Azaldy

Sowaşypdyr gyzgyn mähir ýüzlerden,
Herne çyn ýürekden gülýän azaldy,
Hemaýat agtaryp özge ýerlerden,
Ýagşynyñ gadyryn bilýän azaldy.

Parhy näme algynnymy ýa petir,
Saçagyñda dursa bereket get:ir,
Şahyr-a kän, emma welin dört setir,
Manysyn añşyryp düzýän azaldy.

Käbir ynsanlara agyrýar nebsim,
Ynsan Alladan soñ enä baş egsin,
Herýana çarpynyp atygsan nebsin,
Ynsap eleginde süzýän azaldy.

Dilleri on sere, burny ker sere,
Bilseñ ekin bitmez, ekseñ şor ýere,
Toba etmän, arzyñ ýeter kimlere,
,,Şuña şükür" diýip gezýän azaldy.

Ýaýna şahyr, geçer gider üç mysgal,
Bilýäñ ahyr, ömür gysga, gün gysga,
Şunça ýazanlaryñ bolmady ryswa,
Şükür aýagyñdan ilýän azaldy...

Awtory: Baýram Bejidow
2 лайков 98 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
26 янв 2023, 11:51
Baýram Bejidow gowy ýazýar. Halky dilde döredýär goşgylaryny.
ýüreksözi
Автор 26 янв 2023, 12:00
Yusupahmet93,
Howa menem gowy goryaz son gosgylaryny dusnikli yazya gosgylarynyn kopisini goni manyda yazya