Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, Bigünä söýgüden ar alanynda…

Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap,
Ýene göz öňümde janlandy şol gün.
Neçün, henizlerem bilip bilemok—
Şol gün juda-juda göründiň solgun.

Durnalaň toýnugna dikip nazaryň,
Sypalap durşuňa güýzüň güllerin.
Bir zat diýmekçidiň,
başarmadyň sen,
Eda bilen gozgansa-da lebleriň.

Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi,
Seň ahmyrly gözleriňden okadym.
Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden,
Goýup söýgimiziň soňky nokadyn.

Haýran bolup galdym salgymyň bilen,
Şo-ol äpet agajyň aralygynda.
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal,
Bigünä söýgüden ar alanynda…
2 лайков 97 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
26 янв 2023, 18:23
Yuregim awady birhilije
Aksary
26 янв 2023, 18:29
Awtory?
ýüreksözi
Автор 26 янв 2023, 20:14
Aksary.,
Yadyma dusenok zametkada galan gosgy
Pegas
27 янв 2023, 00:30
Aksary.
Awtory?

Kakamyrat Rejebow.