ILKINJI SÖÝGÜDEN DÜŞEÑDE JYDA

Ýaz damjasy gözýaş bolup görüner,
Gülälek baş atyp, zaryn yranar.
Bu giñ jahan gara bulda bürener,
Ilkinji söýgüden düşeñde jyda.

Adam kändir, taý tapmarsyñ özüñe,
Göwnüñ ýetmez ýöreýşine, sözüne,
Kä oturyp-turşy ýekdir gözüñe,
Ilkinji söýgüden düşeñde jyda.

Şahyr dälsiñ, ýara goşgy düzersiñ,
Kagyza däl, ýüregiñe ýazarsyñ,
Ömürboýy mähir küýsäp gezersiñ,
Ilkinji söýgüden düşeñde jyda.

1978 ý.

Ogulsenem TAÑÑYÝEWA.
3 лайков 262 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
26 фев 2023, 18:44
Sadadan düşnükli ýazylan goşgy
Yusupahmet93
26 фев 2023, 18:47
Yone,, Ilkinji soygiden duşeñde jyda" dal-de, ,, Ilkinji soygiñden jyda duşeñde" bolanda shyjyr has akgynly, aydym gornuşunde bolayjak eken.
Sahedowa
15 окт 2023, 10:48
Kitaphanada Ogulsenem Tannyyewanyn Bagtym hem yyldyzym diyen kitabyny goydym gyzykly gosgyn temasyndan yazylan