömrüni UZALDYP bolýandygyny görkezdiler."
(ölmeýänçi diýmediläý)
Aksary
23 июн 2022, 20:54
Hiayress,
Birwagtlar adamlar diňe guşlar uçup bilýär adama bu mümkin däl. Sebäp adam ýaradylanda uçma ukyply däl diýip düşünipdirler. Ol ynanja näme boldy indi?!

Adamlar şu wagtam uçup bilenoklar ,bilmezlerem. O samalýot wertalýot bar'a diýäýme.ony onuñ özi ýasap üstüne münüp uçandyr.arkasyndan ganat çykaryp uçup ýören adam görmedim.
Maksat
23 июн 2022, 20:56
Aksary,
Ylymda haýsy bir teoriýanyň bellibir düýbüni tutujy kişi bolupdyr?! Teoriýa diýilen zat sündürilip, çekilip-çekilip has tapawutly çaklama öwrülýär, we hemme zadyň başy teoriýa. We şu wagtlar ölmezlik barada işleýän edaranyň eýesi we bilim adamy bolan Dmitriý Itskow, 2040-njy ýyla çenli beýindäki huşy, ýa-da ruhy kompýutere geçirmek üçin işleýärler. Ýa-da "Cryonics" döreden Robert Ettinger.
Maksat
23 июн 2022, 20:57
Aksary,
Arkasyndan ganat çykaryp uçýan adammy?! :d
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:08
Aksary,
Maksat uçmakmy ýada ganat?!
Aksary
23 июн 2022, 21:24
Hiayress,
Maksat ucmak bolsada .adam ucmady
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:25
Aksary,
Uçmak diýip sen nämä düşünýäň?!
feride
23 июн 2022, 21:35
Ýaradanam ýatlaweriñ arasynda
Aksary
23 июн 2022, 21:36
Hiayress,
ucmak diyip nämä düşünýäñ :)))

Guş uçdy
Tomzak uçdy
Hawa seniñ ol aýtýanyñam dogry ýöne sen dogry düşün.adam uçmaýar.haýsydyr bir tehnikañ hasabyna uçmak,bu düýbinden başga tema degişli.başga temañ mazgisine degmede öz ýazanlañ esasynda aýtsana
#B.S
23 июн 2022, 21:36
feride
Ýaradanam ýatlaweriñ arasynda

Ýaradany ýatlaýanlar ýok butaýda...
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:38
Aksary,
Sen elementarnyý soraga jogap ber, uçmak näme?!
#B.S
23 июн 2022, 21:38
Keaip_begcon
Aksary,
Arkasyndan ganat çykaryp uçýan adammy?! :d

Howwa pylan jandaryň genini çakyşdyrmak arkaly alban transjandarjyk. ;)
#B.S
23 июн 2022, 21:39
Hiayress
Aksary,
Sen elementarnyý soraga jogap ber, uçmak näme?!

Howadany iteklemek ;)))
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:39
Aksary,
"Guş uçdy
Tomzak uçdy"

Şularyň yzyna adam aýa uçdy, adam dünýäni uçup 80 günüň içinde aýlandy ýaly sözlerem arkaýyn goşup bilersiň.
#B.S
23 июн 2022, 21:40
*Howany
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:40
Khanture,
Näçe kapyr öldürdiň?!
#B.S
23 июн 2022, 21:41
Hiayress
Aksary,
"Guş uçdy
Tomzak uçdy"

Şularyň yzyna adam aýa uçdy, adam dünýäni uçup 80 günüň içinde aýlandy ýaly sözlerem arkaýyn goşup bilersiň.

Birinja aldaw ikinjem jyul wernin ylmy fantastikasy ;))
Hiayress
Автор 23 июн 2022, 21:41
feride
Ýaradanam ýatlaweriñ arasynda


Ýaradany düýn @Khanture ýatlady. "Haram aýlarda kapyrlary görseňiz öldüriň" diýip. :D
#B.S
23 июн 2022, 21:42
Hiayress
Khanture,
Näçe kapyr öldürdiň?!

Birinji seni öldürjek elime düşseň sowesh
Aksary
23 июн 2022, 21:45
Hiayress,
Sen adamyñ haçan uçanyny ilki aýt.(ýöne tehnika bn däldir)men uçmagyñ nämedigni aýdaýyn