Ilaty 60 ýyl soñ azaldy (2022 de)

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň ilaty altmyş ýyldan soň ilkinji gezek azaldy. Hytaýyň Milli statistika edarasy 2022-nji ýylyň ahyryndaky maglumata görä, ilatyň 850 müň azalandygyny habar berdi.

Şoňa laýyklykda ýurduň ilaty 1 milliard 411 milliona çenli azaldy. 2021-nji ýylda tebigy köpeliş derejesi müňe 7.52 bolsa-da, bu dereje 2022-nji ýylda 6,77-e çenli azaldy.

Bilermenler Hytaýyň ilatynyň 2050-nji ýyla çenli 109 million adam azaljakdygyna ynanýarlar.

Ýa­kyn gel­jek­de Hin­dis­ta­nyň Hy­taý­dan oz­du­ryp, dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu iki Azi­ýa ýur­du­nyň ila­ty dün­ýä ila­ty­nyň üç­den bi­rin­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Hin­dis­ta­nyň ila­ty 1947-nji ýyl­dan bä­ri mil­li­ar­dan gow­rak kö­pe­lip­dir. Bi­ler­men­ler ar­ty­şyň ýe­ne 40 ýyl do­wam et­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýurt­da ýa­şaý­jy­la­ryň gir­de­ji­si­niň art­ma­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­li­me el­ýe­ter­li­li­giň gow­lan­ma­gy ila­tyň art­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bi­ler­men­ler gel­jek ýy­lyň ap­re­lin­de Hin­dis­ta­nyň dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar.
3 лайков 105 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.